Her bir adam üstünlik gazanmagy arzuw edýär, bu adamzadyň gelip çykyşy we her bir adam üstünlik gazanmak üçin öz ýoly seçip alýar. Kimdir biri öz arzuwyna ýetmek üçin maksadaokgunly hereket edýär we kiçilikden başlap şol ugurdan taýynlyk görüp başlaýar. Kimdir biri bolsa ykbala tabşyrýar we şowluga garaşýar. Emma adam haýsy ýoly saýlandygyna garamazdan, islendik bir zat ýöne ýerden bolmaýar. Ynsan diňe zähmet çekip we şol bir wagtda jemgyýetde kabul edilen düzgün kadalary berjaý edip (şol kadalara däp-dessurlar, medeniýet we kanunlar girýär), maksadyna ýetip biler. Maksada ýetmek üçin iň bir wajyp faktorlaryň biri bilimdir. Bilimi bolsa dürli ýollar bilen alyp bolýar. Olaryň biri – mekdepde gowy okap, soňra öz ýurduňda ýerleşýän ýokary okuw jaýyna okuwa girmek. Döwlet her bir talybyň ukybyna göra, öňä tälimçilik berýär; soňra her bir talyp okuw ukyplaryna görä öz Watanyna gerekli bolan hünäre eýe bolýar. Hökümet tarapyndan gönükdirilme alyp, daşary ýurtda ýokary bilim almak mümkinçiligi hem bar. Bu ýagdaýda diplomlar ministrlik tarapyndan hiç-hili meselesiz tassyklanýar we alnan hünär gereklidigine göz ýetirip bolýar. Ýollaryň ýene-de biri ynamsyz bolan, “ýokary derejeli hünärmenleri” taýýarlaýan ýokary okuw jaýlary. Adatça şular ýaly ýokary okuw jaýlaryň maksady hünärmen taýýarlamak däl-de, biznes we pul gazanmakdyr. Şu okuw jaýlara okuwa ýerleşdirýän adamlar ýaşlaryň zähmet çekmän, kynçylyk görmän, aňsat ýol bilen diplom almak isleginden peýdalanýarlar, emma olaryň okuwa töleýän pulunyň biderek harçlanýandygyndan habary ýok, ýagny olara söz berlen derejeli hünärmen okuwy geçilmeýär we olaryň näbelli ýokary okuw jaýyndan alan diplomy tassyklanmaýar. Şol sebäpli ýaşlaryň öz maksadyna ýetmek we abraý gazanyp ýaşamak arzuwlary amala aşyrylmaýar. Gynansak-da, adamlar durmuşda garaşylmadyk, käwagt hat-da howply ýagdaýlara duçar bolýar. Muňa mysal hökmünde köpsanly aýratyn hökümete degişli bolmadyk guramalary getirip bolýar. Şu guramalar tutuş dünýäni möý kerep ýaly gurşaw aldylar we entäk akly goýalyşmadyk ýaş nesli öz goýup çykan torlaryna tutjak bolýarlar. Bu guramalar ýaşlara öz hasabyna “ýagty gelejegi” üpjün etmäge söz berýärler. Zehinli ýaşlaryň we ata-Watanyň gyzyklanmalaryny göz öňünde tutman, şu guramalar dürli hünärler boýunça daşary ýurda okuw okamak üçin her hili grantlar hödürleýärler. Näme üçindir şeýle grantlara eýe bolan talyplaryň ene-atalary grantlaryň nireden gelýändigi we olara pul serişdeler nädip geýändigi, näme üçin daşary ýurt talyplaryň okuwy babatda alada edilýändigi, olaryň niýetiniň nämedigi, şeýle uly möçberli pul serişdelerini kim berýändigi, öz ýurdunda birnäçe meseleler bar wagty näme üçin daşary ýurt raýatlaryny okadýandygy, olaryň asyl niýeti nämedigi barada gyzyklanmaýarlar. Özge ýurtda ýaşlara nämeler garaşýar? Olar öz ýurdunyň däbinden, dessurlaryndan, medeniýetinden tapawutly bolan medeniýeti nädip kabul etmeli we oňa nädip öwrenişmeli? Ilki bilen şeýle guramalar başlangyç tapgyrynda ýaşlara dil öвretmek maksady bilen maşgalada ýaşamak üçin iberýärler. Şeýle talyplar daşary ýurtly maşgala ýerleşdirilenden soňra köplenç özüni gorap bilmeýän we dürli gödek garaýyşa duçar bolýarlar. Hemme kime mälim bolşy ýaly, ekсtremizиm-dini guramalar ýaşlary öz hatarlaryna dürli sözler bilen aldap goşulmagyna ynandyrýarlar. Soňra bolsa şeýle ýaramaz guramalara düşen ýaşlar her hili heläkçiliklerde ýa-da öz ýurdunyň halkyna garşy göreşýän uruşlarda wepat bolýarlar. Şeýle guramalaryň nähili hereket edýändigi hemmä mälim bolanyna garamazdan, hem ene-atalaryň, hem hökümet edaralaryň giç çäre görýändigine düşünmek bolar. Näme üçin şu ýagdaýyň öňi tutulmaýandygy we jemgyýetde zerur bolan çäreleriň görülmeýändigi häzirki wagtda aýdyň mesele bolup dur. Bu babatda döwlet howpsuzlyk edaralar bolsa öz gezeginde her bir raýady aýratynlykda we tutuş jemgyýeti bilelikde goramaga borçludyr.