Berkarar döwletimizde amala aşyrylýan milli ykdysadyýetimizdäki uly ösüşler, özgertmeler ýurdumyzy dünýäniň çalt ösýän ýurtlarynyň hataryna goşdy. Ýurt ýolbaşçymyzyň durmuşa geçirýän adyl syýasaty öz eziz halkynyň eşretli durmuşda ýaşamagyna, il-gününiň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga, medeniýetini ösdürmäge gönükdirilendir. Gözel Diýarymyzda durmuşa geçirilýän ajaýyp işler, gurlup ulanylmaga berilýän ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary muňa aýdyň güwä geçýär. Gojaman Köpetdagy etekläp oturan Abadan etraby bagtyýarlyk döwrüniň nury hasaplanylýan gözel Aşgabat şäheriniň günbatarynda ýerleşip, gün-günden gözel keşbe girýär. “Adam eli gyzyl gül” diýilşi ýaly, öz işine ökde, ezber gurluşykçylarymyzyň bu etrapda guran ähli amatlyklary bolan, elýeterli bahaly täze dört gatly binalary eşretli durmuşyň hözürini görýän bagtyýar raýatlaryň alkyşyna mynasyp boldy. Şanly 2017-nji ýyly ýüzüne sylan Abadan etrabynyň ýaşaýjylaryna golaýda iki sany ýaşaýyş jaýlarynyň paýlanyp berilmegi şatlykly möhüm waka boldy. Sagdynlyk we ruhubelentlik ýylynda bagtyýar döwrüniň bagtly zamanasynyň eşretini görüp ýaşamak ildeşlerimize nesip etsin!

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir