Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan döwletimizde internet we telekommunikasiýalar ulgamyny toplumlaýyn ösdürmäge, döwrebaplaşdyrmaga hem-de kämilleşdirmäge uly üns berilýär. Ýurdumyzyň häzirki hereket edýän optiki-süýmli kabel geçirijisiniň göwrümini giňeltmek, internet akymynyň tizligini artdyrmak, optiki-magistral aragatnaşyk ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we telekommunikasiýalaryň döwrebap tehnologiýalaryň her bir adam üçin elýeterli bolmagy şerleriň döredilmegi hem-de onuň çalt ösdürilmegi babatynda uly işler barylýar. Uly şäher ýa-da şäherçe bolsun tapawudy ýok, onda ýaşaýan raýatlarymyzyň öýlerinden çykyp, öz töwereginde oňaýly, owadan gurşawy görmekligi we medeni isleglerini kanagatlandyrmak üçin zerur şertler döredilmelidir. Emma, gynansakda gözel paýtagtymyzyň binagärlik keşbine laýyk gelmeýän käbir ýagdaýlaryň bardygyny, ýagny şäherimizde öňki döwürlerde gurlan köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň her biriniň üçeklerinde tarelka şekilli telewizion antennalarynyň onlarçasynyň goýulmagynyň telekommunikasiýalar ulgamyny toplumlaýyn ösdürmäge, injenerçilik-kommunikasiýa ulgamyny kämilleşdirmeklige belli bir derejede päsgelçilikleri döredýändigini bellemek bolar. Bütin dünýäde tehnikanyň, tehnologiýalaryň ösmegi we täze innowasiýalaryň ornaşdyrylmagy bilen aragatnaşyk ulgamlarynyň mümkinçilikleri has-da artýan döwründe jaýlaryň üçeklerinde tarelka şekilli telewizion antennalaryň gözeilginç edilip goýulmagynyň gözel şäherimiziň binagärlik keşbini görkden gaçyrýandygyny hakykatyň hatyrasyna bellemek bolar. Şonuň üçin hem biz, öňki döwürlerde gurlan köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň üçeklerinde tarelka şekilli telewizion antennalary goýmak ýaly köne usullaryň ulanylmagynyň häzirki zaman talaplaryna laýyk däldigine we onuň täze tehnologiýalar esasynda döwrebaplaşdyrmaga degişlidigine öz raýatlyk borjumyz bilen dogry düşünmelidiris. Paýtagtymyzda soňky ýyllarda gurlan, ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýlarynda teleýaýlymlaryň kabel aragatnaşygynyň ýa-da «IP» telefon ulgamynyň üsti bilen berilmegi döwrebap we amatly usullaryň biridir. Şonuň üçin hem köne ýaşaýyş jaýlarynyň üçeklerindäki tarelka şekilli telewizion antennalaryň aýrylyp, bu ýaşaýyş jaýlarynda hem teleýaýlymlaryň kabel aragatnaşygynyň ýa-da «IP» telefon ulgamynyň üsti bilen berilmegi ýola goýulsa, munuň özi raýatlarymyzyň medeniýetli dynç almagy üçin edilýän aladalaryň ýene biri bolar.