uzak we süýji ukuda ýatýanlar we özlerini fitnes bilen kösemeýänlar, professional sportsmenlerden az keselleýärler diýip alymlar aýdýarlar. soňky döwürde sagdyn durmuşa bolan moda, meşhurlygyň ähli rekordlaryny alýar. adamlar özleriniň bilýän her-dürli maşklary we berhizlikleri barada pikir alyşýarlar, kimiň günde näçe kilometr ylgap ýol geçendiklerini biri-birlerine gürrüň berýärler. sportzallarda semizligiň öňüni alýarlar, garynlarynyň kiçelendigine begenýärler. ýöne beýleki tarapdan, alymlar, uly sportyň saglyk üçin howplydygyny nygtaýarlar. iň bolmanda ýönekeý fitnes bilen artyk meşgullanmagyň özi hem saglygyňa ep-esli zyýany bar eken. bu barada sport lukmançylygy ulgamynyň hünärmenleri peter akst we mihael akst (germaniýa), alymlaryň köp sanly ylymy işlerini öwrenip, şeýle netijä geldiler we şol temadan ylymy iş ýazdylar. olaryň bu işli, daň bilen turmak we ysgyndan düşýänçäň ylgamak, biziň uzak ýaşamagyňyza getirmeýändiginiň subutnamasy bolup çykyş edýär. doganlar akstlar öz kitaplaryny temasyna laýyk atlandyrypdyrlar: “ýaltalar uzak ýaşaýarlar”. ylgaw bilen infarkta tarap gadam bolýarda onda... awtorlar, uly sport saglygyňdan jyda düşürýär diýen netijä geldiler: marafona ylgaýanlar infarktdan, ýürek durmadan, gan damarlarynyň ýarylmalaryndan ölýärler. hepdede 6-7 sagat wagtyny sütüniňi süýndirýän türgenleşiklere sarp edýän adamlar, onkologiýa howplulyk zolagyna düşýärler. şol ugurdan ylymy barlag işlerini geçiren alymlar, ýüz müň adamyň saglyk ýagdaýyny deňeşdirip, bizden ýiti berdaşlylygy talap edýän sport, çişleriň we beýleki keselleriň döremegine sebäp bolup biler diýip aýdýarlar. olar bu babatda mysal hem getirýärler – britan patyşa aýaly ylgawyň nämedigini bilmän ýüz ýaşady, çerçil bolsa “hiç-hili sport” diýen şygary özüne ýörelge edinip 91 ýaşady. asla-da, säher bilen turjak hem bolman, 8-9 sagat ýatýanlar, öz-özlerini mejbur edip, ýylyjak ýorgandan çykyp ylgaýanlardan has sagdyn görünýärler. sport – diňe adamyň mümkinçiliginiň görkezijisidir. ýöne ýokarda agzalanlary göz öňüne tutup, keýpine ýalta bolarys-da, ýüz ýaşarys diýip pikir etmeli hem däl. munyň özi ýalňyşlyk bolsa gerek diýip, biz öz ekspertimizden, professor, lukmançylyk ylymynyň doktory, bütin ömrüni kesekiniň endam agyrysyny dogry hereketler bilen bejeren lukman-kiniziterapewt sergeý bubnowskiden soradyk: “dogrudan hem uly sport we saglyk diýilen düşünjeler sinonimler däldir. olimpiýa rekordlary – bular adamyň mümkinçiliginiň görkezijisi bolup durýar, üstesine-de görkezijileriň iň ýokarysydyr, iň soňkysydyr. adat bolşuna görä, tälimçiler, çempion taýynlanlarda, türgeniň organizmden ähli güýçleri, ätiýaçlary çekip çykarýarlar. şonuň üçin, haçan-da sportsmenler uly sportdan gidenlerinde kem-kemden lagşap başlaýanlary geň däldir. mysal üçin, futboldan we hokgeýden soň – sustawlaryň we mysşalaryň agyrysy, köp sanly rewmatoid artridler we artrozlar peýda bolup başlaýar, boksdan soň bolsa – insultlar we alsgeýmeriň keselleri, näme-de bolsa biziň kellämiz beýle güýçli urgular üçin niýetlenen däldir. diňe uly tennisi azda kände saglyga peýdaly diýip hasap etse bolar. şonda-da, ýasydabanlylyk we skolioz keselleri peýda bolmaz ýaly seresap bolmaly. şonuň bilen bilelikde, diwanda gyşaryp, hiç zat etmän, ýatan ýeriňde, sagdyn, ýüz ýaşa ýetip bolar diýip bolmaz. endamyňa agram bermek hökman gerek, ýöne çenini bilmeli. adamyň öz endamyna berilýän agramlary ýürege düşýän borç bolmaly däl, tersine, meşgullanýan pişesi oňa ýaramaly, ony begendirmeli. şonda elmydama saglygyň bolarys. adamyň endamyna berilýän agramlyklar biziň myşsamyza-da, sustawymyza-da, ýüregimize-de zerurdyr. ýöne özüňi surnukdyrmaly däl, ýadamajak bolmaly. türgenleşik geçýän, özüne seredýän görmegeý adam – munuň özi ajapdyr! ýogsa-da, sagdyn bolmak üçin näçeräk hereket etmeli-kä? kitabyň eýeleri alymlaryň getiren mysallaryndan netije çykaryp, biziň näçe hereket etmelidigimiz barada-da ýazypdyrlar: + hepdede üç-dört gezek, ýarym sagatlyk çalt ädimli ýöriýiş: + hepdede üç gezek 10-15 minutlyk her-dürli maşklar: + peripatetik meditasiýasy – arasynda endamy gowşadyp, utgaşyp gidýän dogumly hereketleriň toplumy. ýöne bularyň barysy ýeterlik däl diýip, lukman bubnowskiý hasap edýär. ýürege we damarlara gerek bolan kislorody almak we sagdyn bolmak üçin, günde azyndan 40 minut ýöremek gerek. şeýle-de, hepdede üç-dört gezek ylgamagyň, tigir sürmegiň, suwda ýüzmegiň, ýeňil we güýçli maşklar bilen utgaşmagyny ýerine ýetirmeli. uly güýçleri talap edýän türgenleşikleriň hut özi, myşsalaryň göwrümini saklamaga kömek edýändir. sagdyn myşsalar bolsa – sagdyn sustawlardyr. terjime eden kakamyrat geldiýew.

Köneler, rejepguwaja tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir