Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi tarapyndan türkmen döwletiniň paýtagtyna Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmäge hukuk berlen gününden bäri ýurdumyzda geçiriljek ilkinji Aziada ýyl sanap garaşan bolsak, indi gün sanaýarys. Diýmek, oýunlar bosagada! Nesip bolsa, ýene-de sanlyja aýdan Aşgabat dünýäniň 60-dan gowrak döwletinden geljek myhmanlary kabul edip başlar. Garaşsyzlygymyzyň 26-njy güýzüniň 17-nji gününde bolsa Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny Merkezi Aziýada ilkinji bolup kabul eden Aşgabat taryhymyza altyn harplar bilen ýazyljak sport baýramçylygyna badalga berer. Aziada - 2017-niň dabaraly açyljak gününi hyýalyňda janlandyrmagam ýakymly. Oňa şaýat bolmagyň ýakymyny dagy ýazybam düşündirip bolmasa gerek. Nesip bolsa, türkmen döwletiniň paýtagtynda geçiriljek Aziada dünýäniň sport taryhynda mynasyp ornuny tapar, uzak ýyllaryň dowamynda hakydalarda ýaşar. Aziýa, belki-de dünýä rekordlaryna-da şaýat bolup bileris. Ýöne biz şu ýazgylar arkaly başga bir zada ünsi çekmek isleýäris. Mundan ozal geçirilen Aziadalaryň, ýa-da has ulurak gerimde alsak, Olimpiadalaryň her biri bir aýratynlyk bilen hakydalarda galdy. Ol ýaryşlaryň umumy bir ady bar bolsa-da, Rio - 2016 bütindünýä Olimpiadasy bilen mundan iki ýyl ozal Russiýada, dört ýyl ozal Angliýada geçirilen Olimpiadalary biri-birinden parhlandyrmak üçin sebäbem, aýratynlygam kän. Nesip bolsa, şeýle aýratynlyklar Aşgabat Aziadasyna hem mahsus bolar. Iri sport baýramçylyklarynyň gysgaça ady, köplenç, olaryň geçirilen şäheri bilen baglanyşdyrylýar. Mysal üçin, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça IV Aziýa oýunlary «Inçhon - 2013», I Ýewropa oýunlary «Baku - 2015», XXXI Tomusky Olimpiýa oýunlary «Rio - 2016» we ş.m. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary bolsa dünýä jemgyýetçiliginde, gysgaça, «Aşgabat - 2017» ady bilen tanalar. Diýmek, Aşgabadyň ady sportuň, sagdynlygyň hem-de dostlugyň şäheri hökmünde ýene bir gezek dünýä dolar. Eger-de taryhy müňýyllyklara uzaýan türkmen halky şunça uzyn ýoldan millet hökmündäki birligini, adyny ýitirmän gelen bolsa, munuň esasy sebäpleriniň biri halkymyzyň öz milliliklerini gözüniň göreji ýaly aýap, gorap bilenligindedir. Şeýle bolansoň, milli gymmatlyklarymyz Aşgabat - 2017 Aziýa oýunlarynyň süňňüne näme üçin siňmesin?! Oýunlaryň nyşanyny synlaň! Merkezinde gamyşgulak bedewimiz ýerleşdirilen nyşanda taryhy maglumatlarda «Oguz hanyň ýyldyzy» diýlen sekizburç ýyldyzlara hem gözüň düşýär. Geçmişde gurlan Türkmen döwletleriniň hem, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň döwlet Baýdagynda hem mynasyp ornuny tapan ýarym Aý bolsa Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň (AOG-nyň) nyşanyndan alnan gyrmyzy Günüň şekili bilen özboluşly sazlaşygy emele getiripdir. Sebitde iň uly stadionlaryň biri boljak Olimpiýa stadiony hut türkmen binagärligine mahsus keşbe eýe bolar. Gurluşygy tamamlaýjy tapgyrlarda alnyp barylýan stadionyň bir tarapynyň bedewiň keşbinde gurulmagy diňe bir desganyň däl, eýsem, Aşgabat - 2017-niň ähli ýaryşlarynyň esasy aýratynlyklarynyň birine öwrüler. Olimpiýa maksatly bu desgada birnäçe görnüşler boýunça ýaryşlary geçirmek hem meýilleşdirilýär. Milli mirasymyzyň parçalary, käbir aýratynlyklary oýunlaryň ýörite taýýarlanan we tassyklanan şekillerinde hem beýanyny tapýar. Bu gün bu şekiller Aşgabat - 2017 üçin taýýarlanylýan sport lybaslarynda, şäheriň görnükli ýerlerinde, ulaglarda, dürli okuw esbaplarynyň bezeginde, sowgatlyk önümlerde we beýleki ýerlerde yklymyň sport baýramynyň buşlukçysyna öwrülip, mynasyp ornuny tapdy. Ýeri gelende, oýunlaryň sport maksatnamasyna türkmen milli göreşiniň girizilendigini hem ýatlalyň. Milli göreşimiz boýunça iki gezek dünýä, bir gezek Aziýa çempionaty geçirildi. Diýmek, milli sportumyzy dünýä çykarmakda ilkinji ädimler ädildi. Aşgabat - 2017 Aziýa oýunlary bolsa şol ädimleriň gerimini has giňelder. Şu ýerde bir ýakymly hakykaty okyjylar bilen paýlaşmak isleýäris. Geçen ýylyň tomsunda Aşgabatda geçirilen Aziýa çempionatynda daşary ýurtly pälwanlaryň birnäçesiniň türkmen milli göreşi boýunça medallara mynasyp bolandygyna şaýat bolduk. Bu - şol sport görnüşiniň Ýer ýüzünde meşhurlygy artyp başlanda şeýle bolýar. Diýmek, dünýä döwletleriniň türgenleri türkmen milli göreşini içgin öwrenýärler, emellerini özleşdirýärler. Onsoň, geljekde, halkymyzy äleme tanadan gymmatlyklarymyzyň hataryna milli göreşimiz näme üçin goşulmasyn?! Oýunlaryň açylyş dabarasyna alawy alyp geljek ýörişe 500 gün öňünden badalga berildi. Özi-de bu ýörüş, sport dünýäsinde geçirilen beýleki ýörişlerden tapawutlylykda, behişdi bedewler bilen bilelikde dowam edýär. Gollarynda ýaşyl Tugumyzy, AOG-nyň baýdagyny we oýunlarynyň nyşanyny tutup barýan 17 atlynyň Aziada - 2017-ä sary barýan 500 günlük ýoly ýurdumyzyň taryhy we medeni ýadygärlikleriniň, ösen we özgeren şäherleriň, obalaryň üstünden düşýär. Diýmek, Aşgabat Aziadasy geçmişe ýene bir ýola tagzym etmekden, bagtyýar şu günümiziň gadyr-gymmatyny artdyrmakdan hem-de geljek üçin beýik Watany miras galdyrmakdan badalga alýar. Atly ýörişe gatnaşyjylaryň her düşlän ýeriniň taryhy waka, uly toýa, şatlyk-şagalaňa beslenýändigi hemmelere mälimdir. Şeýle bolansoň, gadymy mekanlar asyrlarboýy ýaşajak şöhratly taryhy neneň ýazmalydygy barada sapak berýär. Biziň ýokarda getiren mysallarymyz Aşgabat - 2017-niň milli gymmatlyklarymyz bilen baglanyşygyndan söz açýan delilleriň diňe käbiri. Olaryň sany gün geçdigiçe köpeler. Oýunlaryň açylyş dabarasynda şöhratly geçmişimiz, şu günümiz we röwşen geljegimiz ýene bir ýola bir sapaga düzülip, türkmen halkynyň Ýer ýüzündäki şan-şöhratyny has belende göterer. Halkymyzyň pederlerimizden gelýän mertlik-merdanalyk ýoly ýaryşyň bütin dowamynda türgenlerimize goldaw berer, ýeňişlere ýol arçar! Baýram Muhammedow