Türkmenistan Döwletimizde azyk bolçulygyny döretmek we raýatlarymyzy zerur bolan azyk önümleri bilen elýeter bahalardan üpjün etmek, şeýle hem ýurdumyza daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri ýurdumyzda öndürmek hem-de ýurdumyzda öndürilýän önümleriň beýleki döwletlere iberilýän möçberlerini artdyrmak barada uly işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň içerki bazarlary özümizde öndürilen we daşary ýurtlardan getirilýän harytlardan pes bolmadyk ýokary hilli azyk önümleri bilen doly üpjün edildi. Ýaňy-ýakynda ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek babatda döwlet syýasatyny esasy ugurlaryny kesgitleýän Türkmenistanyň «Azyk howpsuzlygy hakynda» kanunynyň kabul edilmegi hem muňa şaýatlyk edýär. Şoňa laýyklykda hem häzirki wagtda ygtyýarlandyrylan döwlet edaralary we ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary tarapyndan täze ýyl baýramçylygynyň garşy alynýan günlerinde ilatymyzy elýeter bahadan we ýeterlik derejede oba hojalyk, balyk önümleri we beýleki azyk önümleri bilen bökdençsiz üpjün etmek barada uly işler alnyp baryldy. Geçirilýän bu ynsanperwer çäreleriň netijesinde bolsa ýurdumyzyň azyk önümleri dükanlarynda, bazarlarynda we beýleki söwda nokatlarynda ilatymyza zerur bolan azyk önümleriniň bolçulygy döredildi we munuň özi raýatlarymyzyň azyk önümlerine bolan baýramçylyk isleglerini kanagatlandyrmaga doly mümkinçilik berdi.