Bütin dünýäde ykdysady ýagdaýyň çylşyrymlaşýan döwründe Türkmenistan Watanymyzda içerki önümiň ösüş depgininiň her ýylda ýokary derejede saklanylmagy, munuň özi eziz Diýarymyzyň ykdysadyýetiniň kuwwatlydygynyň, durnuklydygynyň aýdyň subutnamasydyr we zähmet haklarynyň, döwlet pensiýalarynyň, talyp haklarynyň we döwlet kömek pullarynyň her ýylda azyndan 10 göterim ýokarlandyrmagy bolsa, Milli Liderimiz tarapyndan raýatlarymyzyň abadan, bagtyýar we bolçulykda ýaşamagy barada edilýän tükeniksiz aladalaryň biridir. Garaşsyz we Baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň bagtyýar raýatlary Mirasy goramak we Watany özgertmek ýyly diýlip yglan edilen 2016-njy ýyly ajaýyp zähmet üstünlikleri bilen jemläp, ýetip gelýän täze 2017-nji ýyly uly baýramçylyk, belent ruhubelentlilik we türkmen toýuna mahsus şertlerde uly şatlyk bilen mynasyp garşy almaklyga uly taýýarlyk görýärler. Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň noýabr aýynda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde täze ýylyň ýetip gelmegi bilen eýeçiligiň görnüşine garamazdan, ähli edara-kärhanalarda, guramalarda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň şu ýylyň 20-nji dekabryna çenli doly berilmegi baradaky tabşyrygy halkymyz tarapyndan uly şatlyk-şowhun bilen garşy alyndy. Milli Liderimiziň mähriban raýatlarymyzyň abadan, bagtyýar we bolçulykda ýaşamagy barada edýän tükeniksiz aladalarynyň çäginde täze ýylyň öň ýanynda şeýle ynsanperwer çäräniň amala aşyrylmagy bolsa her bir türkmen öýünde täze 2017-nji ýyly uly baýramçylyk, ýokary ruhubelentlilik bilen şadyýan garşy almaga uly mümkinçilikleri döreder.