«Aýazbaba uzakda ýaşanok. Ol — biziň goňşymyz. Onuň äýnegi, garalyp duran sakgal-murty edil goňşymyz Haýyt kakanyň özi-dä. Ol hut şonuň özüdir...». * * * «Aýdyşlaryna görä, Aýazbaba garly daglaryň çürbaşynda ýaşaýarmyş. Şol garly daglary tapyp bolsady. Onda men bir gijede Aýazbabanyň ähli sowgatlaryny alyp gaýdardym». * * * «Aýazbabanyň nirede ýaşaýanyny bilýän barmy?! Megerem, hiç kimem bilýän däldir. Ol şonuň üçinem Aýazbaba-da...». * * * «Aýazbaba asmanda ýaşaýar. Her ýylyň 1-nji ýanwary — onuň doglan güni. Ol her gezek doglan gününde ýerdäki akylly, tertipli çagalara sowgat paýlap çykýarmyş. Ol bu gezek maha-da sowgat taýýarlandyr...». * * * «Aýazbabanyň nirede ýaşaýanyny bilemok. Yöne onuň bir ýerlerde bardygyna ynanýaryn. Bu görýän Aýazbabalarymyz bolsa onuň özi-däl-de, oňa meňzeş Aýazbabalar...». * * * «Men Aýazbabanyň süýj--köke satylýan dükanda ýaşaýandygyny bilýärin. Yogsam, munça sowgatlary ol nireden alsyn?!». * * * «Aýazbaba biziň öýümizde ýaşaýan bolaýmasa. Sebäbi ol goňşy otaga girýär-de, birden gaýyp bolaýýar. Men her gezek kakama Aýazbabany görkezjek bolýaryn weli, kakamyň bar wagty Aýazbaba gelenok. Aýazbaba gelen wagty bolsa kakamy tapamok. Ol bir ýerlere zym uçan ýaly bolýar. Men kakama Aýazbabany nädip görkezsemkäm?!».

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir