Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň döredileninden bäri ýigrimi iki ýyl wagt geçdi. Ine şu wagtyň dowamynda çeperçilik akademiýasynyň uçurymlary eýýäm mugallym hökmünde we tanymal suratkeşler hökmünde ýurdyň sungat älemine girişdiler. Çeperçilik akademiýanyň içinde dörän çeperçilik bäsleşikleriň hem-de sergileriň däpleri, halypalar we şägirtler arasyndaky sala-salyşyk däpleri, sergileriň netijesinde gurnalýan jedelli maslahatlar akademiýanyň döredijilik durmuşyny özgertdi. 2009-2016-njy ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda geljekki ýaş suratkeşleri terbiýelemek üçin täze döredijilik şertler döredildi. Bu ýyllaryň içinde akademiýanyň “Altyn fondy” – çeperçilik hazynasy döredilýär. Ýaş suratkeşleriň okuw ussahanalarynda çekilen suratlary, bäsleşiklere hödürlenen eserleri, tejribe möwsüminde döredilen çeper işleri, garaz, talyplaryň iň naýbaşy, şowly çykan nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşlyk, amaly-haşam sungaty, dizaýn hem binagärçilik eserleri ebedilik miras hökmünde aýap saklamak maksady bilen uly hazyna öwrüldi. Çeperçilik akademiýada jemlenen zehinli talyplaryň ýörite topary özbaşdak döredijilik ýoluna gönükdirilip, ýyl saýyn döwrebap, many-mazmuny boýunça agramly hem hünärmentlik taýdan ýokary hilli eserleri döredýär. Akademiýanyň talyplary has uly göwrümli eserleri döretmäge başladylar. Her ýylda talyplara berilýän ýumuşlar edil diplom işiniň derejesinde ýerine ýetirilýär. Şunuň ýaly çeperçilik bäsleşikler hem-de ýörite toparda okaýan ýaş suratkeşleriň işleri beýleki talyplara täsirini ýetirip, döredijilikli zähmet çekmäge itergi berýär. Türkmenistanyň häzirki döwrüniň ösüşlerini, sport ulgamyny, medeni mirasymyzy şöhlelendirýän eserleri döretmek üçin talyplara giň mümkinçilikler berildi. Milletiň ruhy baýlygy, halkyň bilimi hem ylmy ösdürmek ýörelgesi gujurly ýaşlaryň ýol görkezijisidir. Azat Annaýew, Sungaty öwreniji