Sungatda suratkeşleriň ýolunyň nesilden-nesle geçişini, ösüp ýetişdirilen täze nesliň döredijilik aýratynlyklaryny synlamak peýdalydyr. Baý çeper däpleriň mirasdüşerleri dogrusynda söhbet açylmagy bolsa bu ýa-da başga bir çeperçilik mekdebiň ösüşine, şol bir wagtyň özünde-de onuň ertirki gününe göz aýlamaga mümkinçilik berýär. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda 2016-njy ýylyň dekabr aýynyň 10- na açylan “Gujurly ýaşlar” atly sergide çeperçilik akademiýanyň ýolbaşçylary we halypalary diňe käbir ýaş “gujurlaryň” birnäçesiniň eserlerini görkezmegi makul bildiler. Muňa garamazdan, sergi şeýle soraglary öňde goýmakda diýseň ähmiýetlidir: bu günki gün ýaşlaryň haýsy hem bolsa bir bölegini näme gyzyklandyrýar, ony Watanymyzyň sungatynyň nähili çeper däpleri maýyl edýär, ol haýsy täze sözi aýtmaga taýýarlanýar? Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döredijilik işgärleri bilen geçirýän her bir duşuşygynda, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň medeniýetini hem sungatyny ösdürmek baradaky täze möhüm wezipeleri iňňän professional derejede düşündirýär. Milli Liderimiziň hemaýaty bilen Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda talyplaryň okuw maksatnamalary doly geçmekleri ugrunda wajyp işler alnyp barylýar. Soňky ýyllarda akademiýanyň taryhynda däp bolup gelýän döredijilik sergileriň geçirilişi kämilleşdirilýär. Çeperçilik akademiýanyň rektory Ahatmyrat Nuwwaýewiň belleýşi ýaly: “Biz nusgawy akademiki ulgama esaslanmak bilen, onuň talap edýän realistik düzgünleriniň doly öwrenilmegini üpjün etmäge çalyşýarys”. Soňky ýyllarda bu işiň oňyn netijeleri bermegi üçin akademiýanyň iň bir zehinli ýaşlaryndan toparlar düzüldi, olaryň janly şekillendirmek başarnyklarynyň erkin ýüze çykarylmagy üçin şertler döredildi. 2013-nji ýylda ýola goýlan “Ýörite” toparyň we 2015-nji ýylda döredilen “Gujurly ýaşlar” toparyň mynasyp agzasy bolmak ugrunda akademiýanyň talyplaryna okuw jaýynda geçirilýän döredijilik sergileriň her birine taýýarlykly gelmeklik tabşyryldy. Ähli güýç-gaýratlaryny jemläp, birnäçe ýyllaryň dowamynda yzygiderli sergilere gatnaşyp, özboluşly eserleri bilen saýlanan talyplar bolsa bu toparlaryň mynasyp agzalygyna kabul edildi. Bir ýyl mundan ozal “Gujurly ýaşlar” ady bilen meýilleşdirilen sergide täsirli iş görkezmek üçin talyplar halypalaryň ýolbaşçylygynda yhlas bilen irginsiz zähmet çekdiler. Olar turuwbaşdan häzirki döwrüň täze garaýyşlaryny, batyrgaý pikirlerini ýüze çykarmak üçin türkmeniň içki dünýäsini, milli häsiýetini, kalbynyň inçe duýgularyny şekiller arkaly açmaga çalyşdylar. “Gujurly ýaşlar” sergisinde akademiýanyň ähli kafedralarynyň jemi 100-den gowrak talyplarynyň hünärine laýyklykda döreden işleri görkezildi. Zehinli talyplary “Gorkut Ata”, “Görogly” ýaly folklor eserimizde halkymyzyň mertligi, Watan üçin jan bermäge kaýyllygy, gerek ýerinde arkaly we geçirimli bolmagy başarýanlygy, başga-da köp asylly häsiýetleri gyzyklandyryp (Zakirjan Babaýewiň, Myratmergen Kuliýewiň Göroglynyň keşbine bagyşlan nakgaş eseri, Patdyk Patdykowyň “Görogly” heýkeli, Maksat Hudaýberdiýewiň “Gorkut Ata”, Muhammet Gubyýewiň “Gökdepe galasyna” bagyşlan nakgaş eserleri, Maksat Nurmetowyň “Gorkut Ata” atly heýkeli), beýik şahsyýetlerimiziň keşpleri ( Serdar Agaýewiň “Döwletmämmet Azady bilen ýaş Magtymguly” atly heýkeli, Agaýusup Çohowyň “Omar Haýýam, Soltan Sanjar” atly, Begmyrat Akynowyň “Alp Arslan” atly heýkelleri), taryhy ýadygärliklerimiziň şekilleri (Süleýman Hojageldiýewiň “Soltan Sanjaryň mawzoleýiniň”, Röwşen Hallyýewiň “Muhammet ibn Zeýdiň mawzoleýiniň” we b. binagärlik taslamalary ”) özüne çekýär. Olar türkmeni äleme tanadan bedewlerimizdir medeni mirasymyzy wasp edýärler (Baky Sytdyhowyň “Nusaýyň ganatly bedewleri” atly, Söhbet Garryýewiň, Aly Sytdyhhowyň, Hanmyrat Hanowyň, Rahat Garajaýewiň türkmen bedewlerine bagyşlanan nakgaş eserleri, Rüstem Kurbanowyň “Bedew biziň buýsanjymyz” atly grafika işi ). Şeýle-de ýaşlarymyzyň eserlerinde häzirki döwrümizde gazanylan üstünlikler, biziň şäherlerimiziň batly gadam bilen ösdürilýän gurluşygy we abadanlaşdyrylyşy (Yhlas Allanazarowyň “Şäher gurluşygy”, Gunça Ataýewanyň “Türkmen howa ýollary”, Merjen Hojagulyýewanyň, Ogulsadap Hojalyýewanyň “Ak şäher” atly nakgaş eserleri, Döwletgeldi Gurbanowyň “Gurluşykçylar” atly grafikasy, Ogulşirin Rejepowanyň “Ak şäherim Aşgabat” atly dizaýn işi ), ýurdumyzyň gülläp ösmegine egsilmez goşant goşýan zähmetkeşlerimiziň, medeniýet işgärleriniň keşbi (Ogulsenem Gelenowanyň “Zähmet”, Merjen Çaryýewanyň “Pagtaçy gelin-gyzlar”, Merdan Abdyrahmanowyň, Kerim Berdiýewiň “Gazçylar”, Şagylyç Ataýewiň, Batyr Sultanowyň “Nebitçiler” atly nakgaş eserleri), bagtyýar diýarymyzyň gözel keşbi hem-de toý-baýramlary mynasyp orunlaryny tapýar (Gurban Babatäjewiň “Türkmen sährasy”, Laçyn Baýlyýewanyň “Oba durmuşy”, Toýly Çopanowyň “Nowruz”, Hijran Umarowanyň “Köýten dag”, Amandursun Çüriýewanyň “Garaşsyzlyk baýramy”, Zöhre Sähedowanyň “Sport” we başga nakgaş eserleri, amaly-haşam sungaty kafedrasynyň talyplarynyň haly, zergärçilik we keramika önümleri, dizaýn kafedrasynyň talyplarynyň işleri). Bu günki sergide görkezilen uly göwrümli, çuň mazmunly, kämil derejede ýerine ýetirilen işler zehinli talyplarymyzyň we olaryň işlerine ýolbaşçylyk eden halypalarymyzyň yhlasynyň myradyny äşgär edýär. Hormatly Prezidentimiziň penasynda bilim alýan suratkeşlerimiziň ýaş nesliniň gujur-gaýraty Bagtyýarlyk döwrüniň şekillendiriş sungatynyň ösmegine uly itergidir. Geljekde ýaşlarymyzyň bedew batly gadamynyň pederlerimiziň çeper garaýşyna mynasyp äheňde älemi ýaňlandyryp, sungatymyzyň täze taraplaryny aýan etjekdigine berk ynanýarys. A. Baýlyýewa, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda bilim bermek diýseň özboluşly jogapkärçiligi talap edýär. Häzirki döwürde diňe bir surat çekmegi başarýan däl, eýsem döredijilikli pikirlenip bilýän, nusgawy akademizmiň realistiki esaslaryny özleşdiren hünärmenleri ýetişdirmek, has takygy, hakyky suratkeşleri kemala getirmek halypalaryň baş wezipesidir. Muňa laýyklykda şu ýylyň başynda mugallymlaryň ýolbaşçylygynda zehinli talyplaryň okuw sapaklarynda berilýän ýumuşlardan daşary, özleriniň zehin baýlyklaryny ýüze çykarmaklary üçin aýratyn özboluşly eseri döretmekleri maslahat berildi. Akademiýanyň talyplarynyň ýüzden gowragynyň bu teklibe seslenip, ähli güýçlerini jemläp, kämil eseri döretmek ugrunda işläp başlamaklary “Gujurly ýaşlar” toparynyň düzülmegine getirdi. Akademiýamyzyň gujurly ýaşlaryndan düzülen toparyň sergiler jaýymyzda geçirýän ilkinji sergisi biz üçin zehinli talyplarymyzyň aýratyn ukyplaryna göz ýetirmäge mümkinçilik berýän uly wakadyr. Bu serginiň mysalynda çeperçilik akademiýasynda bilim bermegiň usulyýeti, ýagny ýönekeýlikden kem-kemden çylşyrymlylyga geçmek, şekillendiriş sungatyň esasy hökmünde realistiki usulda çekmegi özleşdirmek, adamy çuňňur öwrenmeklik, naturany uzak wagtlaýyn düýpli özleşdirmek we şekili işiň manysyna laýyklykda seljermek ýaly esasy usullary we düzgünleri aýdyň görkezildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda batly gadam bilen ösýän diýarymyzyň taryhynyň, medeni mirasynyň, bu günki bagtyýar döwrüniň talyplarymyzyň eserlerinde wasp edilmegi ýaşlaryň döwre bap garaýyşlaryny ýüze çykaryp, olaryň geljekde biziň sungatymyzy ösdürjekdiklerine berk ynam döredýär. A. Nuwwaýew, Türkmenistanyň medeniýeti öwreniş ylymlarynyň kandidaty