Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan her bir asylly işi türkmen halkyna bolan belent söýgüni äşgär edýär. Milli Liderimiziň türkmen sungatyny ösdürmek, kämilleşdirmek, dünýä derejesine çykarmak işleri her bir adamyň döredijilikli işlemegine badalga berýär. “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek” diýlip yglan edilen 2016-njy ýylda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny has-da ýüze çykarmak maksady bilen zehinli talyplardan düzülen “Gujurly ýaşlar” topary döredildi. Bu topar ýüzden hem gowrak agzany özünde jemleýär. Ýylyň dowamynda toparyň agzalarynyň her biri nusgalyk galjak eserleri döretmäge synanyşdylar. Döredilen eserlerden talyplaryň yhlas bilen zähmet çekendigini duýmak bolýar. Ýaşlar çuň mazmunly eserleri uly ölçeglerde ýerine ýetirmegi başardylar. Elbetde, bu ussat halypa mugallymlarymyzyň talyplaryň gursagyna guýan biliminiň ýerine düşendigini görkezýär. Gujurly ýaşlar taryhy wakalary, belli şahsyýetleriň gahrymançylykly keşplerini, türkmen milli däp-dessurlaryny, gözel tebigatymyzyň künjeklerini, ahal-teke bedewimizi, bagtyýarlyk döwrümizi we medeni mirasymyzy wasp edýän işleri, şeýle hem ýaşaýyş-durmuş üçin amatly boljak dürli bezeg işleri, döwre bap we gaýtadan rejelenen binagärlik taslamalary ýerine ýetirdiler. Talyplaryň döreden eserlerinden bagtyýarlyk döwrümizi wasp edýän, durmuşy temalar bilen baglanyşykly gündelik durmuşynyň gaýtalanmajak gözel pursatlaryny beýan edýän işler özüne çekýär. Olarda esasy tema maşgala, okuw durmuşy, dynç alyş we adamlaryň şahsy durmuşy bolup durýar. Yhlas Allanazarowyň “Bedew baýramy”, Dilnara Rozyýewanyň “Toý” ýaly işlerinde bagtyýar zamanada ýaşaýan türkmen halkynyň durmuşynyň buýsançdan doly şatlykly, ajaýyp pursatlary janlandyrylýar. Talyplar aýdyň reňkleriň üsti bilen adamlaryň hakyky hereketini, ýagtylygyň we kölegäniň oýnuny, reňk öwüşgini aýdyň bermegi başarýarlar. Şuhrat Baltaýewiň “Garrygala maslahaty”, Kerim Berdiýewiň “Soltan Sanjar Gündogaryň alymlary bilen söhbetdeşlikde” atly nakgaşçylyk işlerinde türkmen taryhynda uly yz galdyran şahsyýetleriň keşbi, şeýle hem taryhy wakalar bilen baglanyşykly dürli pursatlar öz beýanyny tapýar. Berdiýew taryhda ylmyň-bilimiň ösmeginde howandarlyk eden Seljuklar soltanynyň keşbini birnäçe alymlar bilen söhbetdeşlik pursatynda, köşgüň öňünde görkezýär. Giň manyny özünde jemleýän bu nakgaşçylyk eseriň taslama gurluşy deňagramly ýerine ýetirilip, onuň ýagtylyk we kölege, reňk sazlaşygy bize şol pursaty hakyky ýaly göz öňümizde janlandyrmaga kömek edýär. Begmyrat Akynowyň “Alp Arslan”, Maksat Nurmetowyň “Gorkut ata” atly işleri taryhy şahsyýetlerimiziň keşbini realistiki suratlandyrýarlar. “Gorkut ata” atly eserde talyp türkmen halkynyň akyldary, danasy Gorkut ata türkmeniň nusgawy şekilini monumentallyk bilen bermegi başarýar. Gorkut atanyň sag eli bilen depesi goç kelleli hasa daýanmagy, beýleki elindäki kitaby, egninden asylan ýan torbasy dag-düzleri aşyp, halka ýol görkezýän akyldar danadan habar berýär. Haýbatly, çuňňur pikirli we dana garaýyşly Gorkut atanyň eşiginiň epinleriniň jikme-jik ýerine ýetirlişi hem eseriň täsirliligini artdyrýar. “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek” ýyly mynasybetli “Amaly-haşam sungaty” kafedrasynyň talyplary “Görogly” şadessany, “Şasenem-Garyp”, “Saýatly Hemra” atly dessanlar boýunça, şeýle hem “Ýartygulak” halk ertekisine bagyşlap keramika işleri döredýärler. Olaryň arasynda Ahmetguly Annageldiýewiň “Ýartygulak” atly kramiki tolpumy dürli ýaşdaky tomaşaçy üçin, aýratyn hem çagalar üçin has gyzykly bolsa gerek. Çünki ertekiniň baş gahrymany Ýartygulagyň tut agajynyň aňyrsyndan gara öýüň ýanynda sakgallary biri-birine daňylan iki sany açgöz myhmanlaryň üstünden gülüşi diýseň täsirli berilýär. Käkilik Hezretgulyýewanyň “Seýit Jemaleddin ýadygärligi” atly keramika işi bolsa türkmeniň taryhy ýadygärliklerinden biri bolan Seýit Jemaleddin ýadygärliginiň keşbine bagyşlanýar. Keramiki küýze nepis, ýylmanak sudury bilen bir hatarda, daşky keşbi, haşam bezegi boýunça hem tapawutlanýar. Küýzäniň bokurdagynda ýerleşdirlen güberçek nagyş we iki gapdalda ýerleşdirilen aždarha kelleleri Seýit Jemaleddin metjidiniň girelgesiniň bezegindäki iki sany aždarhanyň şeklini aňladýar. Haşam küýzäniň göwrüminde şekillendirilen Seýi Jemaleddin ýadygärliginiň daşy keşbi, onuň daş-töweregini gurşap alýan haşamly, çylşyrymly ýerleşdirilen nagyşlar, küýzäniň umumy sudurynyň her bir bölegi ýadygärlige mahsus aýratynlyklary jemleýär. Zähmet temasy boýunça ýerine ýetirilen Merjen Çaryýewanyň “Pagtaçy gelin-gyzlar”, Merdan Abdyrahmanowyň “Gazçylar”, Şagylyç Ataýewiň “Nebitçiler”, Mahym Çerkezowanyň “Gurluşykçylar” ýaly işlerinde ýurdumyzyň has-da ösmeginde uly goşant goşýan, bagtyýarlyk döwrüniň buýsançly türkmen zähmetkeşleriniň çekýän zähmeti aýdyň beýan edilýär. Gujurly ýaşlaryň sergisi çeperçilik akademiýanyň talyplarynyň döwre bap temalara ýüzlenmek bilen, baýry türkmen suratkeşlerimiziň gazanan üstünliklerini döredijilikli peýdalanmaga we olara täzeçe öwüşgünleri bermäge çalyşýandyklaryny äşgär etdi. Hojageldiýewa Bagtygül, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyby

Köneler, nexttm tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir