Salam hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar! Ynha, dekabr aýynyň 12-si hem ýetip geldi. Bu güniň biziň döwletimiz, halkymyz üçin aýratyn ähmiýeti bar. Bu gün, bilşiniz yaly, dekabr aýynyň 12-sine Bitaraplyk baýramynyň 21 ýyllygy bellenip geçilýar. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda gürrüňe başlamazdan öňürti “Bitaraplyk” sözüniň manysyna ünsi çekesim gelýär. Ol söz esasan halkara hukugynda, daşary syýasatda ulanylýar. Bitaraplyk – daşary syýasatyň şeýle bir ugry bolup , ony berjaý edýän döwlet beýleki ýurtlaryň arasynda uruş bolan ýagdaýlarynda oňa gatnaşmaly däldir we uruşýan döwletlere harby kömek bermeli däldir, parahatçylyk döwründe bolsa harby bileleşiklere ýa-da toparlaşyklara gatnaşmaly däldir. Şunuň bilen birlikde, bitaraply öz çäkleriniň eldegirmezligi, bitarap döwletiň hukuklygyny hem göz önüňde tutýar. Eger beýleki bir ýurt ýa-da ýurtlar döwletiň bitaraplygyny bozan ýagdaýynda ol öz bitaraplygyny goramaga haklydyr. XIX asyrdan başlap, hemişelik bitaraplyk düşünjesi ulanylyp başlandy. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyny halkara möçberinde ykrar etmek ideýasy ilkinji gezek YHG (EKO) ýurtlarynyň döwlet baştutanlarynyň 1995-nji ýylyň martynda Yslamatda (Pakistan) bolup geçen duşuşygynda president S.A. Nyyazowyň çykyşynda oňe sürüldi. Duşuşykda, şeyle hem birentek beýleki döwletleriň ýolbaşçylary bilen bolan gepleşiklerde bu ideya goldaw tapdy. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyny 113 döwletiniň 1995-nji ýylyň oktiýabrynda Kartahenada (Kolumbiya) bolup gecen maslahatda hem doly gollady. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň baş assembleýasy dünýäniň 185 döwletiniň bir agyzdan ses bermegi bilen Türkmenistan hemişelik Bitaraplygy barada kararnama kabul etdi. BMG tarapyndan resmi taýdan bitarap döwlet höküminde ykrar edilen ilkinji we ýeke-täk döwlet Türkmenistandyr. Türkmenistanyň giň jemgiyetçiligi we ähli halky bu şanly habary ägirt uly ruhubelentlik we buýsanç bilen garşylady. Oňa biziň ýurdumyzyň parahatçylyk söýüji daşary syýasat ugrunyň örän uly üstünligi diýip uly baha berdiler. 1995-nji ýylyň 27-nji dekabrynda Türkmenistanyň Halk Maslahaty bolup geçdi. Maslahatda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň halkara bileleşigi tarapyndan ykrar edilmeginden halkymyzyň häzirki geljekki nesilleri üçin taryhy ähmiýeti bellenip geçildi, çünki dňwletin esasy serişdelerini ýurduň içki durmuş-ykdysady ösüşine günukdirmäge mümkinçilik döredi. Bitaraplyk derejesine laýyklykda, Türkmenistanyň daşary sýyasatynyň maksatnamasy täzeden düzüldi. Düýp maksady goranmak häsiýeti bolan harby syýasaty hem kesgitlenildi. Täze milli baýram – Bitaraplyk baýramy döredildi, ol her ýylyň 12-nji dekabrynda bellenilýär. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy sebitde halkara hyzmatdaşlygynyň we gonşuçylyk gatnaşyklaryň ösmegine iterge berdi. Aşgabat şaheri sebit we dünýä derejesinde gepleşikler geçirilýän merkeze öwrüldi. 1993-nji ýylda bu ýerde GDA dowletleriniň prezidentleriniň 1995-1997-nji ýyllarda bolsa YHG ýurtlarynyň prezdentlerinňn 3 gezek duşuşyklary geçirildi. Halkara guramalaryň ugurlary boýunça geçirilýän maslahatlaryň sany uzul-kesil artdy. Diňe bir 1996-njy ýylda aşgabat BMG-niň we beýleki halkara guramalarynyň howandarlygy bilen konferensiýalaryň, simpoziumlarynyň 60-dan gowragy geçirildi. Owganara we Täjigara gepleşikleriniň hem örän möhüm tapgyrlary Aşgabatda geçirildi. Bitarap döwlet höüuminde Türkmenistanyň abraýynyň artmagy dürli döwürlerde ykbal tartyp beýleki ýurtlara düşen we şol ýerlerde ýaşap ýören türkmenlere hem oňaýly täsir etdi. 1991-nji ýylda döredilen dünýä türkmenleriniň gumanitar birleşigi möhüm we abraýly halkara jemgiyetcilik guramasyna öwrüldi. Ol gös-göni Türkmenistanyň prezdentiniň baştutanlygynda alynyp barylýar. Birleşigiň baş edarasy Aşgabatda “Mekan” koögünde ýerleşýär. Häzir daşary ýurtlaryň 14-sinde birleşigiň öz bölümleri bar. Olar Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistan bilen dünýä türkmenleriniň aragatnaşygyny we hyzmatdaşlygyny ýola goýýarlar we gineldyarler. Türkmenistanyň Bitaraplygy, sebitdäki ylalaşdyryjylyk işi ony dünýä syýasatynyň belentligine göterdi. Bitaraplygyň türkmen nusgasy wagt synagyndan geçdi we sebitdäki ýagdaýda durnuklaşdyryjy täsir edýän netijeli gurala öwrüldi. Bitaraplyk – Türkmenistanyň syýasatynyň özenidir. Ol Türkmenistanyň Garaşsyzlygy bilen aýrylmaz baglanşyklydyr. Bitaraplyk Türkmenistana berkarar halkara gatnaşyklarynda özüniň özboluşly syýasatyny ýöretmäge mümkinçilik berdi. Eger Türkmenistanyň syýasaty Bitaraplyk bilen berkidilmedik halatda, Türkmenistanyň garaşsyzlygy şeyle pugta we mizemez bolup bilmezdi. Garaşsyzlyk we Bitaraplyk – bular Türkmenistanyň binýadyndaky iki direg sütünidir. Bitaraplyk we Garaşsyzlyk – bu Türkmenistanyň genji-hazynasydyr, Türkmenistanyň ykbalydyr. Hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar siz hem Bitaraplygymyz barada öz pikirleriňizi, Bitaraplygyň peýdasyny paýlaşyň. Bitaraplyk baýramyňyz gutly bolsun.