Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň paýtagty parahatçylygyň, ylalaşygyň we halklaryň arasyndaky dostlugyň hakyky merkezine öwrüldi. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy sebitde halkara hyzmatdaşlygynyň we goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösmegine itergi berdi. Türkmenistan gysga wagtda halkara arenasynda özboluşly daşary syýasatyny amala aşyrýan döwlet hökmünde özüni tanatdy. Ylalaşdyryjy merkez hökmünde 21 ýylda bitiren hyzmatlary ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da beýgeltdi. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda dünýäniň 185 döwletiniň biragyzdan ses bermegi bilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy barada Kararnama kabul edildi. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan resmi taýdan Bitarap döwlet hökmünde ykrar edilen ilkinji ýeke-täk döwlet ata Watanymyz Türkmenistandyr. Bitaraplyk Türkmenistanyň halkara arenasyndaky hereketiniň işeňňirliginiň esasy häsiýetini kesgitleýän düýpli ýörelgesidir. Tükmenistanyň Bitaraplygy – häzirki zamanyň esasy meselelerine düýpli göz ýetirmekdir we olary has giň tejribe esasa daýanyp çözmeklige çalyşmakdyr. Hakykatda oňyn garaýyş esasynda, konstruktiw çözgütleriň gözlegine we durmuşa geçirilmegine gönükdirilen, ilerleýji häsiýetli, anyk hereketde bolan halkara gatnaşyklarynyň modelidir. Türkmenistan Bitarap döwletleriň hataryna goşulmagy bilen, öz üstüne birnäçe borçnamalary aldy. Türkmenistan umumyadamzat gymmatlyklaryna we demokratiýanyň ýörelgelerine eýermek, ýurduň içinde raýat asudalygyny kepillendirmek, Birleşen Milletler Guramasy we beýleki halkara guramalary bilen ýakyn hyzmatdaşlykda bolup, öz syýasatyny ýöretmek ýaly borçlary öz üstüne aldy we berjaý edýär. Bu barada Tvrkmenistanyq Prezidenti: «Garaşsyz Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk derejesinden gelip çykýan halkara borçlaryna eýerip, olary durmuşa geçirmegiň syýasy, ykdysady we ynsanperwer ugurlaryny kesgitledi we üstünlikli amala aşyrýar.« diýip belleýär. Türkmenistan beýleki döwletler bilen dosluk, birek-biregi hormatlamak, birek-birege ynam etmek, özara ýardam bermek esasynda özara gatnaşygyny ösdürýär we köp ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk, söwda-ykdysady gatnaşyklary saklaýar. Oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanyp, işjeň durmuşa geçirilýän «Açyk gapylar» syýasaty, halkara kadalaryna laýyklykda daşary ýurt maýa goýumlarynyň goralmagynyň kepillendirilmegi, daşary ýurt telekeçiligi üçin amatly şertleriň döredilmegi, şeýle hem ýurdumyzyň iňňän baý tebigy serişdeleri, amatly geosyýasy ýagdaýy, syýasy durnuklylyk, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň daşary ýurt maýa goýujylaryny birsyhly özüne çekýänligi özüniň gülleýişli netijelerini berýär. Milletiň Lideriniň ýolbaşçylygynda türkmen döwleti uly üstünliklere eýe boldy. Türkmenistan bütin dünýäde we sebit möçberinde söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerinde daşary ýurt maýasyny, tehnologiýasyny, tejribesini ýurduň ykdysadyýetine giňden çekmek arkaly beýleki ýurtlar bilen hoşniýetli, dostlukly hyzmatdaşlygy ýola goýýar. Täze ösüş ýoly türkmeniň taryhy ýörelgesine we milli däp-dessurlaryna gabat gelýän ýol bolan Bitaraplyk derejesiniň kabul edilmegi bir tarapdan daşarky howplardan gorap saklasa, ikinji bir tarapdan deňhukukly özara hormat goýujylykly, beýleki döwletleriň içerki syýasatlaryna gatyşmazlyk bolup durýar. Hemişelik Bitaraplyk türkmeniň taryhyna müdimilik altyn harplar bilen ýazyldy hem-de halkymyzyň aýratyn bir buýsanjynyň çeşmesine öwrüldi. Türkmenistanyň goňşy döwletler bilen hiç-hili jedelli meseleleri ýok, ýurdumyz olar bilen hem-de dünýädäki ähli ýurtlar bilen dostlukly gatnaşyklary saklaýar. Türkmenistanyň sebitde ýüze çykýan dawalarynyň öňüni almakda we çözmekde Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde işlemek tejribesi bar. Mukaddes Garaşsyzlyk hem-de Bitaraplyk ýyllary içinde ýurdumyzda asyrlara barabar işler edilip döwletimiz tanalmaz derejede özgerdi. Indi 21 ýyl bäri türkmen topragynda Bitaraplyk güni – baýramy her ýyl dabaraly ýagdaýda şowhunly, şagalaňly bellenilýär. Goý, toý baýrama beslenen Diýarymyz güllesin, össün.