Ýagyşly gün. Gaýdyp gelýän okuwdan, Garşy aldy ýene tanyş duralga. Gözüm düşdi şonda içiň hümledip, Bir çetdejik ýagşa ezlip duranňa. Synlap dursuň, yşga düşen asmanyň Joşlaryna sygman aglaýanyny. Men bolsa, ýuwaşja saňa süýşdim-de, Tutdum seň üstüňe saýawanymy. Tisgindiň. Men has-da ýitirdim özüm: „Aý, ýöne-le... ezlipsiňiz... Bagyşla!...“. Soň ne men gürledim, ne sen zat diýdiň, Durus, aýdymyny diňläp ýagyşlaň. Soňra bolsa, ýitip gitdiň gözümden, Birden gaýyp boluşy deý hüýrleriň. Sen bilýänem dälsiň, şojagaz pursat, Bu gursaga aýdym bolup gireniň. Bilýärmiň, sadaja jemalyň bilen, Dünýämde üýtgeşik dünýä açanňy. ...Şondan bäri seni agtaryp ýörün, Gowşurarsyň diýip, onuň açarny. ...Ynha, ýene ýagyş, ýene duralga, Golumda-da şo-ol „mukaddes“ saýawan. Sen bu ýolda ýene sataşaýmazmyň, Bir pursatda ýüregimi paralan?!.