Taryh ylmy türkmen halkynyň iň gadymy dünýä medeniýetiniň, baý medeni mirasyň eýesidigini tassyklaýar. Halkymyz asyrlaryň dowamynda egsilmez maddy we ruhy gymmatlyklary döredip, ony soňky nesillere geçirip, öz milliligini saklamagy başarypdyr. Uçar ganatly behişdi bedewlerimiz, her göli bir rowaýata deňelýän nepis halylarymyz, aýal-gyzlaryň şugla saçýan şaý-sepleri halkymyzyň baý ruhunyň maddylaşmagy bolup bize gelip ýeten subutnamalardyr. Medeni mirasymyz halkymyzyň daşky we içki dünýä akyl ýetirişiniň derejesidir, onuň aň-düşünjesiniň aňlatmasydyr. Ol biziň milli mertebämizdir, göz-guwanjymyzdyr. Medeni miras köp zatlary özünde jemleýär. Oňa ahlak kadalary we özüňi alyp barmagyň edim-gylymlaryndan ybarat bolan häsiýetler hem degişlidir. Türkmenleriň ahlak sypatlary: mertligi, batyrlygy, watansöýüjiligi, gaýduwsyzlygy, birsözlüligi, ýaşululara, aýal-gyzlara sylag-hormatlylygy, ynsanperwerligi, zähmetsöýerligi hemişe olaryň ruhy daýanjy bolupdyr. Mysal üçin, ýaşulular bilen geňeşmek däbini halkymyz özüniň jemgyýeti we döwleti dolandyrmagyň esasy ýörelgesi hökmünde saýlap alypdyr we bu asylly däbe hemişe eýerilýär. Ýeri gelende aýtsak, hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde düýn ýurdumyzyň paýtagtynda işjeň ýagdaýda bolup geçen we Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň täze, kämil nusgasynyň kabul edilmeginde möhüm hyzmaty bitiren, şeýle hem il-ýurt bähbitli derwaýys meseleleriň ençemesini ara alyp maslahatlaşyp, döwletli resminamalary kabul eden Ýaşulularyň maslahaty hem aýdanlarymyzyň anyk güwäsidir. Şu ýerde türkmen milletine mahsus bolan maslahat guramak, geňeş etmek däbiniň kökleriniň taryhyň has çuňluklaryna uzap gidýändigini bellemelidiris. Türkmenler hemişe-de bir işe başlamazlaryndan ozal, hökman köpi gören ýaşululary bilen geňeşipdirler, maslahat edipdirler. Bu barada «Oguznama», «Gorkut ata», «Görogly» ýaly eposlarymyzda, Ata Gowşudowyň hakyky taryhy wakalaryň esasynda ýazan «Dordepel» powestinde, başga-da ençeme edebi miraslarymyzda örän täsirli söhbet edilýär. Türkmen halky hemişe dünýä medeniýetiniň gazananlarynyň iň oňat tejribesini kabul edip, şonuň bilen öz medeni, ruhy we ahlak gymmatlyklaryny baýlaşdyryp, beýleki halklaryň medeniýetine täsirini ýetirip gelipdir. Onuň dürli wagtlarda uýup gelen dürli ynançlary, olaryň many-mazmuny, birleşdiriji we jebisleşdiriji güýji halkyň ruhy-ahlak dünýägaraýşynyň kämilleşmegine getiripdir. Şonuň üçin-de ol ynançlar biziň ruhy ýaşaýşymyzyň möhüm bölegine öwrülip hem-de onuň ösüşine juda uly täsir edip, durmuşymyz bilen aýrylmaz baglanyşygy hasyl edipdir. Halkyň hakydasy onuň maddy däl medeni mirasynyň saklanýan hazynasydyr. Maddy däl medeni miras halkyň toplan durmuş tejribesidir. Milletimiziň asyrlaryň dowamynda döreden edebi-ruhy ýadygärliklerini şu günki günüň täze ruhy, täze aňyýeti bilen döwrüň talaplarynyň esasynda öwrenmek we wagyz etmek möhüm meseleleriň biri hasaplanylýar. Dörän döwründäki durkundan gitdigiçe timarlanyp, çeperleşdirilip, çuňlaşdyrylyp, biziň günlerimize gelip ýeten halk döredijilik eserleri islendik halkyň dil baýlygyny, taryhyny, däp-dessurlaryny, dünýägaraýşyny we başga-da onlarça meselelerini öwrenmekde gymmatly çeşmedir. Halklaryň arasyndaky syýasy we ykdysady, medeni we edebi, dostlukly gatnaşyklaryň netijesinde, olaryň maddy we ruhy mirasynyň gory has-da baýlaşýar. Hormatly Prezidentimiziň «Medeniýet halkyň kalbydyr» kitabynda: «Gadymy döwürlerden bäri türkmen topragy uly söwda ýollarynyň çatrygynda ýerleşipdir. Munuň özi ösen türkmen medeniýetiniň dünýäniň dürli halklarynyň medeniýetine täsir etmegine şert döredipdir. Şol bir wagtyň özünde dünýä halklarynyň medeniýeti hem türkmen medeni mirasynyň has baýlaşmagyna täsir edendir» diýip, jaýdar belleýär. Şu aýdylanlardan ugur alyp, türkmen halkynyň medeniýetinde hem-de alysda ýerleşen antik medeniýetiň ojaklarynyň biri bolan ellin ýa-da ýunan medeni durmuşyndaky umumylyklar, medeniýetleriň galtaşyklary barada gürrüň etmekçi bolýarys. Taryhy maglumatlardan bilşimiz ýaly, ýunanlar b.e. öňki müňýyllyklarda, esasan, şäherlerde ýaşapdyrlar. Olaryň ýaşaýjylary deň derejeli we deň hukukly bolupdyrlar. Şäheriň jemgyýetçilik durmuşyna degişli meseleler şäher meýdançalarynda ähli raýatlaryň gatnaşmagynda çözülipdir. Olar öz baýlygyna, hünärine, eýeleýän wezipesine seretmezden, deň derejede, deň hukuklardan peýdalanyp çykyş edipdirler. Şeýle ýagdaýy türkmenleriň jemgyýeti dolandyrmaklarynyň mysalynda hem görmek bolýar. Meselem, geçmişde oba jemagatynda mirap ýa-da kethuda saýlananda, hemmeler deň hukukdan peýdalanypdyrlar. Afinada bir ýylda 40-a golaý halk ýygnagy geçirilipdir. Türkmen halkynda hem irki döwürlerden bäri umumyhalk geňeşini, ýagny ýaşulular maslahatyny çagyrmak däbi bolupdyr. Bu däp, ýokarda-da belleýşimiz ýaly, Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahaty görnüşinde Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hem döwrebap dowam etdirilýär. Syýasy meselelerden başga-da, şäher meýdançalarynda medeni, dini çäreler, baýramçylyklar geçirilipdir, söwda edilipdir. Jemgyýetiň şunuň ýaly gurluşy şäher medeniýetiniň açyk ösmegine getiripdir. Şeýle medeni çäreleriň aglaba köpüsi bäsleşik häsiýetli geçirilipdir. Raýatlar diňe bir sport ýaryşlarynda güýç synanyşman, dilewarlykda hem bäsleşipdirler. Ondan başga-da, ylmy çekeleşikler, edebi söhbetdeşlikler, çeper bäsleşikler we filosofiki gürrüňdeşlikler ýaly çäreler guralypdyr. Biziň halkymyzda hem toýlarda, baýramçylyklarda göreş tutmak, ýaglyga towusmak, ýomak atyşmak boýunça ýaryşlar geçirilipdir we bu däp häzirki döwürde-de dowam etdirilýär. Gadymy ýunan jemgyýetine mahsus ýene bir bellemeli zat, ol hem «köpçülik bilen aýratyn şahsyýetiň arasyndaky deňlik» atlandyrylýan ýörelgäniň esasynda saklanypdyr. Bu ýörelgä eýerýän adam özüni akylly, parasatly, agramly hem-de sabyrly alyp barmaklyga çalşypdyr. Ol içki jogapkärçilik duýgularyna we ildeşleriniň öňündäki beýleki jogapkärçiliklere esaslanýar. Bu hemişe öz-özüňi gözegçilikde saklamagy, ýagny ýöräniňde, gürleşeniňde, geýneniňde, şäher meýdançasynda ýa-da halk ýygnagynda çykyş edeniňde belli bir edep kadalaryny berjaý etmekligi talap edýär. Biziň türkmençilik däbimiz hem özünde hut şeýle gymmatlyklary jemleýär. Bu düşünje asyrlaryň dowamynda nesilden-nesle geçirilip, sünnälenip gelen däp-dessurlary, ynam-ynançlary, ahlak ýörelgelerini, şahsyýetiň, jemgyýetiň we döwletiň özara gatnaşygyna bolan garaýyşlarynyň jemini öz içine alýar. Durmuş meýdanynda taplanan edim-gylymlarymyz, edep kadalarymyz tebigy ýagdaý bolup, milletimize mahsus türkmençilikdir. Munuň özi, şol bir wagtda, öz taryhyny müňýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdýan türkmen hem-de ýunan halklarynyň medeniýetindäki umumylyklaryň gadymylygyna hem şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan 2016-njy ýylyň Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly diýip yglan edilmegi halkymyzyň geçmişde döreden edebi, medeni, ruhy gymmatlyklaryna goýulýan hormatdan nyşandyr. Halkymyzyň ahlak ýörelgelerini, watansöýüjilik, myhmansöýerlik, zähmetsöýerlik häsiýetlerini süňňüne siňdiren mukaddes mirasymyzy, däp-dessurlaryny öwrenmek, wagyz etmek, geljekki nesillere ýetirmek bolsa biziň wezipämizdir. Bu asylly işi durmuşa geçirmekde milli Liderimiziň eserleri bize ruhy gollanma, nusgalyk mekdep bolup hyzmat edýär.

Köneler, TDUmaksat tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir