14-nji sentýabrda ýurdumyzyň paýtagtynda jemgyýetimiziň we döwletimiziň durmuşynda uly ähmiýete eýe bolan möhüm waka — Türkmenistanyň Ýaşulularynyň nobatdaky maslahaty bolup geçdi. Hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde milli demokratiýamyzyň ruhuna laýyk ýokary derejede we netijeli geçen bu maslahatda il-ýurt bähbitli wajyp wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de döwletimiziň berkararlygyny has-da pugtalandyrjak, raýatlarymyzyň hal-ýagdaýyny mundan-da gowulandyrjak möhüm çözgütleriň birnäçesi kabul edildi. Türkmenistanyň Ýaşulularynyň nobatdaky maslahatynyň geçirilmegi ösüp gelýän ýaş nesli watansöýüjilik, zähmetsöýerlik we ýokary ahlaklylyk ruhunda terbiýelemekde ýaşuly nesliň göreldesini nusga edinmek, halkymyzyň agzybirligini, jebisligini pugtalandyrmakda, möhüm ähmiýetli meseleleri pähim-parasatly ýaşulular bilen maslahatlaşyp çözmekde olaryň baý tejribesini netijeli peýdalanmak ýaly asylly däplerimiziň üstünlikli ösdürilýändiginiň beýany bolup durýar. Demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň esaslaryny pugtalandyrmak, milli demokratiýany has-da ösdürmek, raýat jemgyýetini kämilleşdirmek, ýurdumyzda hemmetaraplaýyn özgertmeleri amala aşyrmak ugrunda öňde durýan wezipeleri ýaşulular bilen ara alyp maslahatlaşmak döwletiň, jemgyýetiň we şahsyýetiň bähbitleriniň sazlaşykly ösüşini, döwürleriň hem-de nesilleriň arabaglanyşygyny hem alamatlandyrýar. Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynda ýurdumyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmek baradaky meseleler bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça Konstitusion toparyň karary esasynda hödürlenen Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşiniň taslamasynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy halk häkimiýetliginiň ýörelgeleriniň pugtalanýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Munuň özi döwlet we jemgyýetçilik ähmiýetli işleri ata-babalarymyzdan gelip ýeten demokratik ýörelgelere laýyklykda alyp barmaga möhüm ähmiýet berilýändigini tassyklaýar. Ýurdumyzyň raýatlaryndan gelen teklipleri seljermek boýunça geçirilen işleriň netijesinde, Konstitusiýamyzyň rejelenen görnüşiniň taslamasynyň taýýarlanmagy, onuň ähli halk tarapyndan ara alnyp maslahatlaşylmagy konstitusion kadalaryň mazmunynyň has-da kämilleşdirilmegini üpjün etdi. Esasy Kanunymyzyň kadalarynyň mazmuny türkmen halkynyň milli mirasynyň genji-hazynasy bolup durýan asylly däplerimizi şöhlelendirdi. Umumy ykrar edilen halkara kadalary bilen utgaşýan, döwrebaplaşdyrylan Konstitusiýamyzyň halkymyzyň wekilleriniň gatnaşmagynda Milli parlamentiň deputatlary tarapyndan kabul edilmegi döwletimiziň we jemgyýetimiziň demokratik ýol bilen ösüşiniň täze tapgyryny alamatlandyrýar. Esasy Kanunymyzyň kadalary ýurdumyzy ösdürmegiň syýasy, ykdysady, durmuş we medeni ugurlarynyň hukuk binýadyny özünde jemlemek bilen, adamyň iň ýokary gymmatlyk hökmünde görülmeginiň, raýat jemgyýetini berkarar etmegiň esaslaryny pugtalandyrýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň ösüşi halkymyzyň milli gymmatlyklary we umumy ykrar edilen halkara ýörelgeleri bilen sazlaşykly utgaşdyrylýar. Ýurdumyzyň döwrebap ösüşiniň hukuk esaslaryny pugtalandyrmakda, milli demokratiýany has-da ösdürmekde, raýat jemgyýetini kämilleşdirmekde ýokary netijeler gazanylýar. Konstitusiýamyzyň rejelenen görnüşiniň taslamasynda halkyň döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk gözbaşydygy, saýlawlary geçirmegiň ykrar edilen ýörelgeleri kesgitlenen, demokratik döwletiň esasy alamatlary beýan edilen. Bu bolsa raýatlaryň öz häkimiýetini gös-göni ýa-da wekilçilikli edaralaryň üsti bilen amala aşyrmagyna hem-de olaryň saýlaw hukugyny durmuşa geçirmäge şertleri döredýär. Munuň şeýledigini, ýaňy-ýakynda möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, Halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň ýerine geçirilen saýlawlary hem tassyklaýar. Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, bäsleşik we açyklyk ýagdaýynda geçirilen saýlawlarda raýatlaryň ýokary işjeňliginiň bolandygy metbugatda habar berildi. Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň maglumatlaryna laýyklykda, saýlaw okruglarynyň ýedisi boýunça Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlaryna saýlawçylaryň 92,12 göterimi gatnaşypdyr. Raýatlaryň saýlawlarda ýokary işjeňligi, halk häkimiýetiniň wekilçilikli edaralarynyň her mandatyna iki we ondan köp dalaşgäriň bäsleşmegi demokratik ýörelgeleriň möhüm ornuny alamatlandyrýar. Häzirki wagtda amala aşyrylýan demokratik özgertmeler ýurdumyzy mundan beýläk-de üstünlikli ösdürmegiň möhüm şerti bolup durýar. Berkarar Watanymyzda amala aşyrylýan özgertmeler, şol sanda ýurdumyzyň hukuk ulgamyny kämilleşdirmek işleri raýat jemgyýetini we hukuk döwletini berkarar etmäge gönükdirilýär. Esasy Kanunymyzyň rejelenen görnüşiniň taslamasynda döwletiň raýat jemgyýetiniň ösmegine zerur şertleri üpjün edýändigini kesgitleýän hem-de syýasy köpdürlüligiň we köppartiýalylygyň ykrar edilmegi baradaky konstitusion kadalar ony doly tassyklaýar. Türkmenistanyň raýatlaryna syýasy partiýalary döretmek we olaryň işine erkin gatnaşmak üçin deň hukuklaryň berilmegi netijesinde, köppartiýalyk ulgamyň hereket etmegi ýurdumyzyň demokratiýalaşmagynyň aýdyň mysaly bolmak bilen, syýasy hukuklaryň durmuşa geçirilmegi üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýändigini görkezýär hem-de jemgyýetiň işjeňleşmegine ýardam berýär. Türkmenistanyň Demokratik partiýasy, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy, Türkmenistanyň Agrar partiýasy ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalary we birleşikleri bilen ýakyn aragatnaşyk saklamak bilen, halkymyzy jebisleşdirmek, ynsanperwerligi wagyz etmek boýunça üstünlikli işleri durmuşa geçirýärler. Raýat jemgyýetiniň işjeňligi raýat hukuklarynyň konstitusion derejede kepillendirilmeginden ugur alýar. Esasy Kanunymyz adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň hukuk kepilliklerini, häkimiýet edaralarynyň şahsyýet hem-de jemgyýet bilen gatnaşyklarynyň esaslaryny kesgitleýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşiniň taslamasynyň 2-nji bölüminde adam hukuklary, azatlyklary hem borçlary baradaky maddalaryň kadalaryny synlanyňda, adam mertebesine sarpa goýmagyň ileri tutulýandygyny aýdyň görmek bolýar. Olarda şahsyýetiň beden taýdan sagdyn, ruhy we ahlak taýdan kämil ösmegi üçin zerur kadalar berkidilýär. Esasy Kanunymyzyň rejelenen görnüşiniň taslamasynda adam hukuklarynyň ykrar edilmegi, deňligi, kemsidilmezligi baradaky hukuklar bilen bilelikde, ol hukuklaryň goralmagyna gönükdirilen ýörelgeleýin kadalar orun alýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşiniň taslamasyna hormatly Prezidentimiziň teklibi bilen girizilen adamy goramagyň, goldamagyň we oňa hyzmat etmegiň döwlet häkimiýet edaralarynyň baş wezipesidigi baradaky kada ýurdumyzda adam hakyndaky aladanyň, milli Liderimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen taglymatynyň kanuny beýanydyr. Konstitusiýanyň taslamasynyň 60-njy maddasynda her kimiň at-abraýynyň we mertebesiniň, şeýle hem Konstitusiýada hem-de kanunlarda göz öňünde tutulan hukuklarynyň we azatlyklarynyň kazyýet goragynyň kepillendirilýändigi baradaky kada umumy ykrar edilen halkara ýörelgelerden we kadalardan ugur alýar. Döwletiň döwrebap ösüş derejesiniň alamaty bolan adam hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek ugrunda alnyp barylýan işleriň esasy ugurlarynyň Konstitusiýada berkidilmegi, şeýle-de konstitusion kadalaryň amala aşyrylmagyny göz öňünde tutýan ýörite döwlet maksatnamalarynyň kabul edilmegi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Hormatly Prezidentimiziň 2016-njy ýylyň 15-nji ýanwaryndaky Karary bilen tassyklanan we häzirki wagtda üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2016-2020-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasy maksada gönükdirilen işleriň aýdyň mysalydyr. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda hukuk döwletiniň alamatlaryny özünde jemleýän kadalar hem mynasyp orun tutýar. Çünki hukugyň hökmürowanlygy ýörelgesiniň beýany Esasy Kanundan başlanýar. Mälim bolşy ýaly, adam hukuklary baradaky halkara kadalarynda hukugyň hökmürowanlygy umumadamzat gymmatlygy hökmünde ykrar edilýär. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşiniň taslamasynda «Türkmenistanda kanun hökmürowandyr. Döwlet, onuň ähli edaralary we wezipeli adamlary hukuk hem konstitusion gurluş bilen baglydyr» diýen hukuk kadasynyň girizilmegi konstitusion gurluşyň esaslarynda hukugyň hökmürowanlyk ýörelgesiniň möhüm ornuny kesgitleýär. Konstitusiýada berkidilen kadalaryň we düzgünleriň gös-göni hereket edýändigi hem kanunçylyk ulgamyny kämilleşdirmekde hukugyň hökmürowanlygyny tassyklaýar. Ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler hem kanunçylygyň döwrebaplaşdyrylmagy bilen sazlaşyp, hukugyň hökmürowanlygy ýörelgesiniň durmuşa ornaşdyrylmagyna şert döredýär. Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda ösüş maksady bilen 2016-2020-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasynda dolandyryş we kanunyň hökmürowanlygy çygrynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Munuň özi, ýurdumyzyň halkara gatnaşyklar ulgamyndaky ornuny pugtalandyrýar. Şonuň bilen bir wagtda, 2015-nji ýyldan soňky döwür üçin Gün tertibiniň durnukly ösüşiň maksatlarynyň hukugyň hökmürowanlygy wezipesi bilen ýurdumyzda amala aşyrylýan kanunçylyk kämilleşdirmeleri utgaşykly alnyp barylýar. Türkmenistanyň Ýaşulularynyň nobatdaky maslahaty raýat jemgyýetiniň ösmegi üçin zerur şertleriň üpjün edilýändigi bilen bir hatarda, ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça işleriň netijeli alnyp barylýandygyna ýene-de bir gezek aýdyň şaýatlyk etdi. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň ösüşlere beslenip öňe barýan döwründe Konstitusiýamyzyň kämilleşdirilmegi demokratik ýörelgeleriň amala aşyrylmagyna, raýat jemgyýetiniň esaslaryny pugtalandyrmaga we kanunyň hökmürowanlygyna aýdyň ýollary açýar, her bir raýatyň bagtyýarlygynyň hem-de erkin ösmeginiň ileri tutulýandygyny alamatlandyrýar.

Köneler, TDUmaksat tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir