Biri 180 ýaşan goja sorag berýär: — Siz nädip şunça ýaşap bildiňiz? Belki, arak içen dälsiňiz, çilim çeken dälsiňiz... Uzak ýaşamagyň syry şolar bilen baglanyşyklydyr. — Hawa, aýdýanyňyz dogry. Men ömrümde arak içmedim, çilim hem çekmedim. Ýöne esasy sebäbi, men «Titanikden» gijä galdym. * * * Kiçijik gyzjagaz çagalar bagyndan dolanyp gelýär: — Çagalar bagynda hemmelere sanjym etdiler. Ejesi: —Ýeri, onsoň sen agladyňmy? -Ýok-la.Olar meniň yzymdan hem ýetip bilmediler. * * * Goja balykçy altyn balyk tutýar hem-de oňa haýyş edýär: —Altyn balyk, meniň ýekeje dilegim bar. Goý men mydama akylly bolaýyn. Altyn balyk: — Goý, seniň diýeniň bolsun! — diýip, ýüzüp gidýär. Onuň yzyndan seredip salan goja: — Wah-eý. Ýene-de samsyklyk etdim...-diýýär. * * * Bir zenan maşgala lukmanyň ýanyna gelip: — Lukman, men özümiň saglygyma seretdirmekçi. Siziň maslahatyňyz gerek —diýýär. Lukman: — Onuň ýaly bolsa ilki bilen siziň gözüňizi bejerip başlamaly bolarys — diýyär. Zenan: — О näme üçin? Meniň gözümde kemçilik ýok ahyryn — diýýär. Lukman: — Onda näme siz meniň otagymyň gapysyndaky uly harp bilen ýazylan «Mal lukmany» diýen ýazgyny görmänsiňiz...—diýýär. * * * Öňde biri gysganç dostunyň ýüzügini dakynyp görmek isläpdir. O1: — Sen maňa öz ýüzügiňi beräý. Meniň ýüregim gysan wagty ýüzüge seredip seni ýatlaryn — diýeninde, gysganç: — Ýok, dost, sen meniň ýüzügime däl-de barmagyňa seredeniňde meni tiz ýadyňa salarsyň — diýip jogap beripdir. * * * Ejeleri az-kem ymyzganan çagalar uly şagalaň edip oýna gyzypdyrlar. Olaryň oýna gyzandygyny gören kakalary: — Çagalar, ejeňiz ukudan oýanmaz ýaly az-kem ýuwaş boluň. Ol uklap ýatyrka kakaňyzam az-kem dynjyny alsyn —diýipdir.