Hä­zir­ki döw­ür­de oba ho­ja­ly­gy­ny güýç­li dep­gin­ler bi­len ös­dür­mek we öz­gert­mek, ony gir­de­ji­li pu­da­ga öwür­mek bo­ýun­ça uly iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Daý­han­la­ra ne­ti­je­li iş­le­mä­ge, top­rak­dan bol ha­syl ön­dü­rip, bo­le­lin dur­muş­da ýa­şa­ma­ga döw­le­ti­miz ta­ra­pyn­dan äh­li müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär. Top­ra­gyň ha­syl­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak­da ne­ti­je­li iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Oba-se­na­gat top­lu­my­nyň kö­pu­gur­ly müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ulan­mak­da has tä­ze, ne­ti­je­li usul­lar­dan peý­da­la­nyl­ýar. Top­lu­ma yl­myň we teh­ni­ka­nyň öň­de­ba­ry­jy ga­za­nan­la­ry, iň go­wy dün­ýä tej­ri­be­si giň­den or­naş­dy­ryl­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Ka­ra­ry­na la­ýyk­lyk­da, şu ýyl ýur­du­myz­da 1 mil­li­on 50 müň ton­na pag­ta ön­dür­mek, şeý­le hem 1 mil­li­on 600 müň ton­na gal­la ön­dür­mek bel­le­nil­di. Hal­ka­ra Now­ruz baý­ra­my­nyň bel­le­nil­ýän gün­le­rin­de ga­dy­my daý­han­çy­lyk däp­le­ri­mi­ze la­ýyk­lyk­da, ýur­du­myz­da go­wa­ça eki­şi­ne ba­dal­da be­ril­di. 23-nji mart­da Ahal, Le­bap we Ma­ry we­la­ýat­la­ryn­da hor­mat­ly ýa­şu­lu­la­ryň, tej­ri­be­li daý­han­la­ryň, me­ha­ni­za­tor­la­ryň, oba ho­ja­lyk hü­när­men­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da go­wa­ça eki­şi­ne, Bal­kan we­la­ýa­tyn­da bol­sa, mi­we-gök we bak­ja ekin­le­ri­niň eki­şi­ne ba­dal­ga be­ril­di. 30-njy mart­da Da­şo­guz we­la­ýa­ty­nyň pag­ta­çy­la­ry go­waçа eki­şi­ne baş­la­dy­lar. Bu ýer­de ho­wa şert­le­ri na­zar­da tu­tu­lyp, ekiş möw­sü­mi­ne ýur­du­my­zyň beý­le­ki we­la­ýat­la­ryn­da­ka ga­ra­nyň­da, bi­raz gi­j­räk gi­ri­şil­ýär. Ekiş möw­sü­mi­ni ýo­ka­ry de­re­je­de gu­ra­mak mak­sa­dy bi­len, se­bit­ler­de ýö­ri­te to­par­lar dö­re­di­lip, me­ýil­na­ma­la­ýyn çä­re­ler ge­çi­ril­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz eke­ran­çy­la­ryň zäh­met we dur­muş şert­le­ri­ni go­wu­lan­dyr­mak, ýo­ka­ry ön­dü­ri­ji­lik­li teh­ni­ka­la­ry we en­jam­la­ry sa­tyn al­mak, daý­han­la­ry ýo­ka­ry hil­li to­hum bi­len üp­jün et­mek we­zi­pe­le­ri­ne aý­ra­tyn üns ber­ýär. Oba ho­ja­lyk pu­da­gy­ny yzy­gi­der­li ös­dür­mek, ekin­le­riň bol ha­sy­ly­ny ýe­tiş­dir­mek, ýe­tiş­di­ri­len ha­sy­ly çalt we ýit­gi­siz ýyg­nap al­mak üçin kä­mil oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry yzy­gi­der­li sa­tyn alyn­ýar. Mi­ne­ral dö­kün­le­ri ön­dür­ýän kär­ha­na­lar gu­rul­ýar. Su­wa­ryş we zeý­keş ul­gam­la­ry, tä­ze how­dan­lar gur­lup, suw bi­len daý­han­la­ry bo­le­lin üp­jün et­mek hem-de ýer­le­riň me­lio­ra­tiw ýag­da­ýy­ny go­wu­lan­dyr­mak, yl­myň ga­za­nan­la­ry­ny önüm­çi­li­ge yzy­gi­der­li or­naş­dyr­mak bo­ýun­ça giň ge­rim­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Suw­dan re­je­li peý­da­lan­mak mak­sa­dy bi­len, döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­la­ry, şol san­da ekin­le­ri su­war­mak bo­ýun­ça teh­no­lo­gi­ýa­lar iş­jeň ula­nyl­ýar. Gök önüm­le­ri ýe­tiş­dir­mek­de eme­li ýa­gyş su­wy, mi­we­li bag­lar­da dam­ja­la­ýyn su­wa­ryş usu­ly oňat ne­ti­je ber­ýär. Şu ýy­lyň 8-nji ýan­wa­ryn­da ge­çi­ri­len Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň gi­ňiş­le­ýin mej­li­sin­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz 2016-njy ýyl­da öň­de du­ran mö­hüm we­zi­pe­le­ri kes­git­le­di. Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de ýur­du­my­zyň oba ho­ja­ly­gy­ny düýp­li öz­gert­mek we oba ho­ja­lyk pu­da­gy­ny top­lum­la­ýyn ös­dür­mek mak­sa­dy bi­len, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Ka­ra­ry bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň Oba we suw ho­ja­lyk mi­nistr­li­gi­niň mer­ke­zi eda­ra­sy­nyň gur­lu­şy tas­syk­la­nyl­dy. Tä­ze mi­nistr­lik Türk­me­nis­ta­nyň Oba ho­ja­lyk mi­nistr­li­gi­ni, Türk­me­nis­ta­nyň Suw ho­ja­lyk mi­nistr­li­gi­ni, “Türk­men­gal­laö­nüm­le­ri”, “Türk­me­no­ba­hyz­mat” döw­let bir­le­şik­le­ri­ni, Döw­let mal­dar­çy­lyk bir­le­şi­gi­ni, “Türk­men­pag­ta” döw­let kon­ser­ni­ni we onuň ga­ra­my­gyn­da­ky “Ak al­tyn“ söw­da kär­ha­na­sy­ny bir­leş­dir­ýär. Ýur­duň oba we suw ho­ja­lyk pu­da­gyn­da­ky şeý­le dü­züm­le­ýin öz­gert­me ler iş­le­riň saz­la­şyk­ly ýo­la go­ýul­ma­gy­ny, do­lan­dy­ryş ul­ga­my­nyň ne­ti­je­li bol­ma­gy­ny üp­jün eder. Ýurt Ga­raş­syz­ly­gy ýyl­la­ry için­de gal­la­çy­lyk, pag­ta­çy­lyk, mal­dar­çy­lyk pu­dak­la­ryn­da, oba ho­ja­lyk hyz­mat­la­ry­ny üp­jün et­mek­de, suw ho­ja­ly­gy ul­ga­myn­da uly we­zi­pe­ler ýe­ri­ne ýe­ti­ril­di. Ge­çen dö­wür­le­riň do­wa­myn­da oba ho­ja­ly­gy­nyň pu­dak­la­ry­ny bir dü­zü­me jem­le­mek, işi mer­kez­leş­dir­mek üçin berk bin­ýat dö­re­dil­di. Dü­züm­le­ýin öz­gert­me­ler oba we suw ho­ja­lyk­la­ry­ny ut­ga­şyk­ly do­lan­dyr­mak­da tä­ze ösüş­le­ri şert­len­di­rer. Öz işi­ni bes eden “Türk­me­no­ba­hyz­mat” döw­let bir­le­şi­gi­niň ha­sa­byn­da du­ran oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry daý­han bir­le­şik­le­rin­de peý­da­la­ny­lar. Bu çöz­güt hem daý­han bir­le­şik­le­rin­de oba­-hyz­mat iş­le­ri­niň gu­ra­ma­çy­lyk­ly, ne­ti­je­li ýo­la go­ýul­ma­gy­na ýar­dam eder. Oba ho­ja­ly­gyn­da önüm­çi­li­ge yl­myň öň­de­ba­ry­jy ga­za­nan­la­ry­ny we tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­mak me­se­le­le­ri­ne uly üns be­ril­ýär. Öz işi­ni bes eden Türk­me­nis­ta­nyň Oba ho­ja­lyk mi­nistr­li­gi­niň Yl­my-bar­lag pag­ta­çy­lyk ins­ti­tu­ty­ny, S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň Yl­my-bar­lag eke­ran­çy­lyk ins­ti­tu­ty­ny hem-de “Türk­men­gal­laö­nüm­le­ri” döw­let bir­le­şi­gi­niň Yl­my-bar­lag dä­ne­lik ekin­le­ri ins­ti­tu­ty­ny go­şup, ola­ryň bin­ýa­dyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Oba we suw ho­ja­lyk mi­nistr­li­gi­niň Oba ho­ja­lyk yl­my-bar­lag ins­ti­tu­ty dö­re­dil­di. Oba ho­ja­ly­gy ul­ga­myn­da­ky yl­my eda­ra­la­ryň ut­gaş­dy­ry­lan dü­zü­mi­niň dö­re­dil­me­gi alym­la­ryň ta­gal­la­la­ry­ny bir­leş­dir­mä­ge, yl­my-bar­lag ins­ti­tu­ty­nyň teh­ni­ki bin­ýa­dy­ny has-da kä­mil­leş­dir­mä­ge, ýaş alym­la­ry taý­ýar­la­ma­ga ýar­dam be­rer. Ber­ka­rar döw­le­ti­miz­de düýp­li öz­gert­me­le­riň giň ge­rim­ler bi­len dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi hal­ky­my­zyň eş­ret­li, aba­dan we bag­ty­ýar dur­muş­da ýa­şa­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len­dir. Mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 25 ýyl­ly­gy­nyň bel­le­nil­ýän 2016-njy ýyl hem ýur­du­my­zyň ösü­şin­de mö­hüm sep­git­le­re eýe bo­lun­jak ýyl­la­ryň bi­ri bo­lar. Mer­gen Gur­ba­now, S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky TO­HU-nyň mu­gal­ly­my.

Köneler, TDUmaksat tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir