Ýetişen gyzyň gündeligindäki ýazgy: — Eger-de siz gyşda duşuşyga gijä galyp gelseňiz, ömrüňiz ötýänçä sowukda galmagyňyz ahmal. * * * Üç jora öz aralarynda gürrüň edýärler. Olaryň biri: — Meniň oglum ulalanda arhitektor bolar. Ol öz deň-duşlarynyň arasyňda hemmesinden surat çekmekde öňe saýlanýar. Ikinjisi: — Meniň oglum bolsa uçarman bolar. Sebäbi onuň surat depderi uçaryň suratyndan doly. Üçünjisi: — Meniň oglum ir-iýmişdir şöhlatyň, şeýle-de sowadyjynyň suratyny örän köp çekýär. * * * Akwariumda ýüzüp ýören iki balyk jedelleşýär. Olaryň biri siltenjiräp gaharlanýar-da, akwariumyň başga künjüne ýüzüp gidýär. Birsalym akwariumyň çüňkünde öýkeläp durup, yzyna gaýdyp gelýär-de: — Seniň aýdyşyň ýaly adamlar erbet bolsa... onda akwariumyň suwuny kim çalşar?! * * * — Kakam size köp salam iberdi. — Başga zat ibermedimi? -Ýоk. — Onda şol köp salamyň birini goý-da, galanyny onuň özüne eltip beräý. * * * — Näme, toý aýtdyrjak bolsalar, ybalyrak adam tapmadylarmyka?! — ybalyrak adam kän, Bammat aga. Ýöne olary ybalyrak adamlara toýaýtmaga iberdiler. * * * — А gyz! Sizi düýn haýwanat bagynda göräýdim öýdýän... — Wiý, şeýlemi. Siz haýsy gözenegiň içindediňiz?.. * * * Bir aýal taksä münýär. — Çaga dogrulýan öýe sürüň! Taksiçi tizligi artdyrýar. — Ýuwaşrak süreweriň. Men çaga dogrulýan öýde işleýän. * * * — Keýwany, işigi açyp goýaýypsyň-la, öýesiňek bary giripdir... — Sen gir bakaly, birem durmaz... * * * Bir gysganjyň ogly syrkawlapdyr. Ol öýüne lukman çagyrypdyr. Lukman hassany barlap, ondan düýpli kemçilik tapmandyr. —Ýaşuly, ogluňyza bag çebşiň etini iýdirseňiz, tut ýaly bolar —diýeninde, ýatan hassa: — Wah, lukmanjan, näsini aýdýaň... —diýen. * * * — Goňşy, Bammatlaň toýuny aýtdylarmy?!.. — Hawa. — Ýör onda toýa gideli-dä. — Gidäýmeli welin, toý ýerini daşrak görýän. — Päheý-de, sen-ä oňardyň-ow. Toýýeri han-ha görnüpdurahyry. —Wah, gidişin daş däl. Gaýdyşyn emedekläp gaýtjak bolsaň, şonda kyn.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir