Käte uzyn-uzyn goşgy ýazýarys, Düşýäris-de birje sözüñ yzyna. Suwarýas ne giden ot-çöpleri-de, Bihuş bolup birje gülüñ ysyna. Kä birje ynsany söýenmiz üçin Söýýäs adamzady, söýýäs jahany. Ol ymgyr ummanlar tolgunarmyşyn Gökden birje damja inen mahaly. Bir ýürekdeş dostuñ didary diýip Näçe ýol gecilýär,menzil aşylýar Göwnüme bolmasa uzyn ömürler Belli-belli günler üçin ýaşalýar. K.Rejebow

Köneler, Akgozel tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir