— A-ýu, goňşy, göreňokmy, seniň çagalaryň bäşisi meniň howlyma geçip, almalarymy dagadyp barýar. — Bä, olaryň altynjysy nirede kaňkap ýörkä? * * * Adamsy stoluň üstüne aýakgaby bilen çykyp, çyrany towlaýar. Aýaly: —Aýagyň aşagyna kagyz düşäýmeli ekeniň-dä! — О nämä gerek, onsuzam boýum ýetip dur ahyry! * * * — Sen meni söýeňoköýdýän... — Goýsana, aýdýan gürrüňiň nähili? — Sen meni «Ömürboýy elimde göterip gezerin» diýip, söz beripdiň ahyry. — Wah, men seniň iki esse agraljagyňy nireden bileýin! * * * — Eşider bolsaň, atasy, Amany berk berhiz tutmaly edipdirler... — Onuň ýaly bolsa, ony agşam naharyna çagyraýmaly ekeniň...

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir