Kemçiligmi basyp göni ýüzüme, Artyk tarapymam ,,pişik deý gömmäñ,,! Belli däl näçe gün ýaşajagymyz, Akylly tanyşlam göwnüme degmäñ. Ýönekeý mysal bar durmuşdan alnan, Söýjek, köýjek, aljak, goýjak nä derdiñ? Birden dälliresem günlerde bir gün, Begenermiñ, gynanarmyñ, nädersiñ? Dostsyramak galar gerek düýbünden? Kime gerek garamaty bir sähnäñ. Bu pana, näm üçin ýalançy diýýäs? Artist otyr añyrsynda her sahnañ. Bu gün ýigrenenlem ertir dostlarym, Düýnki dost saýanlam bu gün duşmanym. Neçün kä kişini öýe göýberdim, Eger-eger egsilenok puşmanym. Garaz ähliñize ýeke sözüm bar, Özüne ýeterlik kemi bar hemmañ. Ýa-ha bolşum ýaly, kabul ediñ siz, Ýa owarra boluñ, göwnüme degmäñ. Awtory :Ýazmyrat Çörliýew