Oňde bir sary sakgal söw-dagär öz hyzmatkärine: — Näme üçin seniň sakgalyň ýok?—diýip, onuň üstünden gülüpdir. Ol: —Wah, hojaýyn, men sakgal paýlanylanda gijä galdym. Men gelemde gara we ak sakgallar paýlanyp gutarypdyr. Onsoň men: «Sary sakgal gysganç adamlarda bolýar» diýip, ony almadym — diýipdir. * * * Öz bilimi bilen köplerden saýlanan zähmetsöýer adamdan: — Sen nädip ylymda uly üstünlikleri gazanyp bildiň? — diýip soranlarynda, ol: —Men garga ýaly ir turdum, it ýaly çydamly boldum, edil ýarganat ýaly hemme zady öz wagtynda etmäge çalyşdym — diýipdir. * * * Iki dost biri-birine öz göwün söýen gyzlaryna öýlenmekçi bolýandyklaryny aýdýarlar. Şondan köp wagt geçmänkä olaryň biri uly toý tutup öýlenýär. Toýa gelen dosty oňa sygyr sowgat berjekdigini aýdýar. Aradan bir ýyl geçýär. Ol berjek diýen sowgadyny bermän, uludan toý tutup öýlenýär. Onuň toýuna gelen dosty: —Men öz dostumy çyn ýürekden gutlaýaryn. Dostumyň özüme sowgat beren sygryny hem oňa sowgat edýärin. Şu geçen wagtyň içinde sygryň gölesem boldy—diýip, ony gutlaýar. * * * Iki ýaşuly özara gürleşýär. Olaryň biri beýlekisinden: — Gyşda öýüňiz ýylymy? — diýip soranynda,ol: —Aý hawa, egniňe içmek geýip, peje golaý otursaň ýyly bolýar—diýip jogap beripdir. Gaýynynyň öýüne myhmançylyga gelen giýewiň wagty bilen gaýdasy gelmändir. Ol penjireden daşaryk seredip: — Ýagyşly howada itlerem köçede gezmelänok - diýeninde, gaýyny: — Itler gezmelemeseler-de, adamlar köçede — diýipdir. * * * Öňde bir görmegeý gyz durmuşa çykanynda joralary ondan: — Sen näme üçin bigörk ýigide durmuşa çykýarsyň? — diýip sorapdyrlar. Şonda ol: — Durmuşda hemme zat özara sazlaşýar. Şonuň üçin meniň görk-görmegim adamymyň abraýyny artdyrar—diýip jogap beripdir. * * * Ýalan sözlemekde özüni tanadan adam: — Indi, men näçe pul berselerem ýalan sözlemerin — diýip gürläpdir. Onuň sözüni eşidenleriň biri: — Häzir sen hiç zat almazdan ýalan sözle-ýärmiň?—diýip, onuň özüne sowal beripdir.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir