Başymyzyň täji Watan Ynsan üçin dünýäde özüniň dogduk mekanyndan zyýada ýer ýokdur. Her birimiz üçin göbek ganymyz daman, ilkinji sapar gulagymyza azan aýdylan, ýumşak sallançakda ýatyrkak, ene hüwdüsi ýaňlanan, ulalyp, kemala gelen topragymyz mukaddesdir, keremlidir, onuň howasy jana tenekardyr. Beýik Biribaryň nazary düşen bu behişdi topragy mekan eýlän halkymyzyň ata Watanymyza söýgüsi ähli duýgulardan zyýadadyr. Şonuň üçin ata-babalarymyz dünýäniň haýsy künjeginde bolsalar-da, ene topragymyzy unutmandyrlar, ýene-de oňa dolanyp gelipdirler. Mähriban topragymyza jandan-dilden hyzmat etmek, onuň goýnunda erkana ýaşamak olaryň iň eziz isleg-arzuwy bolupdyr. Eždatlarymyzyň özbaşdak döwletli bolmak hakynda eden arzuwlary biziň döwrümizde amala aşdy, olaryň bu babatda çeken azaplary ýerine düşdi. Şol sebäpli biz her ýylda Garaşsyzlyk gününi giňden, uly tutum bilen baýram edýäris. Baş baýramymyzyň şanly 25 ýyllygy hem ýatdan çykmajak dabaralara beslenýär. Eziz Diýarymyzda örän gysga döwürde bolup geçen ösüşler, amala aşyrylan özgerişlikler haýran galdyryjydyr, asyrlara barabardyr. Şeýle beýik işleriň gözbaşynda bolsa hormatly Prezidentimiziň çuňňur parasada ýugrulan dünýä nusgalyk syýasatlary durýar. Döwlet Baştutanymyz bedew batly okgunly ösüşleri, asyrlara barabar özgerişleri halkymyzyň egsilmez döredijilik kuwwatyny ýurdumyzy tanalmaz derejede özgertmegiň bähbidine goýmagyň hasabyna gazandy. Amala aşyrylýan beýik işlere gujur-gaýrata beslenip gatnaşmak bilen, orta mekdebimiziň agzybir işgärleri ösüp gelýän ýaş nesle döwrebap bilim we terbiýe bermekde tutanýerlilik we maksada okgunlylyk görkezýärler. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan ähli ösüşleriň binýady bolan bilim ulgamynyň ileri tutulyp ösdürilmegi netijeli zähmet çekmäge örän amatly şertleri döretdi. Bilim ojaklarynyň öňdebaryjy tehnologiýalara esaslanýan okuw enjamlary, kitaplar, gollanmalar bilen üpjün edilmegi okuw-terbiýeçilik işlerini ýokary talaplara laýyklykda guramaga giň mümkinçlikleri açýar. Biz okuwçylaryň gatnaşmagynda guralýan täsirli çärelerde beýik Garaşsyzlygyň başlarymyzyň täji bolan Türkmenistan üçin ähmiýeti, onuň halkymyzyň bagtly ýaşaýşynyň gözbaşy bolup durýandygy hakynda giňden durup geçýäris. Şeýle tagallalar arkaly ýurdumyzyň geljekki eýeleri boljak ýaşlaryň beýik döwrümize mynasyp adamlar bolup ýetişmeklerini gazanmak baş maksadymyzdyr. Biziň azat-erkana ýaşamagymyz, döredijilikli zähmet çekmek, abadan durmuşda ýaşamagymyz üçin ýadawsyz alada edýän Gahryman Arkadagymyza hoşallygymyz çäksizdir. Geljekde hem il-ýurt bähbitli işleriň öň hatarlarynda bolmak üçin ähli yhlasly zähmet çekeris.

Köneler, TDUmaksat tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir