Beýik Berkararlygymyzyň şanly baýramçylygynyň dabaralary köňüllere şatlyk paýlap, Watana, eziz Arkadagymyza buýsançlary beýgeldip dowam edýär. Hatda çagalar baglaryna gatnap ýörenje körpelere çenli Garaşsyzlyk, Watan, mähriban Arkadagymyz hakyndaky aýdymlary uly joşgun bilen ýerine ýetirýärler. Olaryň şatlykdan doly ýüzlerine bakanyňda Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň keşbine — çaga şatlygyna, buýsanjyna nazaryň kaklyşyp, göwnüň göterilýär. Biz soňky ýyllarda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň oňat miwesini getirýändigini görüp ýörüs. Watanymyz gür baglyklara, gülzarlyklara beslenýär, kuwwatlanýar, ösüş gadamlary batlanýar, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi ýokarlanýar. Bularyň hemmesi Beýik Garaşsyzlygymyz bilen aýrylmaz baglanyşykly. Biz muny entek çagalar baglaryndaky çagalara düşündirýäris, şolar arkaly watançylyk, dostluk-doganlyk duýgularyny ösdürýäris. Hormatly Prezidentimiziň täze eýýamyň täze neslini kemala getirmek boýunça öňde goýan wezipeleri bolsa şulary öz içine alýar. Baýramçylyk günleriniň dabaralarynda körpeleriň şadyýan owazlaryny diňläniňde, ýaşlaryň joşgunly tanslaryny synlanyňda hut şeýle — döwrebap nesliň kemala gelýändigine ynanýarsyň we buýsanýarsyň. Şunda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň we okuw mekdepleriniň alyp barýan işleriniň uly ähmiýetiniň bardygyny aýtmak gerek. Köp ýyl bäri bilim ulgamynda işleýänligim üçin menem özümiň şu özgerişliklerde paýymyň bardygyna guwanýaryn. Şol duýgy, buýsanç has tijenip, has döredijilikli, has yhlasly işlemäge ruhlandyrýar. Baýramçylyk dabaralarynyň täsirleri mähriban Watanymyza bolan söýgiňi, täze eýýama buýsanjyňy beýgeldip, eziz Arkadagymyza söýgiňi öňküdenem artdyrýar. Galkynan göwünlerde Watanymyzyň şan-şöhratyny halkymyzyň at-abraýyny belende galdyryp, äleme ýaýýan eziz Arkadagymyza alkyşlar joş urýar. Kalbyňda Gahryman Prezidentimiziň «Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!» diýen ganatly sözleri sena bolup ýaňlanýar. Goý, biziň röwşen ertirlerimiziň hatyrasyna ilimiz agzybir, ýurdumyz abadan, eziz Arkadagymyzyň başy aman bolsun!

Köneler, TDUgulya tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir