Türkmenistan ykdysady taýdan kuwwatly döwletleriň biridir. Munuň şeýledigine soňky ýyllarda gurlan senagat kärhanalaryna we medeni-durmuş ähmiýetli binalara ýüzleý ser salsaň hem, göz ýetirmek bolýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda biziň welaýatymyzda hem ykdysady we medeni-durmuş taýdan uly üstünlikler gazanyldy. Muny diňe biziň etrabymyzda gurlup, ulanylmaga berlen, gurluşygy dowam etdirilýän senagat kärhanalarynyň, medeni-durmuş binalarynyň mysalynda hem görmek bolýar. 2008―2016-njy ýyllaryň aralygynda welaýatymyzda 6,5 milliard manada golaý düýpli maýa goýumlarynyň özleşdirilendigi ýetilen sepgitleriň aýdyň görkezijisidir. Şeýle ösüşleriň başynda Gahryman Arkadagymyzyň durýandygy, olaryň ýurdumyzyň ähli künjeklerine mahsusdygy guwandyryjydyr. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzyň ilatyny ösümizde ýetişdirilýän oba hojalyk önümleri bilen üpjün etmäge ugur alyndy. Şu maksatlar bilen gök, bakja ekinleriniň dürli görnüşleri ekildi, miweli baglaryň meýdany giňeldildi. Indi bazarlarda, dükanlarda öz topragymyzda ösdürilip ýetişdirilen önümler agdyklyk edýär. Maldarçylygy ösdürmäge hem üns güýçlendirildi. Şonda döwlete degişli maldarçylyk hojalyklary bilen bir hatarda telekeçilere hem bu ugurdan täze derejelere çykmaga oňyn şertler döredildi. Netijede daşary ýurtlardan getirilýän azyk önümleriniň ornuny tutýan önümleri öndürmäge giň ýol açyldy. Muny ykdysadyýetiň beýleki pudaklary barada hem aýdyp bolar.