Ymamnazar – Akina, 30-njy oktýabr (TDH). Şu gün türkmen hünärmenleri tarapyndan türkmen-owgan demir ýolunyň ahyrky nokady Akina bekedinde (OYR) soňky ýol seplemleri goýuldy. Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň birinji tapgyrynyň – Atamyrat-Ymamnazar (Türkmenistan) - Akina (Owganystan) gurluşygynyň taslamasy durmuşa geçirildi. Transmilli demir ýolunyň bu böleginiň umumy uzynlygy 88 kilometr bolup, onuň 85 kilometri biziň ýurdumyzyň çäklerinden, ýene üç kilometri bolsa Ymamnazar we Akina serhetýaka nokatlarynyň arasyndan geçýär. Demir ýoluň bu böleginiň ahyrky işleri türkmen ýol gurluşykçylary tarapyndan Owganystanyň çäklerinde ýerine ýetirildi. Owganystanyň Akina nokadynda geçirilen dabara iki ýurduň demir ýol pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem gurluşykçylar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ýerli häkimiýetiň wekilleri gatnaşdylar. Owganystanyň Prezidentiniň GDA ýurtlary bilen gatnaşyklar boýunça ýörite wekili Şakir Kargaryň belleýşi ýaly, sebitde ulag aragatnaşyk ulgamyny ösdürmek sebit boýunça söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, biziň döwletlerimiziň ulag-üstaşyr geçirijilik kuwwatyny netijeli peýdalanmaga, ýurtlarymyzyň häzirki zaman halkara ykdysady gatnaşyklar ulgamyna işjeň goşulyşmagyna mümkinçilik berer. Owganystanyň demir ýol ministri Mahmud Balegiň aýtmagyna görä, türkmen demirýolçulary bilen uly geljegi bolan demir ýol ulgamlaryny kemala getirmek diňe bir goňşy ýurtlaryň hem-de halklaryň bähbitlerine gulluk etmek bilen çäklenmän, ählumumy parahatçylyk we durnukly ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän özara bähbitli sebit hem-de halkara ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge mümkinçilik berer. Ýygnananlar Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň gurluşyk bölüminiň kuwwatly demir ýol goýujysynyň taýýarlanan ýere ahyrky demir ýol bölegini goýýan pursadyny joşgunly el çarpyşmalary bilen garşylaýarlar. Türkmen ýol gurluşykçylarynyň ulanýan häzirki zaman tehnikasy we enjamlary, işleriň göwnejaý hem-de netijeli guralmagy bu iri möçberli taslamanyň durmuşa geçirilmegini tizleşdirmäge mümkinçilik berdi. Dabarada çykyş edenleriň belleýşi ýaly, Owganystanda bu täze demir ýolunyň işläp başlamagy bilen uly durmuş-ykdysady özgertmelere garaşylýar. Halkara demir ýol magistralynyň, oňa degişli düzümleriň döredilmegi netijesinde bu çäkleriň keşbi düýpli özgerýär, olaryň senagat taýdan ösüşi ýokary depginlere eýe bolýar. Täze demir ýolunyň işe girizilmegi bilen çöllük ýerlere elektrik energiýasy, aragatnaşyk ulgamlary çekiler, ýaşaýyş jaýlary hem-de medeni maksatly desgalar peýda bolar. Bu demir ýol ulgamy halkara ulag gatnawlarynyň möhüm bölegi bolmak bilen, sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny işjeňleşdirer hem-de Owganystanyň ykdysadyýetiniň gaýtadan dikeldilmegine kuwwatly itergi berer, durmuş meseleleriniň çözülmegine, ilatyň iş orunlary bilen üpjün edilmegine ýardam berer. Pursatdan peýdalanyp, dostlukly goňşy ýurduň wekilleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hem-de ähli doganlyk türkmen halkyna Owganystanyň durmuş-ykdysady düzümlerini gaýtadan dikeltmäge yzygiderli goldaw berýändikleri üçin çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler. Bellenilişi ýaly, owgan halky Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasatyna hem-de ählumumy parahatçylygyň we howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen döredijilikli syýasatyna ýokary baha berýär. Häzirki wagtda beketlerde, inženerlik desgalarynda, kömekçi düzüm böleklerinde gurluşyk-gurnama işleri tamamlanyp barýar. Garagum derýasynyň giň gollarynda, onuň gözbaşynda ýurdumyzyň gurluşykçylary Ukrainanyň “Altkom” kompaniýasynyň hünärmenleri bilen bilelikde giňligi 5,8 metre barabar bolan demir ýol köprüsiniň ikisi guruldy. Olaryň biriniň uzynlygy 363 metre, beýlekisiniňki bolsa 256 metre barabardyr. Şeýlelikde, döwlet hem-de halkara ähmiýetli demir ýol gurluşygy boýunça baý tejribe toplan türkmen demir ýolçularynyň ýadawsyz zähmetleri netijesinde ýene bir iri taslamanyň gurluşyk işleri tamamlandy. Türkmenistan bilen Owganystany ykdysady taýdan pugta baglanyşdyrjak täze ýoluň zerurlygyny hem-de kuwwatyny “Ymamnazar” gümrük nokady boýunça geçýän ýükleriň yzy üzülmeýän akymlary hem aýdyň görkezýär. Türkmenistandan nebit önümleri, suwuklandyrylan gaz, karbamid, sement, däne, buýan köki, tehniki uglerod, pagta ýagy, sarja goýnunyň ýüňi we beýlekiler daşary ýurda çykarylýar. Mundan başga-da, bu ýerden üstaşyr ynsanperwer we beýleki ýükleriň iri möçberleri geçirilýär. Getirilýän harytlar hökmünde esasan Owganystandan üstaşyr geçirilýän sitrus miweleri hasaba alynýar. Soňra azyk önümleriniň birnäçesi biziň ýurdumyzyň üstünden sebitdäki goňşy ýurtlara we Ýewropa ugradylýar. Demir ýolunyň açylmagy bilen ýurtlaryň arasyndaky haryt dolanyşygy ep-esli ýokarlanar. Muňa “Ymamnazar” gümrük nokadynda nebit önümlerini kabul etmek, saklamak we ýüklemek boýunça Aziýa demir ýol geçelgesiniň türkmen bölegi bilen bir wagtda işe girizilmegi göz öňünde tutulýan terminal hem ýardam eder. Owganystan bilen serhetde suwuklyk saklamak üçin niýetlenen gaplar, dolandyryş edaralary we terminalyň beýleki desgalary peýda bolýar. Olaryň işe girizilmegi bilen Türkmenistanyň eksport mümkinçilikleri ep-esli ýokarlanar. Atamyrat-Ymamnazar-Akina demir ýoly öz gezeginde Hytaýyň demir ýol şahalaryna birigip, onuň üsti bilen Aziýa – Ýuwaş umman sebitiniň batly depginler bilen ösýän ýurtlaryna çykjak Aziýa halkara demir ýol geçelgesiniň birinji bölegi bolar. Türkmenistan geljegi uly ähli ugurlar boýunça halkara ulag geçelgelerini döretmegi işjeňleşdirýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn başlangyçlary netijesinde ýurdumyz tarapyndan gurulýan ýollar parahatçylygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň we hyzmatdaşlygyň ýollaryna öwrülýär. Ýakyn wagtda Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan bilelikde Aşgabatda geçiriljek Durnukly ulag ulgamy boýunça ählumumy maslahat hem bu möhüm meselä bagyşlanar. Ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ösdürilmegi Türkmenistanyň ykdysady bähbitlerine doly laýyk gelýär. Goňşy döwletler hem bir sebitiň çäklerine degişli hem-de özara baglanyşykly ulag ýollarynyň gurulmagyna hem-de söwda-ykdysady gatnaşyklaryň baglanyşdyrylmagyna uly gyzyklanma bildirýärler. Muňa ýurdumyzyň alyp barýan daşary syýasat ugry hem ýardam berýär, ol parahatçylyk dörediji ugra, sebitde hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ähli döwletler bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna gönükdirilendir. Muňa Owganystanda, Akinada geçirilen demir ýoluň soňky böleginiň çekilmegine bagyşlanan dabara hem şaýatlyk edýär.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir