Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda agzybirligiň, asudalygyň we bagtyýarlygyň goýnunda erkana ýaşaýan halkymyzyň toýlary toýa ulaşýar. Täze ösüşlere beslenýän ýurdumyzda bellenilip geçilýän her bir baýramy agzybirlikde, mynasyp zähmet ýeňişleri bilen garşylamagy asylly däbe öwren halkymyz döwlet Garaşsyzlygymyzyň çärýek asyrlyk şanly toýuna uly ruhubelentlik bilen barýar. Garaşsyzlyk baýramy - baýramlaryň seresi, toýlaryň naýbaşysy hasaplanýar. Bu baýram türkmen halkynyň ruhuny, jebisligini, erkinligini, täze ösüşleri gazanmakda ýetilen sepgitlerini özünde jemleýän, şeýle hem bagtly geljege şugla saçýan döwletimiziň baş baýramy bolup durýar. Ol biziň merdana ata-babalarymyzyň umyt-arzuwlarynyň we islegleriniň hasyl bolmagydyr. Ata-babalarymyzyň agzybir, parahat we oňşukly ýaşamak barada eden wesýetlerine hem-de milli özboluşlylygyna esaslanyp, türkmen halky Garaşsyzlyk ýyllarynda asyrlara barabar işleri amala aşyrdy. Bilşimiz ýaly, Türkmen döwletiniň binýadynyň gurlup başlanmagy taryhyň öwrülişikli zamany bilen gabat geldi. Şol döwürde, ýagny 1990-njy ýylyň 22-nji awgustynda ýurdumyzyň döwlet gurluşyny berkiden, halk agzybirligini bitewüleşdiren Türkmenistanyň Döwlet özygtyýarlylygy hakyndaky Jarnama kabul edildi. Jarnamada ýurdumyzyň dünýä bileleşiginiň doly hukukly we garaşsyz agzasy bolýandygy beýan edildi hem-de ýurduň bütin çäginde respublikanyň häkimiýetiniň hökmürowanlygy, özbaşdaklygy, doly ygtyýarlylygy, mizemezligi, daşary ýurtlar bilen gatnaşyklarda özüniň garaşsyzlygy we deňhukuklylygy hökmünde ýurduň döwlet özygtyýarlylygynyň jar edilýändigi kesgitlendi. Şeýle hem döwlet özygtyýarlylygynyň her bir adama ýurduň Esasy Kanunynda we umumy ykrar edilen halkara resminamalarynda bellenilen hukuklaryň we azatlyklaryň üpjün edilmeginiň hatyrasyna durmuşa geçirilýändigi yglan edildi. Türkmenistanyň raýatlarynyň gelip çykyşyna, durmuş we emläk ýagdaýyna, jynsyna we milletine, bilimine, diline, syýasy garaýyşlaryna, dini ygtykatyna, ýaşaýan ýerine hem-de beýleki ýagdaýlara garamazdan, olaryň hemmesiniň kanun öňündäki deňliginiň üpjün edilýändigi öz beýanyny tapdy. Şunuň bilen baglylykda, Döwlet özygtyýarlylygy hakyndaky Jarnama Türkmenistan döwletiniň özygtyýarlygynyň, garaşsyzlygynyň hem-de içeri we daşary syýasatynyň esas goýujy ýörelgelerini kesgitleýän we ýurdumyzy täzeçe ösüşlere ugrukdyrýan ilkinji taryhy hukuk binýady bolup şöhlelendi. 1991-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda ýurdumyzda geçirilen ählihalk sala salşygynda halkyň mälim eden erk-islegini hem-de Döwlet özygtyýarlylygy hakyndaky Jarnamany durmuşa geçirmek maksady bilen, 1991-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda kabul edilen «Türkmenistanyň Garaşsyzlygy we döwlet gurluşynyň esaslary hakynda» Türkmenistanyň konstitusion Kanuny bilen Türkmenistan Garaşsyz demokratik döwlet diýlip jar edildi. Şeýle hem türkmen halkynyň öz hakyky milli döwletini edinmeginiň hatyrasyna, milletine, jynsyna, sosial gelip çykyşyna we uýýan dinine garamazdan, her bir adam üçin Türkmenistanyň Esasy Kanunynda, Adam hukuklarynyň ählumumy Jarnamasynda we halkara hukugynyň beýleki kadalarynda göz öňünde tutulan hukuklary, azatlyklary üpjün etmegiň, kanun agalyk edýän ynsanperwer, demokratik jemgyýet gurmagyň hatyrasyna jar edilýändigi kesgitlendi. Bu Kanunda Türkmenistanyň çägindäki ýer we ýerasty baýlyklaryň, howa giňişliginiň, suwuň we deňiz ykdysady zonasynyň halkyň milli baýlygy we eýeçiligi bolup durýandygy hem-de döwletiň garaşsyzlygynyň maddy esasy bolup hyzmat edýändigi berkidildi. Daşary syýasat babatynda, dünýä bileleşiginiň deň hukukly agzasy hökmünde Garaşsyz Türkmenistanyň daşary syýasatyny özbaşdak durmuşa geçirýändigi, Birleşen Milletler Guramasyna we beýleki halkara guramalaryna gös-göni girýändigi we diplomatik, konsullyk gatnaşyklary amala aşyrýandygy, olar bilen ygtyýarly wekilçilikleri alyşýandygy hem-de halkara şertnamalaryny baglaşýandygy kadalaşdyryldy. Türkmen halkynyň milli-medeni taýdan täzeden rowaçlanmagy, onuň öz milletlik ähmiýetine düşünişini artdyrmak, halk däplerini gaýtadan dikeltmek, döwlet dili bolan türkmen diliniň giňden ulanylmagy hakynda döwletiň alada edýändigi baradaky kadalaryň bu Kanunda öz beýanyny tapmagy halkymyzyň asyrlarboýy arzuwlap gelen umyt-islegine ýetendigini, taryhy we medeni gymmatlyklarymyza hem-de milli mirasymyza sarpa goýulýandygyny subut etdi. Şeýlelik bilen, 1991-nji ýylyň bereketli güýzüniň 27-nji oktýabrynda ähli halk tarpyndan dünýäde ýene bir döwletiň - Garaşsyz Türkmenistanyň dörän senesi taryha altyn harplar bilen ýazyldy. Ata-babalarymyzyň örňäp-ösen gadymy topragynda Garaşsyz döwletimiz berkarar edildi. Şol günden başlap türkmen halky agzybirlik bilen Garaşsyzlyk ýoluna ilkinji hem-de ynamly gadamlaryny basdy. Asyl köklerimize dolanmak arkaly, asyrlarboýy döredilip, kemala getirilen milli däp-dessurlarymyza, ýol-ýörelgelerimize, dilimize, dinimize, medeniýetimize täzeçe badalga berildi. Bu milli gymmatlyklarymyza döwrebap röwüşler çaýylyp, bedew batly ösüşlere ýetirýän, bagtly geljege atarýan, ýedi yklyma dost-doganlyk şaýollaryny açyp, asly nurdan dörän türkmen halky bolup dünýä dolduk. Garaşsyzlyk - halkymyzyň göterilen ykbaly, döwlet hökmündäki belent ykrarnamasy, Ýer ýüzünde deňli-derejeli, mertebeli ýaşamagynyň kepilnamasy bolup durýar. Garaşsyzlyk - türkmen halky bilen bir hatarda, ykbalyň emri bilen dünýäniň dürli künjeklerinde mesgen tutan türkmenleriň hem ata Watan hakyndaky arzuwlaryny hasyl etdi. Olaryň pederleriniň ruhy gezýän topragyna gelip, türkmen halky bilen ata Watanyň şöhratyna buýsanmagy we toý toýlamagy üçin gapylary açdy. Garaşsyzlygymyza eýe bolmak bilen, 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda raýatlarymyzyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň berjaý edilmeginiň we ýurdumyzyň çalt depginler bilen ösdürilmeginiň kepili hem-de milli kanunçylygymyzyň gözbaşy hasaplanýan, Garaşsyz Türkmenistanyň ilkinji Konstitusiýasy kabul edildi. Esasy Kanunymyzda döwlet Garaşsyzlygymyzyň ýörelgeleri öz beýanyny tapdy. Onda ata-babalarymyzyň döwleti dolandyrmakdaky öwüt-ündewlerinden, şeýle hem dünýä tejribesinden ugur alyndy. Döwletimiziň Esasy Kanunynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan - demokratik, hukuk we dünýewi döwlet bolup, onda döwleti dolandyrmak Prezident respublikasy görnüşinde amala aşyrylýandygy kesgitlenýär. Garaşsyz döwletimiziň esas goýujy Konstitusiýasynda demokratik, millilik, ynsanperwerlik we kanunylyk ýörelgeleri, öňdebaryjy konstitusion nazaryýetiň we tejribäniň gazananlary jemlenýär. Adam hukuklarynyň ählumumy jarnamasynyň, şahsyýetiň hukuklary baradaky beýleki halkara hukuk resminamalarynyň umumy ykrar edilen kadalary öz beýanyny tapýar. Garaşsyzlyk ýoly bilen ösüşleri nazarlaýan Türkmenistan döwletimiz dana pederlerimiziň parahatçylyk söýüjilik, dost-doganlyk, ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerip, sebitleýin we halkara howpsuzlygyny nazara alyp özüniň bitaraplyk syýasatyny öňe sürdi. Bu ileri tutulýan ynsanperwer garaýyşlar dünýä bileleşigi tarapyndan goldandy. Onuň netijesinde, Birleşen Milletler Guramasynyň şol wagtky agzalary bolup durýan 185 döwletiň wekilleriniň biragyzdan ses bermegi bilen, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Garaşsyz Türkmenistan dünýäde hemişelik Bitarap ýurt hökmünde resmi taýdan ykrar edildi. Garaşsyzlygymyzyň peşgeş beren hemişelik Bitaraplygy ýurdumyzyň ösüş-özgerişlerine goşmaça kuwwat beriji güýje, il-ulsumyzyň goşa ganatyna öwrüldi. Dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyz türkmen halkynyň şöhratly taryhyndaky köpasyrlyk we gadymdan gelýän parahatçylyk ýörelgeleriniň we Garaşsyzlyk ýyllaryndaky döredijilikli zähmetiniň amala aşyrylmagynyň netijesi boldy. Hemişelik Bitaraplygymyz deňhukukly we özara bähbitli gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň diňe bir sebitde däl, eýsem, tutuş dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmagyň täsirli guraly hökmünde ykrar edilýär. Bitarap Türkmenistan bu halkara hukuk derejesinden gelip çykýan borçnamalary gyşarnyksyz ýerine ýetirmekde halkara gatnaşyklarynda uly abraý gazanýar. Aşgabat şäherinde 2007-nji ýylda BMG-niň Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça Öňüni alyş diplomatiýasynyň sebit merkeziniň açylmagy hem-de Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisiniň wise-başlyklygyna saýlanylmagy aýdylanlara şaýatlyk edýär. Bayram Muhammedow

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir