Ýurdymyzda giň gerimli özgertmeleriň we gazanylan durmuş-ykdysady netijeleriň gözbaşynda ynsanperwerlik ýörelgeler durýar. Konstitusiýamyzyň kadalaryndan gözbaş alýan döwlet dolandyrylyşy we döwlet kadalaşdyrylyşy ýurdumyzyň durnukly ösüşini üpjün edýär. Döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň maksatnamalaryna hyzmat edýär. «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyna» laýyklykda obalaryň we şäherleriň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini barha ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler ony doly tassyklaýar. Adam ösüşi we onuň döredijilikli zähmeti ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşleriniň esasylarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzda zähmet işine bir tarapdan adam üçin ähmiýetli, ikinji tarapdan tutuş jemgyýet üçin netijeli guramaklyga uly üns berilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň: «Berkarar Watanymyzy dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň birine öwürmek boýunça biziň ählimiziň öňümizde uly we jogapkärli wezipeler durýar. Bu wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak, ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly baýramyny mynasyp garşylamak biziň hemmämiziň mukaddes borjumyzdyr. Şoňa görä-de ýurdumyzyň ähli raýatlary bu belent wezipeleri ýerine ýetirmäge işjeň gatnaşmalydyr» diýen sözleri ählimizi döredijilikli zähmet çekmäge borçlandyrýar. Ýurdumyzyň raýatlarynyň saglygyny goramaga bolan konstitusion hukuklaryny durmuşa geçirmäge hem-de «Saglyk» döwlet maksatnamasynyň amala aşyrylmagyny üpjün etmäge gönükdirilen işler ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýar. Halkymyzyň saglygyny hemme zatdan ileri goýup, raýatlarymyzyň dünýä ülňülerine laýyklykda dynç almaklary, saglygyny berkitmekleri üçin döredilýän şertler onuň tassyknamasydyr. Her bir adam, aýratyn hem çagalar döwlet tarapyndan durmuş ýardamyna mätäçlik çekýär. Şonuň üçin, döwlet dürli derejelerde durmuş ugurlaryny kämilleşdirmek boýunça çäreleri amala aşyrýar. Şeýle ugurlaryň biri hem çagalaryň abadan we bagtly ýaşaýşyny üpjün etmek üçin täze dynç alyş öýleriniň we şypahanalaryň gurulmagydyr. Balkan welaýatynyň Serdar şäherinde ulanylmaga berlen «Dürdäne» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezi döwletimiz tarapyndan ýaş nesliň hemmetaraplaýyn, sazlaşykly ösmegi üçin zerur şertleriň döredilýänliginiň aýdyň mysalydyr. Ýaşlaryň 300-sini kabul etmäge niýetlenilen bu şypahana bir tarapdan ýurdumyzda beden taýdan taplanan we ruhy taýdan kämil nesli ösdürip ýetişdirmäge uly üns berilýändigini görkezýär. Beýleki tarapdan bolsa, çaganyň esasy hukuklary we azatlyklary boýunça, şeýle hem olaryň saglygyny goramak hakyndaky halkara hukugynyň ýörelgelerini we kadalaryny özünde saklaýan «Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda» hem-de «Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini alamatlandyrýar. Ynsanperwer syýasatyň durmuşa geçirilmegi bilen, ýurdumyzda sagdyn-durmuş ýörelgelerini ilat arasynda, aýratynam ýaşlaryň arasynda wagyz etmeklige we sportuň ösdürilmegine ähmiýet berilýär. Bedenterbiýe-sagdynlyk hereketini we ýokary netijeli sporty ösdürmek, ýurdumyzda saglyga degişli döwrebap düzümi döretmek, şol sanda göwnejaý derejede üpjün edilen sport desgalaryny gurmak boýunça maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Netijede, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak halkymyzyň durmuş kadasyna öwrülýär. Halkymyzyň «Herekete - bereket» nakyly adamyň beden we ruhy taýdan sagdynlygyny gazanmakda hereketiň peýdasynyň uludygyny görkezýär. Döwletimizde raýatlaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy üçin amatly şertler döredilýär. Bedenterbiýe, sport, işjeň hereket adama islendik ýaşynda zerurdyr. Şu nukdaýnazardan, bedenterbiýäniň adamlaryň ýaşaýyş keşbiniň düzüm bölegi bolmagy kanunalaýykdyr. Milli sporty dünýä derejesinde ýokary götermegiň ygtybarly hukuk, guramaçylyk we maddy-tehniki esaslary döredilýän ýurdumyzda halkymyzyň sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagy üçin hem ähli mümkinçilikler bar. Adamyň çagalyk döwründen başlap, tutuş ömrüniň dowamynda bedenterbiýe we sportuň dürli görnüşleri bilen üznüksiz meşgullanmagyny öz içine alýan ulgamyň ähmiýetini ýaş nesle wagyz etmek ugrunda hem ýurdumyzda uly işler amala aşyrylýandygy bellenilmäge mynasypdyr. Şu ýylyň 27-29-njy maýynda sambo boýunça Aziýa çempionatynyň geçirilmegi, düýn guşakly göreş we türkmen milli göreşi boýunça Aziýa çempionatynyň badalga almagy bu ähmiýetli işe döwlet derejesinde üns berilýänliginiň netijesidir. Bu abraýly ýaryşlarda ildeşlerimiziň gazanýan uly üstünlikleri gysga döwrüň içinde sport ulgamynda belent sepgitlere ýetilendigine şaýatlyk edýär. Şeýle-de, munuň özi döwletimiziň türgenleriniň 2017-nji ýylda Aşgabatda boljak ýapyk binalarda hem-de söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda şowly çykyş etjekdiklerine ynam döredýär. Görşümiz ýaly, raýatlarymyzyň sagdyn we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek üçin amala aşyrylýan köpugurly beýik işler Garaşsyzlygyň bagtyýarlyk şuglasy bolup durmuş ýolumyzy nurlandyrýar. Ol ýolda ynamly we ruhubelent gadam urýan watandaşlarymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllyk şanly toýuna uly zähmet ýeňişleri bilen barýarlar. Munuň özi bolsa, döwlet durmuşynyň ähli ulgamlarynda, şol sanda bedenterbiýe we sportda-da belent sepgitlere ýetiljekdiginden, ertirlerimiziň has-da röwşen boljakdygyndan nyşandyr. Baýram Muhammedow

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir