— Eşidýäňmi, şu gün mugallymyňyz bilen gürleşdim. Hany, aýt, synpyňyzda iň garagol kim? — Bilmedim-dä, kaka! — Biraz pikir et hany, okuwçylar hat ýazyp ýa-da kitap okap otyrka, şolara seredip, bikär oturýan kim? — Kaka, ol-a biziň mugallymymyz. * * * Iki çaga gizlenpeçek oýnaýar. — Aman, sen meni tapsaň, ýeňiş seňki! Eger tapmasaň, men şkafdan çykmaryn. * * * -Kaka, siz synpyňyzda iň gowy okaýan okuwçymydyňyz? -Şeýle, oglum. -Siz Şöhradyň kakasy bilen bir synpda okadyňyzmy? Hawa, oglum. -Bir synpda okamadyk bolaýmaň, kaka? - «Okamadyk bolaýmaň?» diýmäň näme? Birinji synpdan onunjy synpa çenli bileje okapdyk. -Onda näme üçin Şöhradyň kakasy düýn biziň ýanymyzda «Synpymyzda iň oňat okaýan okuwçy mendim» diýdi? *** Aýna eli hasa bilen daňylgy ýagdaýda mekdebe gelýär. Mugallym: -Eliňe näme boldy?-diýip soraýar. Aýna: -Düýn daşdeşeni aýamda naharladym-diýip jogap berýär. *** Telewizoryň ýüzünde ot ýanyp, tüsse burugsaýar. -Eje, telewizory öçüräýiň-dä-diýip, üç ýaşly oglanjyk boýnuny burup ýalbarýar. -Näme, otdan gorkýaňmy, oglum! -Ýok, eje! Birden tüsse gözüme düşäýer öýdýän. *** -Anna daýy, maňa sowgat beren tüýdügiňiz üçin köp sag boluň! -Tüýdük saňa ýaradymy? -Diýseň. Ejem-ä gündiz çalmasam 2 manat, kakam bolsa agşamyna çalmasam 5 manat pul berýär. *** Mugallymyň sowaly Mugallym ýaňy mekdebe baran okuwçydan: - Ulalaňsoň, kim boljak - diýip soraýar. Oglanjyk ýerinden turýar-da: - Adam boljak- diýip jogap berýär.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir