04.10.2016 paýtagymyzdaky “Galkynyş” sport toplumynda kikboksing boýunça milli ýaryşyň final duşuşyklary geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ähli sebitlerinden 100-e golaý türgen gatnaşdy. Aşgabatlylar has taýýarlykly gelendiklerini görkezip, birinji orunlaryň altysyna mynasyp boldular. Lebaply kikboksçylaryň hasabynda dört ýeňiş gazandylar we Daşoguz welaýatynyň toparynyň bir altyn medaly bar. Milli ýygyndymyzyň baş tälimçisi A.Snagowskiniň gürrüň berşi ýaly, şu ýaryş ýaş türgenleri synap görmek maksady bilen guraldy. Ýaryşyň jemleri ýygyndynyň düzüminiň üstüni ýetirmäge ýardam eder. Bu ýygyndy topar iri halkara ýaryşlarynda çykyş eder. Şo ýaryşlaryň biri dekabr aýynda Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherinde geçiriljek “Pýotryň Kubogy” ugrundaky bäsleşikdir.