Ak bugdaý, 12-nji oktýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda gurlan täze Bereketli zaman şäherçesiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Täze oba "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň" çäklerinde guruldy. Ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy, ulag düzüminiň, saglygy goraýyş ulgamynyň, bilimiň, medeniýetiň, telekeçiligiň, oba hojalygynyň ösdürilmegi, sebitleriň senagat taýdan ösüşiniň möhüm ugry bolan täze senagat kärhanalaryny döretmek boýunça maýa goýum taslamalaryň durmuşa geçirilmegi we täzeçil kuwwatlyklaryň artdyrylmagy bu maksatnamanyň möhüm ugry bolup durýar. Şeýle hem toplumlaýyn häsiýet hem-de bitewülik Maksatnamanyň esasy aýratynlygydyr. Onda öňe sürülýän düzgünler we wezipeler biri-biri bilen berk baglanyşykly. Şunuň bilen baglylykda, olar ähmiýeti taýdan tapawutlanman, eýsem sebitler üçin şähergurluşyk ýörelgesiniň esasyny emele getirýär. Çünki ýaşaýyş jaýyny gurmak, oňa suw ulgamyny, gaz we elektrik geçirijileri eltmek derwaýys mesele bolup durýar. Adamlar amatly ýaşaýyş bilen bir hatarda daşky gurşawyň gözelligine aýratyn ähmiýet berýärler. Şunlukda, häzirki döwürde şäher bilen obanyň arasyndaky tapawut azalýar. Saglygyňy goramak, bilim almak, ýaşaýyş jaýyny edinmek her bir raýat üçin elýeterli hyzmatlara öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, raýatlaryň islegleriniň kanagatlandyrylmagy ugrunda durmuş goldawy zerur bolup durýar. Ýurdumyzda täze obalaryň we şäherleriň peýda bolmagy diňe bir halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylýandygyny däl, eýsem, täze iş orunlarynyň döreýändigini, sebitleri ösdürmegiň ykdysady we maýa goýum gurallarynyň kämilleşdirilýändigini alamatlandyrýar. Bu wezipe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemişelik üns merkezinde saklanýar. ... Ir bilen döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzdan dikuçarda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyna tarap ugrady. Biraz wagtdan milli Liderimiziň dikuçary täze Bereketli zaman obasynyň ýakynyndaky meýdança gondy. 400 hojalyga niýetlenen täze ýaşaýyş toplumy Köpetdagyň eteginde, Aşgabat-Mary ulag ýolunyň ýakynynda ýerleşýär. Şanly waka mynasybetli bu ýere ýurdumyzyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, Ahal welaýatynyň häkimi, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, täze jaýa göçüp gelenler we baýramçylyk dabarasyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen myhmanlar ýygnandylar. Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimizi uly ruhubelentlik bilen garşyladylar. Döwlet Baştutanymyz täze şäherçä gidýän ýoluň ugrunda gurlan ajaýyp desga tarap ugrady. Körpeler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni, hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän beýik işlerini wasp edýän we milli Liderimize çuňňur hoşallygyň nyşany bolan goşgulary okadylar. Medeniýet we sungat ussatlarynyň, Ahal welaýatynyň döredijilik toparynyň belent ruha beslenen aýdym-sazly, tansly çykyşlary bu ýerde guralan dabara özboluşly öwüşgin çaýdy. Hormatly Prezidentimiz bu ýere ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen täze obanyň toý bagyny kesdi. Milli ýörelgeler nazara alnyp, adamlaryň amatly ýaşaýşy üçin ähli zerur şertleri özünde jemleýän Bereketli zaman obasy açyldy. Döwlet Baştutanymyz egindeşleri bilen bilelikde awtobuslarda täze Bereketli zaman obasyna tarap ugrady. Ýoluň ýakasyna çykan oba adamlary, ýaşlar hormatly Prezidentimizi mübärekläp, amala aşyrýan beýik işleri üçin milli Liderimize alkyş sözlerini aýtdylar. Olaryň şatlyk-şowhuny bu ýerde guralan we taryhy ähmiýeti bolan şanly wakanyň dabarasyny has-da belende göterdi. Täze obanyň ýakasyndaky pagta meýdanlarynda ýygym depgini birjik-de gowşamaýan depginde alnyp barylýar. Pagtaçy kärendeçiler yhlas bilen ýetişdirilen hasyly ýygnap ýörişlerine hormatly Prezidentimizi we ähli dabara gatnaşyjylary uly ruhubelentlik bilen mübäreklediler we bagtyýar döwür üçin milli Liderimize alkyş sözlerini aýtdylar. Şeýle hem ýoluň iki tarapynda toý lybasynda bezelen ak öýler oturdylyp, olaryň ýanyndaky toý gazanlarynda dürli tagamlar atarylypdyr. Türkmen durmuşyna mahsus edip ýerleşdirilen ak öýleriň ýanynda toý dabaralary ýaýbaňlandyryldy. Şeýle hem bu ýerdäki kaşarlarda saryja goýunlar görünýär. Olaryň ýanynda öz borjuna düşünýän türkmen tohum itleri bar. Arwana düýeler türkmen halkynyň ekerançylyk we çarwadarlyk däplerine ygrarlydygyny alamatdyrýan görnüşleri emele getirýär. Ahalteke atlarynyň joşgunly ýörişleri, çapyksuwarlaryň ruhubelentligi bu ýerde guralan dabaranyň şowhunyny belende göterdi. Şeýle hem bu ýerde türkmen toýlaryna mahsus dabaralar giňden ýaýbaňlandyrylypdyr. Onuň çäklerinde çagalaryň milli oýunlara gümra bolmagy, ýaglyga towusmak, göreş tutmak ýaly sportuň milli görnüşleri bu ýerde guralan toý çäreleriniň dabarasyny artdyrýar. Mundan başga-da, dabaraly çäreleriň hatarynda dürli tomaşalaryň görkezilmegi, darbazlaryň çylşyrymly çykyşlary ýerine ýetirmegi halkymyzyň toý dabaralaryna toplumlaýyn esasda çemeleşýändigini has aýdyňlygy bilen äşgär edýär. Ýurdumyzyň gülläp ösmegine, azyk bolçylygynyň döredilmegine mynasyp goşant goşýan oba zähmetkeşleriniň, daýhanlaryň durmuş derejesiniň ýokarlanmagy, obalaryň ýaşlar we tutuş ilatymyz üçin özüne çekiji bolmagy, telekeçilik işiniň ýola goýulmagy ugrunda ähli zerur şertler üpjün edilýär. Şeýle hem milli Liderimiziň başlangyjy bilen amala aşyrylýan obasenagat toplumyndaky özgertmeler we oba ýerleriniň durmuş derejesini ýokarlandyrýan toplumlaýyn maksatnama täze maşgalalaryň döredilmegine we olaryň berkemegine, köp çagaly maşgalalara goldaw berilmegine, ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanmagyna gönükdirilendir. Ähli ýerde toý dabaralary ýaýbaňlandyrylypdyr. Aýdym-sazyň owazy belentden ýaňlanýar. Ýaşlaryň joşgunly tanslary milli dessurlara laýyk gelýän çykyşlar has-da täsirli guralypdyr. Üç ýylyň dowamynda Ak bugdaý etrabynyň bu künjeginde giň köçeleri we ýanýodalary, ýaşaýyş-durmuş w inženerçilik ulgamlary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýlar toplumy döredi. Bu ýerde bir gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 140-sy üç otagy, 130-sy dört otagly we ýene şonçasy bäş otaglary jaýlardyr. Ähli desgalarda aňrybaş amatlyklar we oňyn şertler döredilipdir. Hormatly Prezidentimiz täze ýaşaýyş toplumy bilen tanşyp başlaýar. Bu toplum ýurdumyzyň sebitleriniň düýpli özgerdilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Çeper höwesjeňleriniň we sungat ussatlarynyň, folklor we çagalar toparlarynyň şowhunly çykyşlary döwlet Baştutanymyzyň paýhasly ýolbaşçylygynda ösüşleriň we beýik ýeňişleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan mähriban Watanymyza bolan söýginiň senasy bolup ýaňlandy. Döwlet Baştutanymyz folklor çykyşlary ýaýbaňlandyrylyn ýaşaýyş jaýlaryna tarap ugrady. Täze jaýlara göçüp gelmek bagty miýesser eden maşgalalar milli Liderimizi mähirli garşylaýarlar. Şonda bagtyýar maşgalalaryň biri döwlet Baştutanymyzy hormatly myhman hökmünde täze jaýa girmegi haýyş edýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze jaýyň howlusyna girip, onuň enjamlaşdyrylyşy, bu ýerde gurlan desgalar bilen tanyşdy. Howlynyň töründe toý gazanlary atarylyp, olarda milli tagamlar, toýuň baş bezegi bolan pişme we tamdyrda çörek bişirilýär. Tamdyra çörek ýapýan we nahar hem-de pişme bişirýän, toý saçaklaryny taýýarlamak ýaly milli dessurlary ýerine ýetirýän aýal-gyzlar milli Liderimizi mähirli garşyladylar. Ýeri gelende aýtsak, goňşy maşgalalarda hem täze jaý toýlary giňden dabaralandyrylýar. Ol ýerde toý gazanlary atarylyp, dürli tagamlar bişirlýär, aýdym-sazyň şowhunly sesi eşidilýär. Döwlet Baştutanymyz ilki bilen toý saçagyny taýýarlaýan eneleriň ýanyna baryp, olar bilen söhbetdeş boldy. Zenanlar asyrlar aşyp gelýän milli ýörelgä laýyklykda, toýa gelýänleriň saçaklaryny kabul edýändiklerini we olaryň yzyna ýörite toý sowgatlaryny taýýarlaýandyklaryny gürrüň berdiler. Hormatly Prezidentimiz halkymyzyň gadymdan gelýän bu dessurlarynyň agzybirlikden, birek-birege hormat-sarpa goýmakdan nyşandygyny aýdyp, zenanlara asylly ýörelgeleri döwrebap derejede dowam edýändikleri, olary ýaş nesillere geçirýändikleri üçin minnetdarlyk bildirdi. Türkmen halkynyň milli ýörelgelerine laýyklykdada her toýuň özüne mahsus däbi-dessury bolýar. Bu bolsa ýaşlaryň milli gymmatlyklara göz ýetirmekleri, olara hormat goýulmagy hem-de döwrebap derejede has-da ösdürilmegi babatda möhümdir. Soňra mill Liderimiz tamdyrda çörek ýapýan zenan bilen gürrüňdeş boldy. Ol özüniň 30 ýyla golaý wagt bäri toý çöregini bişirmek bilen meşgullanýandygyny aýdyp, döwlet Baştutanymyza halkymyzyň däp-dessurlarynyň yzygiderli ösdürilmegi ugrunda döredilýän oňyn mümkinçilikler üçin hoşallyk bildirdi. Döwlet Baştutanymyz tamdyrda çörek bişirmegiň il içinde sogap iş saýylýandygyny aýdyp, çörek ýapýan zenana hysyrdyly we jogapkärçilikli şol bir wagtyň özünde bolsa örän hormatly işinde üstünlik arzuw etdi. Hormatly Prezidentimiz gazanyň başynda nahar bişirýän we pişme bişirýän zenanlar bilen gürrüňdeş bolup, olaryň hal-ahwallary, ýaşaýyş-durmuş şertleri bilen gyzyklandy. Olar milli Liderimize we hormatly myhmanlara hödür-kerem edip, halkymyzyň bagtyýarlyk we durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagy ugrunda edilýän alada tüýs ýürekden sagbolsun aýtdylar. Milli Liderimiz saçak edýän, nan ýapýan we tagam taýýarlaýan zenanlaryň hersine toý sowgatlaryny gowşurdy. Sekiniň üstünde oturan eneler hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýdyp, toýa gelýänlere toý sowgatlarynyň gowuşrylýandygyny nygtadylar we döwlet Baştutanymyza toý düwünçegini berdiler. Soňra hormatly Prezidentimiz öýe girip, onuň abadanlaşdyrylyşy, bezeg aýratynlyklary, onda döredilen şertler bilen tanyşdy. Bagtyýar maşgalany täze jaýa göçüp gelmekleri bilen gutlap, döwlet Baştutanymyz olaryň hal-ahwallary, durmuş şertleri bilen gyzyklandy. Täze jaýyň aşhanasynda öý eýesi iki ogly bilen hormatly Prezidentimize alyp barýan işleri, kärende ýerinden alýan gazanjy barada gürrüň berdi. Öý esesi—ata-baba gelýän daýhançylyk däbini dowam edýän kärendeçi Resul Pazylow milli Liderimize halkymyzyň abadan ýaşaýşy, oba adamlaryna döwrebap mümkinçilikleriň elýeterli bolmagy ugrunda ähli zerur şertleriň döredilýändigi üçin tüs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini aýtdy. Kärendeçi maşgalanyň aýdyşy ýaly, olaryň eli uzadan ýerine ýetýär. Kärende ýerinden alýan girdejisi yzygiderli ýokarlanýar. Iň esasy bolsa ýurdumyzyň ähli kärendeçileri ýaly bu daýhan döwlet tarapynda berilýän netijeli goldawdan işjeň peýdalanýar. Onuň ýer işläp bejerýän traktory, ýeňil awtoulagy, ine, indem şarňyldap duran kaşaň jaýy bar. Ol şeýle bagtyýar durmuş üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdy. Soňra hormatly Prezidetimiz jaýyň beýleki otagyna geçip, maşgala agzalary bilen görüşdi hem olary jaý toýy bilen gutlady. Şonda öý eýeleri türkmen maşgalasy üçin ýaşaýyş jaýyny edinmegiň belent mertebedigini belläp, bu işleriň milli Liderimiziň tagallasy we goldaw bermegi netijesinde elýeterli bolýandygy, ajaýyp künjekde küren obanyň emele gelýändigi, halkymyz üçin aňrybaş bagtdygyny nygtadylar we munuň üçin döwlet Baştutanymyza sagbolsun aýtdylar. Agzybir maşgalanyň ýaşululary milli Liderimize özleriniň durmuş ýollary barada aýdyp, ykbalyny ýagtyldan häzirki taryhy eýýama bolan buýsançlaryny, öz bagtyýarlyklaryny, döwrüň ajaýyplygyny gürrüň berdiler. Täze jaýyň körpe nesilleri mähriban Watanymyza we maşgalanyň şatlygyny goşanlandyran döwlet Baştutanymyza bagyşlanan goşgularyny okadylar. Hormatly Prezidentimiz täze jaýa göçüp gelen maşgala agzalaryna toý sowgatlaryny gowşuryp, oba ýerleriniň mundan beýläk-de dörebaplaşdyrylmagy we durmuş-ykdysady düzüminiň ösdürilmegi ugrunda mundan beýläk-de maksatnamalaýyn çäreleriň durmuşa geçiriljekdigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz batyýar maşgala agzalaryna abadançylyk, uly üstünlik arzuw edip, olar bilen hoşlaşdy. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkyň abadançylygy ugrundaky aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belläp, adamlaryň amatly ýaşaýşy üçin ähli zerur şertleriň üpjün edilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigini aýtdy. Munuň özi halkymyz üçin amatly ýaşaýyş şertleriniň döredilmegine, ilatly ýerleriň toplumlaýyn we sazlaşykly ösüşine gönükdirilen täze şähergurluşyk tejribesinde has-da äşgär duýulýar. Hut şonuň üçinem ýurdumyzda durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy yzygiderli ýokarlanýar. Bu ulgamda ägirt uly meýilnamalar durmuşa geçirilýär. 2015-2020-nji ýyllary öz içine alýan sebitleri özgertmek boýunça Maksatnamanyň rejelenen görnüşi desgalaryň 500-den gowragynyň, şol sanda 3 million inedördül metr ýaşaýyş jaýlarynyň we müňlerçe kilometr düzümleýin ulgamlaryň gurluşygyny göz öňünde tutýar. Şu bäş ýylyň dowamynda ABŞ-nyň 7,5 milliard dollaryndan gowrak serişdäni özleşdirmek meýilleşdirildi. Täze şähergurluşyk maksatnamasyny döretmek bilen, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň her bir raýatyny gurşap alan döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek boýunça toplumlaýyn maksatlary ýerine ýetirmegi onuň esasy wezipesi hökmünde kesgitledi. Bereketli zaman şäherçesiniň gurluşygynda döwlet gurluşyk-gurnama düzümleriniň zähmet we önümçilik-tehniki serişdeleri netijeli ulanyldy. Şeýle hem bu giň möçberli taslamanyň durmuşa geçirilmegine ýurdumyzyň telekeçileri önjaýli goşant goşdular. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bu ýerde bina eden desgalarynyň hatarynda bazary bolan Söwda merkezi bar. Oňa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow baryp gördi. Döwlet Baştutanymyz şäherçäniň Söwda merkezine barýarka bu ýerde guralan dabara gatnaşýan hormatly ýaşulular we ak gyňaçly eneler bilen söhbetdeş boldy. Milli Liderimiz ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly wakalara işjen gatnaşýandyklary üçin olara minnetdarlyk bildirdi. Hormatly ýaşulular we eneler halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagy, nesilleriň döwrebap ýaşaýşyny üpjün edýän aňrybaş şertleriň, mümkinçilikleriň döredilmegi ugrunda yzygiderli tagalla edýän milli Liderimize tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösmegi, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygiderli ýokarlanmagy ugrunda döwletimiziň mundan beýläk-de alada etjekdigini, bu ugurda ýörite işlenip taýýarlanylan maksatnamadan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetiriljekdigini aýtdy we dabara gatnaşyjylary bu ýerde guralýan şanly waka bilen ýene bir gezek gutlady. Milli Liderimiz täze bazaryň gurluş aýratynlyklary, onda döredilen şertler, söwdanyň guralyşy we bu ýerde hödürlenýän harytlaryň görnüşleri bilen tanyşdy. Bu ýerde gündogar bazaryna mahsus açyk tekjeler bilen bir hatarda, ýöriteleşdirilen söwda dükanlary hem öz harytlaryny we hyzmatlaryny hödürleýäler. Olarda öý we hojalyk üçin zerur bolan harytlar, ter et önümleri, konserwirlenen önümler, gök we miwe önümleri, dürli içgiler, sport we beýleki egin-eşikler, milli lybaslar, mellek ýeriňde işlemäge niýetlenen dürli gurallar, aşhana önümleri, bedew esbaplary we awtoulaglar üçin niýetlenen ätiýaçlyk şaýlar bar. Bu ýerde satuwa çykarylan harytlaryň köpüsiniň ýerli önümlerdigini aýratyn bellemeli. Bu önümler daşary ýurtlardan getirilýän azyk harytlary bilen mynasyp bäsdeşlik edip bilýärler. Bu ýerde görkezilýä harytlaryň hatarynda ýurdumyzda ilkinji gezek öndürilýän gök we miwe önümlerinden taýýarlanylýan konsensatrlaryň bardygyny bellemeli. Ýurdumyzyň telekeçileri tarapyndan ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ösdürilip ýetişdirilýän erikden, almadan, armytdan we beýleki ir-iýmişlerden taýýarlanan konsensatrlar daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutmagy ukyplydyr. Şeýle hem bu ýerde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň öndüren maýonezleri ilata hödürlenýär. Düzümiň ýolbaşçysynyň aýtmagyna görä, telekeçileriň öndürýän maýonezleriniň mukdary ýurdumyzyň içerki sarp edijilerini doly kanagatlandyrmaga mümkinçilik berýär. Bu bolsa maýonezleriň daşyndan getirmek zerurlygyny aradan aýyrýar. Hormatly Prezidentimiz telekeçileriň alyp barýan işine kanagatlanma bildirip, ýurdumyzda gaýtadan işleýän senagatyň ösdürilmegi ugrunda zerur tagallalary görmek babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi. Mundan başga-da, bazaryň tekjelerinde gök we bakja ekinleriniň, ir-iýmiş önümleriniň örän görnüşlisi bar. Olaryň hatarynda gadymy Gäwers garpyzlaryna, gawunlaryna we kädilerine aýratyn orun berlipdir. Kaşaň söwda merkezinde hojalyk üçin zerur bolan ähli harytlar, gaýtadan işlenen önümler, çaýlaryň we unaşlaryň dürli görnüşleri, süýt we konditer önümleri ilata hödürlenýär. Et we et önümleriniň, şöhlatlaryň köpdürlüligi ýurdumyzda bu ugurda alnyp barylýan işleriň sazlaşykly ösüş ýoluna düşendigini alamatlandyrýar. Mundan başga-da, merkezde içi suwly ýörite howdan bolup, onda diri balyklar ýüzýär. Alyjylar bu ýerde islän balygyny buýrup, ony satyn alyp bilýärler. Şeýle hem merkezde “Elin balyk” hojalyk jemgyýetiniň ter balyklary, konserwirlenen önümleri we balykdan taýýarlanan beýleki iýmitleri hödürelýnär. Söwda merkezinde işleýänler Ahal welaýatynyň we ýurdumyzyň ähli telekeçileriniň adyndan kiçi we orta telekeçligi, hususy hojalyk gatnaşyklaryny ösdürmek ugrunda edilýän yzygiderli alada we döredilýän şertler üçin hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar. Döwlet Baştutanymyz şäherçe bilen tanyşlygyny dowam edip, täze çagalar bagyna bardy. Bu ýerde dutarçylar topary milli Liderimizi ajaýyp owazly sazlar bilen garşyladylar. 160 orunlyk täze çagalar bagyny “Medine gurluşyk” hususy kärhanasynyň gurluşykçylary bina etdiler. Onuň taslamasy taýýarlanylanda bu ýerde körpeler üçin ähli amatlyklaryň döredilmegi, wagtlarynyň şadyýan hem-de peýdaly geçirilmegini üpjün edýän mümkinçilikleriň bolmagy ugrunda aýratyn tagalla edildi. Bu ýerde kompýuter we lingafon otaglary, döredijilik studiýasy, tomusky telär, oýun meýdançalary, ýumşak çagalar mebelleri bilen üpjün edilen giň we ýagty ýatakhanalar, sport we saz otaglary, naharhana hem-de lukmançylyk otagy bar. Bu ýerde körpeler baýramçylyga mahsus dabarany ýaýbaňlandyrdylar Olar ajaýyp aýdymlar, joşgunly tanslar bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy we köp sanly myhmanlary garşyladylar. Çagalaryň çykyşlary mähriban Arkadagymyza we Watanymyza söýginiň senasy bolup ýaňlandy. Olaryň şatlygy we belent ruhy has-da göwün göteriji boldy. Körpeler çagalaryň sazlaşykly ösüşi, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň bagtly çagalygynyň üpjün edilmegi ugrunda atalyk aladasyny edýän milli Liderimize tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdylar. Döwlet Baştutanymyz çagalar bagynyň gurluş aýratynlyklaryny synlap, körpeler bilen söhbetdeş boldy. Çagalar bagynyň kompýuter otagynda sowat öwrenýän körpeler öz öwrenen usullaryny, döreden şekillerini höwes bilen görkezdiler. Hormatly Prezidentimiz olaryň arzuwlary we çagalyk höwesleri bilen gyzyklandy. Soňra milli Liderimiz Hormatly myhmanlar üçin niýetlenen kitapda ýadygärlik ýazgy galdyrdy. Bu ýerde hormatly Prezidentimize welaýatyň ähli ilatynyň adyndan ýadygärlik sowgat gowşuryldy. Soňra döwlet Baştutanymyz Bereketli zaman obasynda täze döredilýän seýilgähiň çäginde bu ýerde guralan taryhy ähmiýetli şanly wakadan ýadygärlik hökmünde bag nahalyny oturtdy. Dabara gatnaşyjylar milli Liderimiziň göreldesine eýerdiler. Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde ýerleşen täze ýaşaýyş toplumynyň seýilgähi, onuň abadanlaşdyrylyşy, köçeleri we her bir ýaşaýyş jaýynyň mellek ýerleri bu ýerleriň abadançylyk derejesiniň ýokarlanmagynda zerur şertleri üpjün eder. Bu ýerde oturdylan baglaryň ösüp boý alyp, bu künjegiň howasynyň tenekarlygyny artdyrar. Bu bolsa täze obanyň gurşawynyň ekologiýa derejesiniň dagdan öwüsýän mylaýym şemal, dag howasy bilen utgaşyp, ynsan ýaşaýşy üçin oňyn şerti emele getirjekdigini äşgär edýär. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň tagallasy we asylly başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň, asylly işleriň halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna gönükdirilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr. Döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylary täze döwrebap obanyň açylmagy bilen ýene bir ýola gutlady we olara jan saglyk, işlerinde üstünlik arzuw edip, bu ýerden ugrady. Hormatly Prezidentimiziň dikuçary Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň yzygiderli häsiýete eýe bolan ajaýyplyklarynyň biri hökmünde dag eteginde kemala gelen Bereketli zaman şäherçesiniň üstünden öwrüm etdi. Guşuçar belentlikden ajaýyp ýerde döredilen şäherçäniň keşbi has-da gözel görünýär. Göni ýollar, hatara düzülen döwrebap ýaşaýyş jaýlary we beýlpeki inženerçilik-tehniki düzümler, şäherçäniň ugurdaş binalary bir bitewi utgaşyklygy emele getirip, halkymyzyň milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda ýeten beýik bagtynyň aýdyň nyşanyny alamatlandyrýar. Gadymy Gäwersiň ajaýyp ýaýlalary, ekerançylyk meýdanlary, bu ýerde döreýän durmuş maksatly düzümler soňky ýyllarda ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orun eýeleýän nusgalyk obalaryň, şäherçeleriň peýda bolmagy halkymyzyň bagtyýarlygynyň, ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan ýurdumyzyň abadançylygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Gäwersiň gözel künjekleriniň birinde 400 hojalyga niýetlenen täze, döwrebap şäherçäniň gurlup ulanmaga berilmegi halkymyz üçin mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllyk toýuna ajaýyp sowgat boldy. Bu bolsa yhlasly zähmeti bilen ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň berkemegine mynasyp goşant goşýan oba ilatynyň durmuş derejesiniň yzygiderli ösdürilýändigini äşgär edýän hakykatdyr. *** Ýeri gelende aýtsak, täze Bereketli zaman obasynda medeni köpçülikleýin çäreleri ýokary derejede geçirmek üçin ähli zerur şertleri özünde jemleýän kaşaň Medeniýet köşgi hereket edýär. Şeýle hem iki sany söwda dükany ýerli ilatyň gündelik sarp edýän harytlary bilen üpjün edilipdir. Saglyk öýüniň döwrebap derejede enjamlaşdyrylmagy onda ilata ýokary derejeli lukmançylyk hyzmatlary hödürlenýär. Obanyň döwrebap derejede bina edilen metjidi, ýangyn howpsuzlygy gullugynyň jaýy şäherçäniň binagärlik keşbi bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirýär. Bereketli zaman oba geňeşliginiň jaýy şäherçäniň döwrebap desgalary bilen utgaşýar. Onda edara ediş tejribesiniň ähli zerur mümkinçilikleri ýola goýlupdyr. Täze obadaky 640 orunlyk mekdepde okuwçydaryň hemmetarpalaýyn bilim-terbiwe almaklary üçin ähli zerur şertler üpjün edilipdir. Onuň okuw otaglary dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň kämil enjamlary, täzeçil tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylypdyr. 500 orunlyk Toý mekanda bolsa türkmen halkynyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan we aýratyn gadyr goýulýan toý dabaralaryny, köpçülikleýin çäreleri geçirmek üçin zerur mümkinçilikler, şertler döredilipdir. Onuň döwrebap aşhanasynda türkmen toýlaryna mahsus milli tagamlary taýýarlamak üçin ähli zerur şertler bar. Täze obada döredilen döwrebap düzümler gönüden-göni milli Liderimiziň tagallasy bilen, durmuş ulgamyna degişli desgalar toplumynyň gurluşygyna örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilýändigini has aýdyňlygy bilen äşgär edýär.