Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň sazlaşykly ösüşi, ýurdumyzyň yklym ähmiýetli täze ulag geçelgelerini döretmek baradaky işjeň başlangyçlary, şeýle hem Aşgabatda “Aziada-2017-dä” görülýän taýýarlyk çärleri dünýäniň öňdebaryjy habar beriş serişdeleriniň üns merkezinde durýar. Meşhur “Ýewronýus” habarlar teleýaýlymynyň täzelikler bölümine biziň ýurdumyza bagyşlanan wideoşekiller girizildi. Aziada-2017-dä taýýarlyk bilen baglanyşykly meselelere bagyşlanan gepleşikde Aziýa Sport metbugaty birleşiginiň prezidenti Muhamed Kasimiň paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjiginiň gaýtalanmajak keşbi we onuň ýokary derejesi barada aýdanlary beýan edilýär. Mongoliýanyň “ETV” teleýaýlymynyň ýerine ýetiriji direktory Gonzul Togtokbaýar türkmen paýtagtynyň özünde galdyran täsirleri barada gürrüň berýär. Şeýle hem teleýaýlymlarda özünde dürli maksatly desgalaryň 30-dan gowragyny jemleýän we umumy meýdany 157 gektara barabar bolan Olimpiýa şäherjiginde alnyp barylýan giň möçberli işler barada gürrüň berilýär. Bu ýerde geçiriljek Aziada-2017-niň bäsleşiklerine dünýäniň 60-dan gowrak ýurdundan türgenleriň gatnaşjakdygy barada aýdylýar. “Ýewronýus” teleýaýlymynyň ýene bir wideogörnüşi Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýan ulag ulgamynyň ösüşine bagyşlanypdyr. Awtomobil ulaglary Halkara birleşiginiň wekilhanasynyň baştutany Dmitriý Çeltsow Aşgabatda ýakyn wagtda durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahatyň geçiriljekdigini aýdyp, Türkmenistanyň geografik taýdan amatly ýerleşmegi halkara ulag geçelgelerini ösdürmekde möhüm orun eýeleýändigini nygtady. BMG-niň Aziýa we Ýuwaş umman sebiti boýunça ykdysadyýet we sosial komissiýasynyň wekilhanasynyň baştutany Tiziana Bonapaççe öz çykyşynda türkmen paýtagtynyň sebitleýin we ählumumy möçberde durnukly ösüş bilen baglanyşykly meseleleri oňyn çözmek üçin halkara gepleşiklerini geçirmek babatda ygtybarly merkez hökmünde ykrar edilendigini belleýär. Taýýarlanylan wideoşekillerde Aşgabadyň ýylda 17 million ýolagça hyzmat etmäge ukyply täze Halkara howa menzili barada gürrüň berilýär. Şunuň bilen baglylykda, “Boing” kompaniýasynyň halkara söwda boýunça wise-prezidenti Martin Bentrot öz çykyşynda ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň okgunly ösýändigini aýdyp, onuň degişli düzüminiň ykdysadyýetiň we ilatyň bähbidine gulluk etjekdigini nygtaýar. Ýakynda “Rossiýa-24” habarlar teleýaýlymy paýtagtymyzdan taýýarlanan gepleşiginde Olimpiýa şäherjiginiň desgalary hakynda gürrüň berdi. Onuň barşynda köpsanly sport desgalarynda türgenleriň synag ýaryşlaryny geçirýändigine aýratyn ähmiýet berilýär. Şeýle hem Aşgabadyň döwrebap howa derwezesi hasaplanylýan täze Halkara howa menzili hakynda gürrüň berilýär. Täze bina özüniň özboluşly binagärlik çözgüdi bilen Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Noýabr aýynda halkara Aziýa demir ýol geçelgesiniň Atamyrat-Ymamnazar-Akina böleginiň ulanmaga beriljekdigi barada habar dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly seslenme döretdi. Bu giň möçberli taslama Ýewraziýa yklymynda ulag geçelgeleriniň hil taýdan täze kartasynyň döremegini şertlendirer. Russiýanyň “RIA-Nowosti” habarlar agentligi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýolunyň Aziýa demir ýol geçelgesiniň “altyn bölegine” öwrüljekdigi, onuň öz gezeginde Ýewropa bilen Aziýany baglanyşdyrýan ulag geçelgeleriniň möhüm halkara ulgamyna öwrüljekdigi barada aýdanlaryny mysal getirýär. Agentlik Aziýa halkara demir ýol geçelgesiniň birinji nobatdakysynyň Türkmenistanyň çägindäki uzynlygy 85 kilometr bolan Atamyrat-Ymamnazar bölegini we serhetýaka ilatly ýerleriň arasyndaky Ymamnazar (Türkmenistan) hem-de Akina (Owganystan) aralygyny özünde birleşdirýändigini aýdýar. Tutuşlygyna alnanda Atamyrat-Ymamnazar-Akina demir ýolundaky gurluşyk-gurnama işlerini şu ýylyň noýabr aýynyň birinji ongünlüginde tamamlamak meýilleşdirilýär. Azerbaýjanyň “Trend” habarlar agentliginiň bellemegine görä, ulag geçelgesi Türkmenistanyň, Owganystanyň, Täjigistanyň, Gyrzygystanyň çäginden geçip, Hytaýyň köp şahaly demir ýol ulgamyna çykar we onuň üsti bilen Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň çalt depginlerde ösýän döwletlerine barar. “Trend” agentligi özüniň ýene bir makalasyny Türkmenistanyň Ýewropa bileleşigine agza ýurtlar bilen, köptaraply bolşy ýaly, ikitaraplaýyn görnüşdäki netijeli gatnaşyklaryny pugtalandyrmagynyň we ony köpugurly esasda ösdürmeginiň meselelerine bagyşlady. Energetika, söwda-ykdysady, ulag we aragatnaşyk, ýokary tehnologiýalar ýaly geljegi uly ugurlardaky özara peýdaly hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin bar bolan mümkinçiliklere aýratyn üns berilýär. “Praým” ykdysady habarlar agentligi Aziýa halkara demir ýol geçelgesiniň we nebit önümlerini ýüklemek we düşürmek boýunça terminalyň birinji nobatdakysyny ulanmaga bermek meýilleşdirilýän senesiniň BMG-niň Aşgabatda geçiriljek durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahatyna gabat gelýändigini belleýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň transmilli demir ýol geçelgesiniň birinji nobatdakysynyň ulanmaga berilmegi bilen baglanyşykly meseleler barada Aşgabatda geçirilen hökümet maslahatynda aýdylan maglumatlar Rostelekomyň “Sputnik” maglumat agregatorynda jemlenýär. Türkmenistanyň halkara başlangyçlarynyň, şol sanda ulag ulgamyndaky öňe sürýän teklipleriniň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly maglumatlar “News Сentral Asia” maglumat portalynda jemlenip berildi. Onda BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisinde türkmen wekiliýetiniň alyp baran işi barada gürrüň berilýär.

Köneler, TDUgulya tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir