Döwlet syýasatynyň aýrylmaz bölegi bolan ýurdumyzyň ykdysadyýetini yzygiderli ösdürmekde ýerli önümçiligiň daşary ýurtlara eksport edilmegi aýratyn ähmiýete eýedir. Bu babatda alnyp barylýan işleriň aglabasy Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň üsti bilen ýerine ýetirilýär. Ýurdumyzyň telekeçileriniň öndürýän önümlerine dünýäde uly isleg bildirilýär. Hut şu nukdaýnazardan, häzirki wagtda türkmen halylaryny daşary ýurda eksport etmegiň ýollary yzygiderli öwrenilýär. Türkmen telekeçileriniň öndürýän ýumurtga we konditer önümleri bolsa, indi ençeme wagtdan bäri goňşy döwletlere eksport edilýär. Ýurdumyzda öndürilýän balyk we balyk önümleriniň eksporty hem geljekde göz öňünde tutulýar. Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwda geleşiklerinden çen tutup, ýurdumyza gelýän daşary ýurtly telekeçileriň, esasan, nebit önümlerine, pagta ýagyna, saryja goýnuň ýüňüne aýratyn ähmiýet berýändigi ünsi çekýär. Muňa Latwiýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Lýuksemburgdan, Türkiýeden ýurdumyza gelen telekeçileriň dizel ýangyjyny, nebit koksuny, Günorta Koreýadan, Şotlandiýadan, Beýik Britaniýadan, Türkiýeden, Russiýadan gelen işewürleriň hem pagta ýagyny, ýüplügi hem-de dürli görnüşdäki beýleki zatlary gyzyl pula satyn alýandyklary aýdyň şaýatlyk edýär. Şeýle söwda geleşikleri daşary ýurtly işewürler bilen manat serişdesiniň hasabyna-da üstünlikli amala aşyrylýar. Türkmenistanda öndürilen önümleri dünýä çykarmakda daşary ýurtlarda açylan söwda öýleridir söwda dükanlary uly orun eýeleýär. Hytaýyň Pekin şäherinde açylan «Söwda öýi» Türkmenistanda öndürilen önümleri hytaý, Hytaýda öndürilen önümleri bolsa, türkmen bazaryna çykarmakda köpri bolup hyzmat edýär. Mundan başga-da yurdumyzyň telekeçileriniň Gruziýanyň paýtagty Tbilisi şäherinde «Türkmenistan» atly, Gyrgyz Respublikasynyň paýtagty Bişkek şäherinde bolsa, «Rysgal» atly söwda dükanlary hereket edýär. Bu dükanlarda türkmen önüm öndürijileriniň dürli önümleri, harytlary alyjylara hödürlenilýär. Önümleriň köpgörnüşliligi bolsa, türkmen bazarynyň mümkinçiliginiň giňliginden habar berýär. Munuň özi ykdysadyýetimizi ösdürmekde möhüm ädimlerdir.

Köneler, TDUgulya tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir