6-njy oktýabr güni Türkmenistanda 1948-nji ýylda bolup geçen Aşgabat ýer titremesiniň şehitlerini ýatlama günüdir. Türkmen halkynyň taryhyndaky iň gynançly wakadan bäri 68 ýyl geçdi. Bu baradaky ýatlama türkmenistanlylaryň her biriniň ýüreginde häzire çenli hem agyr yzalygyna galýar. 1948-nji ýylyň oktýabr aýynyň 5-inden 6-syna geçilýän gijede 1 sagat 12 minutda güýçli ýer titremesi göz açyp-ýumasy salymda şäheri hem-de onuň töweregindäki obalary weýran edip, ýüz müňlerçe adamlaryň ömür tanapyny kesdi. Bu elhenç waka adamlaryň ykbalyna atanak çekip, iň ýakynlaryny ýitiren aşgabatlylary dirilere hem-de şehitlere böldi. Şol agyr ýer titremäni başyndan geçirenleriň hemmesi wagtyň çekilen ýitginiň öwezini dolmaýandygyny bilýärler. Bu gün hemme ýerde döwlet baýdaklary aşak düşürildi. Ýer titremesinde wepat bolan aşgabatlylaryň ruhuna bagyşlanyp, memorial toplumlarynda, türkmen milletiniň iň oňat ogullarynyň we gyzlarynyň ýadygärlikleriniň ýanynda hatyra çäreleri geçirilýär. Ir bilen paýtagta ýerleşen 1948-nji ýylyň Aşgabat ýer titremesiniň şehitleriniň hatyrasyna bina edilen Ýadygärlik toplumynda ýatlama çäresi geçirilip, oňa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Bu ýere ýygnananlar adamzadyň taryhynda iň weýrançylykly ýer titremeleriň hataryna giren Aşgabat ýer titremesiniň şehitlerini bir minut dymmak bilen hatyraladylar. Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Ýurdumyzyň müftüsi geçen asyryň ortalarynda bolup geçen tebigy heläkçilikde şehit bolan aşgabatlylaryň we onuň töweregindäki obalaryň wepat bolan adamlarynyň ruhunyň aram tapmagyny hem-de türkmenistanlylaryň öz ýurdunyň kuwwatyny berkitmeli we şöhratyny artdyrmaly häzirki we geljekki nesilleriniň döredijilikli zähmete ruhlanmaklaryny dileg edip aýat-doga okaýar. Ajaýyp ýadygärlige köpsanly adam akymy gussaly dymmak bilen hereket edýär, ony adamzat kowmunyň bakylygynyň hem-de galkynyşa okgunlylygyň nyşany hökmünde öz çagasyny halas edýän enäniň çagany elinde göterip duran simwoliki heýkeli bezeýär. Bu ýadygärlik binagärlik toplumynyň esasy düzüji alamatlarynyň biri bolup durýar. Soňky ýyllarda Aşgabat tanalmaz derejede özgerip, dünýäniň iň owadan şäherleriniň birine öwrüldi. Döwrebap belent binalar peýda boldy, täze köçeler, şaýollar guruldy, ajaýyp seýilgähler döredildi, metjitleriň, köşkleriň gümmezleri belende çykdy. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda bolup geçýän iri özgertmeleri öz keşbinde aýdyň ýüze çykaryp, şäher ýaşaýar we gülläp ösýär. Onsoň, neneň taryhy taýdan örän gysga döwrüň içinde gözümiziň alnynda bolup geçen şeýle özgertmelere guwanmajak, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe täze durmuşa galkynan türkmen halkynyň döredijilik kuwwatyna begenmejek! Hasratly wakanyň- Aşgabat ýer titremesiniň has öň bolup geçendigine garamazdan, şol pajygaly gije şehit bolan ildeşlerimiz baradaky hakyda türkmen halky üçin mukaddesdir we adamlaryň kalplarynda müdimilik ýaşar. 1948-nji ýylyň oktýabr aýynyň 5-inden 6-syna geçilýän gije şehit bolanlaryň hatyrasyna ýatlama çäreleri paýtagtymyzda bolşy ýaly, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda-da geçirilip, hemme ýerde aýat-dogalar okaldy, sadakalar berildi. Ýadygärlik toplumlaryna gül desseleri goýuldy. Goý, bu gün okalan aýat-dogalar Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun! Goý, türkmen topragynda hemişe asudalyk we abadançylyk, agzybirlik we jebislik höküm sürsün!

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir