2016-njy ýylyň 2-nji oktýabrynda Türkmenistanyň milli parlamentiň deputatlaryndan, ministrlikleriň we edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlarynyň we ýokary okuw mekdepleriň mugallymlaryndan, şeýle hem ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalarynyň, şol sanda Ýewropa Bileleşiginiň, ÝHHG-niň, UNDAF-nyň, UNISEF-niň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerinden ybarat düzümdäki wekiliýet “Altyn asyr” Türkmen kölüne sapar bilen bardylar. Bu ýerde, Ak ýaýla şor suw akabasynyň kenarynda Garagum çölüniň jümmüşinde täsin gidro desganyň taslamasyny amala aşyrmakda gazanylan üstünliklere bagyşlanan çäre geçirildi. Suw serişdeleri babatda ählumumy meseleleri çözmek üçin şeýle köli döretmek tejribesiniň ägirt uly ähmiýetini dünýäde giňden ýaýmak şu günki geçirilen çäräniň esasy maksatlarynyň biri boldy. Mälim bolşy ýaly, çölüň merkezinde köli döretmegiň ägirt uly taslamasy sebitde ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge, suw gorlaryny aýawly we rejeli peýdalanmagyň wezipelerini çözmäge gönükdirilendir. Gerimi boýunça deňi-taýy bolmadyk bu taslama diňe Türkmenistan üçin däl-de, eýsem, tutuş Orta Aziýa üçin hem ägirt uly ähmiýete eýe bolýar. Täze taryhy döwürde daşky gurşawy goramak, tebigaty netijeli ulanmak, bioköpdürlüligi goramak we artdyrmak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. BMG-niň tebigaty goramak baradaky esasy ylalaşyklaryny, şol sanda Biologik köpdürlülik hakynda, Ozon gatlagyny goramak hakynda, Serhetüsti suw akymlaryny we halkara köllerini goramak we peýdalanmak baradaky Konwensiýalary, Suw-batgalyk ýerler hakynda Ramsar Konwensiýasyny, Çölleşmä garşy göreşmek boýunça Konwensiýany, UNESKO-nyň Bütindünýä medeni we tebigy mirasy goramak hakynda Konwensiýasyny we beýlekileri tassyklamak bilen, ýurdumyz öz üstüne alan borçnamalaryny yzygiderli berjaý edýär. Suw we beýleki tebigy serişdeleri aýawly saklamak we dikeltmek, çölleşmä, ýerleriň zaýalanmagyna, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň hatarynda durýar. Biziň ýurdumyz häzirki we geljekki nesilleriň abadançylygynyň bähbidine ählumumy ekologiýa meseleleri netijeli çözmegiň başyny başlaýjy bolup durýar. BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň Daşky gurşawy goramak baradaky maksatnamasy, Ählumumy Ekologiýa Gaznasy hem-de Milli we sebit derejelerindäki beýleki abraýly halkara düzümleri bilen bilelikde ekologiýa maksatnamalarynyň we taslamalarynyň onlarçasy ýerine ýetirilýär. Wekiliýetiň agzalarynyň belleýşi ýaly, Türkmenistan halkara giňişliginde öňe sürýän başlangyçlarynyň oňynlygyny iş ýüzünde subut edýär. Ekologiýa çäreleri bu gün ýurdumyzyň ykdysady taýdan ösmeginiň täze şertine, tutuş halk hojalygynyň tebigatdan peýdalanmagyň täze nusgasyna geçmegi üçin binýada öwrülýär. “Döwlet ilatyň sagdyn ýaşaýyş şertlerini goramak we üpjün etmek, daşky gurşawy goramak we onuň durnukly ýagdaýyny saklamak maksady bilen tebigy baýlyklaryň rejeli peýdalanylyşyna gözegçilik edýär” diýlip, şu ýylyň 14-nji sentýabrynda Ýaşulularyň maslahatynda kabul edilen Türkmenistanyň Konstitusiýsynyň rejelenen görnüşinde berkidildi. Halkara hukugynyň kadalaryna laýyk gelýän “Tebigaty goramak hakynda”, “Aýratyn goralýan tebigy çäkler hakynda”, “Ozon gatlagyny goramak hakynda”, “Tokaý kodeksi”, “Balykçylyk we suw biologik serişdelerini goramak hakynda”, “Ösümlik dünýäsi hakynda”, “Haýwanat dünýäsi hakynda” we beýleki Kanunlar muňa ýardam edýär. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tassyklan “Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasy” hem-de ýokary tehnologiýaly pudaklary ösdürmegiň ileri tutulmagyny, ýurdumyzyň durmuş üpjünçiliginiň tutuş düzüminiň işlemeginiň binýatlyk bölegi hökmünde “ýaşyl ykdysadyýetiň” ösmegi üçin şertleriň döredilmegini göz öňünde tutýan “Howanyň üýtgemegi boýunça milli strategiýa” tapgyrlaýyn amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda bellenilişi ýaly, “Altyn asyr” Türkmen kölüni gurmagyň innowasion taslamasynyň amala aşyrylmagy dünýäniň suw serişdelerini aýawly saklamak bilen bagly ählumumy meseleleri çözmäge uly goşant bolup durýar. Türkmenistan ekerançylygyň we suwdan netijeli peýdalanmagyň ägirt uly tejribesine eýe bolmak bilen, bu ugurda öňdebaryjy ylmy barlaglary bilen tapawutlanyp, beýleki döwletleri hem suw serişdelerine şonuň ýaly aýawly garamaga çagyrýar. Ýurdumyzda suwuň ätiýaçlyk gory döredilýär, tebigy süzgüçleriň hem-de döwrebap tehnologiýalaryň ulanylmagy netijesinde ony oba hojalyk toplumynyň hajatlary üçin gaýtadan ulanyp bolar. Suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, zeý suwlaryny sowmak we ýerleriň şorlamagy, täze ýerleri özleşdirmek, öri meýdanlary giňeltmek, şeýle hem gök ekinleri suwarmak, tehniki hajatlar bilen bagly meseleleri çözmäge ýardam eder.