Ulag we aragatnaşyk ulgamy häzirkizaman dünýäsinde ykdysadyýetiň iň bir möhüm ulgamy bolmagynda galýar. Çünki hiç bir döwletiň ykdysadyýetini bu ulgamsyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Geografik taýdan örän amatly ýerde - Demirgazyk - Günorta, Gündogar - Günbatar ugurlarynyň çatrygynda ýerleşen Türkmenistan döwletimiz dünýäniň ulag we aragatnaşyk ulgamynda wajyp orun eýeleýär. Şonuň üçinem ulag pudagyny ösdürmek «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynyň» ileri tutulýan ugry bolup durýar. Milli maksatnamamyza laýyklykda ýurdumyzyň ulag ulgamyny yzygiderli döwrebaplaşdyrmak, dünýäniň ulag ulgamyna yzygiderli goşulyşmak bu ulgamyň esasy wezipesidir. Ýurdymyzda ulag düzümlerini döwrebaplaşdyrmakda, ulag-üstaşyr geçelgeleriniň kuwwatly binýadyny döretmekde tutumly işler amala aşyrylýar. 2014-nji ýylyň 3-4-nji sentýabrynda Aşgabatda geçirilen «Halkara hyzmatdaşlygyny we durnukly ösüşi üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň tutýan orny» atly halkara maslahaty geçirildi. Bu maslahatyň Aşgabatda geçirilmegi Türkmenistan tarapyndan BMG-niň 68-nji mejlisinde teklip edilipdi. Maslahatyň jemleri boýunça Aşgabat jarnamasy kabul edildi. 2014-nji ýylyň 19-njy dekabrynda bolsa BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny» atly Rezolýusiýa kabul edildi. Şu resminamanyň yzysüre 2015-nji ýylyň 22-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistan tarapyndan hödürlenen ulag we üstaşyr geçelgelerini döretmek hakynda Rezolýusiýasyny kabul etdi. Bu resminamalaryň kabul edilmegi sebitara gatnaşyklaryny berkitmekde, Merkezi Aziýany, Hazar deňzini, Gara deňzi, Baltika sebitlerini, Orta we Ýakyn Gündogary, Günorta - Gündogar Aziýany birleşdirýän geoykdysady giňişlikleri döretmekde möhüm başlangyçlaryň öňe sürülýändigine we önjeýli işleriň alnyp barylýandygyna şaýatlyk edýär. Ulag-üstaşyr ulgamyny döretmekde demir ýol ulgamy möhüm orun eýeleýär. 2014-nji ýylyň 3-nji dekabrynda tutuş sebit üçin taryhy ähmiýetli waka boldy. Türkmenistananyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň Prezidentleriniň gatnaşmagynda Gazagystan - Türkmenistan - Eýran demir ýolunyň gurluşygynyň tamamlanmagy bilen, dünýäde iri ulag-üstaşyr taslamasynyň resmi açylyş dabarasy bolup geçdi. Bu demir ýol diňe bir sebitde däl, eýsem dünýä derejesinde hem sazlaşykly we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine täsirini ýetirer. Bu ýol Ýewraziýa yklymynda täze halkara ýol bolmak bilen, Ýewropada Merkezi we Günorta Aziýa, Ýakyn we Orta Gündogara ýükleri daşamakda uly amatlyklara eýedir. Häzirki döwürde «Türkmenistan - Owganystan - Täjigistan» demir ýolunyň «Atamyrat – Ymamnazar - Akina - Antguýy» böleginiň gurluşygy merdana türkmen demirýolçulary tarapyndan gyzgalaňly ýagdaýda dowam etdirilýär. Ýoluň ugrunda demir ýol köprüleriniň we beketleriniň gurluşygy amala aşyrylýar. «Türkmenistan - Owganystan - Täjigistan» demir ýolunyň gurluşygynyň üstünlikli tamamlanmagy bilen sebitiň deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryna iri halkara bazarlaryna çykmaga giň mümkinçilikler dörär. Mundan başga-da bu ýol sebitiň ýurtlarynyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge, täze iş orunlarynyň döredilmegine mümkinçilik berer. Bu taslama Hytaý, Hindistan, Pakistan ýaly döwletlere günorta we gündogar ugurlaryny birikdirmekde hem uly ähmiýete eýedir. Milli ykdysadyýetimiziň döwrebap ösdürilmeginde port işiniň ähmiýeti hem örän uludyr. Muny ýurdumyz boýunça daşalýan ýükleriň üçden iki böleginiň suw ýollary arkaly daşalýanlygy bilen hem düşündirse bolar. Hut şonuň üçinem port infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmakda uly işler amala aşyrylýar. Diňe bir Türkmenistanyň däl, eýsem tutuş Orta Aziýanyň deňiz derwezesi hökmünde ykrar edilen Türkmenbaşy şäherinde Halkara deňiz portunyň gurluşygy gyzgalaňly ýagdaýda dowam etdirilýär. Bu halkara deňiz porty Ýewropa - Kawkaz - Aziýa (TRASEKA) söwda ýolunyň ugrunda ýerleşip, Merkezi Aziýa bilen Ýewropany deňiz, awtoulag we demir ýollary arkaly birleşdirýän deňiz derwezesine öwrüler. Baýram Muhammedow

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir