Tomsuň başlanmagy bilen ümmülmez bugdaýly meýdanlar birden sap-sary reňke beslenip, ýaýylyp ýatan täsin gözelligi emele getirýär. Ir säheriň sergin şemalyna tolkun atýan altynsow bugdaýly pelleriň ygşyldysy bilen guşlaryň birenaýy saýraýan sesleri garyşyp gidýär. Gör-le muny, Gün şöhlelerine lowurdaýan tyllaýy hoşalar kemsiz bişip ýetişipdir-ä. Gözýetime deňiç uzap gidýän altynsow bugdaýly peller kalbyňy heýjana getirýär. Gallaçy babadaýhan bu ajaýyp gözelligi synlap, elbetde, mähirli ýylgyrýar, merdana ýüregi buýsançdan pürepürlenýär. Çünki bu bereket- bolçulygy hut onuň özüniň maňlaý deriniň, aňzakly gyş diýmän, jokrama yssy diýmän, ýel-ýagmyr diýmän, gyraw-gar diýmän, ençeme aýlaryň dowamynda çeken gujur-gaýratly zähmetiniň, uçursyz yhlas-aladasynyň öwezine kemala geldi ahyryn. Onsoň edermen babadaýhan öz hasylyna nädip begenmesin, buýsanmasyn, guwanmasyn! Elbetde, ol şu ajaýyp pursatlarda muňa doly hakly ahyryn. Onuň göwnüne, gözel tebigatam, saýrak guşlaram, sergin şemalam, asmandaky tyllaýy Kuýaşam oňa:”Armaweri, babadaýhan! Harmanyňa bereket!” diýýän ýaly bolup duýulýar-da, ol bu joşgunly duýgulardan sermest bolup, alyslara umytly nazaryny dikip, buýsançly ýylgyrýar. Gyzgyn tomsuň epgeginde, aňzagynda ak gyşlaryň, Lezzet alyp “armasyndan” saýrak dilli, şat guşlaryň, Arman-irmän zähmet çekip, astynda ak ýagyşlaryň, Çeken çili ýada salyp Zeminiň päk nagyşlaryn, Babadaýhan gaýrat bilen ýetiripdir seni joşa, Dünýäň ýüzi mukamlanýar: ýaşa sen, tyllaýy hoşa! Babadaýhanyň hakydasynda dek-düýnjük bolan waka ýaly, geçen pursatlar peýda bolýar. Ine, bugdaý däneleri, ine-de, sürülen-şüdügärlenen mele toprak, ata-babalarymyzyň: “Tohum al-da, ýere bar” diýip aýdyşlary ýaly, daýhanam ak sakgally gojalaryň ak patasy bilen ýere tohum taşlaýar, külli –il oňa: “Tohumyň müňlesin!” diýip, ýagşy arzuw-niýet edýär. Mes topraga düşen bugdaý däneleri şineläp, soňra dürterip çykyp ugranda, gör, daýhan nähili begenipdi. Ýaşyl maýsalary görende bolsa, onuň umytlary has-da goşalanmanmydy?! Elbetde, daýhan arly gyşy bilen bugdaý maýsalaryna esewan boldy, idegini ýetirdi. “Daýhan-mert, ýer-jomart” diýlişi ýaly, abyrly zähmetiň, yhlas-aladanyň öwezine ene ýeriň mukaddes “süýdünden” ganan bugdaýlar, gör, bu gün bol hasylam eçildiler. Ene Ýeriň kükreginden dömüp-dömüp syzyldyň sen, Ýaşyl maýsaň görk-görmegi– baldak bolup ýazyldyň sen, Säherleriň ak çygyna, ýaz ýagşyna ezildiň sen, Owal ýaşyl, soň sarydyň, altyndyň sen, gyzyldyň sen, Babadaýhan gaýrat bilen ýetiripdir seni joşa, Dünýäň ýüzi mukamlanýar: ýaşa sen, tyllaýy hoşa! Göz açyp-ýumasy pursatda diýen ýaly bereketli tylla güýzem, nurly gyşam, owadan älemgoşarly baharam geçdi gitdi. Ak gar ýapynjasynyň aşagynda sag-aman gyşlan, ýaz ýagmyryna kemsiz ýuwnan güýzlük bugdaýyň maýsalary baharyň gelmegi bilen parlap-pajarlap ösdi-örňedi, boý aldy, hasyla durdy. Ine, şol dolmuş däneli sümmüller indi sap-sary tyllaýy hoşa öwrülip öwşün atýar. Olar kemsiz bişip ýetişipdir. Oruma-da girişiberse boljak. Altyn öwüsýän bugdaýly meýdanlaryň howasynda üýtgeşik ýakymly bugdaý ysy burk urýar. “Gallaly ýer–tyllaly ýer” diýip ýöne ýere aýdylmandyr! Ol jana tenekar kimin melhem paýlaýar, ondan gaýta-gaýta ganyp-ganyp içiňe dartasyň gelýär. Altyn pelleň ygşyldysy ýatladýar ajap owazy, Ir säherler bugdaýlykda ne ajap meýdan howasy! Jana ýakýar melhem deýin– müň bir dertleriň dowasy, Bol rysgal, bereket bilen dolýar durmuşyň nowasy, Babadaýhan gaýrat bilen ýetiripdir seni joşa, Dünýäň ýüzi mukamlanýar: ýaşa sen, tyllaýy hoşa! Ak bugdaýyň watany bolan ýurdumyzda bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirmekde uly gerimli işler alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň döwlet derejesindäki üns-aladasy netijesinde, gallaçy-kärendeçilerimiz üçin ýokary zähmet şertleri, ýer-suw, tehnika we dökün üpjünçiligi döredilýär. Türkmenistanyň indi dünýä bazaryna öz öndüren gallasyny eksport edýän döwletleriň hataryna ynamly goşulandygy buýsançly hakykatdyr. Ýeri gelende aýtsak, „Harman aldym- gala aldym“ diýýän türkmen babadaýhany galla oragy möwsümine aýratyn jogapkärli çemeleşip gelipdir. Sebäbi bu möhüm oba hojalyk möwsüminiň netijesi bilen biziň saçaklarymyzyň rysgal-berekedi, durmuşymyzyň eşret-höziri, illerimiziň abadançylygy gös-göni bagly bolup durýar. Guşgursak altyn däneden harman önýär, misli daglar, “Harman aldym-gala aldym” diýip, daýhan köňül çaglar, Edermen gallaçy daýhan ykbalyny saňa baglar, Geldi bagtyýar zamana-şöhratyň ülkäme çawlar, Babadaýhan gaýrat bilen ýetiripdir seni joşa, Dünýäň ýüzi mukamlanýar: ýaşa sen, tyllaýy hoşa! Daýhançylygyň ýokary medeniýetini kemala getiren gadymy halkymyz bugdaý ösdürip ýetişdirmeklige aýratyn ähmiýet berýär. Çünki türkmen tagamlarynyň arasynda esasy orun eýeleýän, saçagymyzyň bezegi, rysgal-berekediň beýik alamaty bolan çörege bolan belent sarpa milli aýratynlyklarymyzyň esasylarynyň biridir. Halkymyz duz-çöregi mukaddes saýyp, tamdyry keramat hasaplaýar. Türkmeniň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan milli tagamlarymyz köpdürlilige, gaýtalanmajak özboluşlylyga eýe bolup, çörek tagamlaryň içinde iň esasysy, baş iýmit saýylýar. Ýeri gelende aýtsak, türkmen milli tagamlarynyň onlarça görnüşlerini taýýarlamakda ak bugdaýyň uny, bugdaý, jöwen ýarmasy giňden peýdalanylýar. Halkymyzyň guşgursak ak bugdaýa „Uly iliň soltany“ diýip taryplamagy ýöne ýere däl. “Uly iliň soltany” diýp, taryplaýar iller seni, Aýdymlarda-lälelerde taryplaýar diller seni, Mes topragyň gudraty sen- “kuwwat” diýýär siller seni, Gujursyň sen, berdaşsyň sen– “gurbat” diýýär biller seni, Babadaýhan gaýrat bilen ýetiripdir seni joşa, Dünýäň ýüzi mukamlanýar: ýaşa sen, tyllaýy hoşa! Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan iňňän oýlanyşykly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri-de ýurdumyzyň obasenagat toplumyny döwrebaplaşdyrmak, oba hojalyk önümleriniň öndürilişini we gaýtadan işlenilişini yzygiderli artdyrmak arkaly azyk bolçulygyny üpjün etmek bolup durýar. Çünki halal zähmete hormat-sarpa goýmak, ylaýta-da edermen babadaýhanlarymyzyň zähmetini sarpalamak halkymyzyň asylly ruhy-ahlak ýörelgesidir. Muňa halkymyzyň döreden “Zähmet soňy- rehnet”, “Zähmetim bar– hormatym bar”, “Çekseň zähmet, ýagar rehnet” ýaly onlap dana pähimleri-de doly güwä geçýär. Arkadagyň saýasynda, gül Watanyň gujagynda, Lowurdaýar misli altyn, desse sümmül gujagymda, Rysgalym sen sahawatly türkmenimiň ojagynda, Mele-myssyk çöregimsiň bereketli saçagymda, Babadaýhan gaýrat bilen ýetiripdir seni joşa, Dünýäň ýüzi mukamlanýar: ýaşa sen, tyllaýy hoşa! Ýylyň dowamynda babadaýhanlarymyzyň gaýratly zähmetiniň netijesinde kemala getirilen guşgursak bugdaýyň bol hasylyny gysga möhletlerde we ýitgisiz ýygnap almak galla oragy möwsüminiň esasy maksady bolup, bu möhüm çäräni guramaçylykly amala aşyrmak birleşdirilen tagallalary, ýokary guramaçylygy we janypkeş zähmeti talap edýär. Gahryman Arkadagymyzyň üns-aladasy we berýän tabşyryklary hut şu jogapkärli möwsümi ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmekde, halal zähmetiň hakyky pälwanlaryny- edermen gallaçy babadaýhanlary, kombaýnçylary, awtoulag sürüjilerini we beýleki oba hojalyk işgärlerini öndürijilikli zähmete höweslendirmeklige gönükdirilendir. “Ýaryşly iş- ýeňişli iş” diýlişi ýaly, galla oragy möwsüminiň ýokary zähmet netijelerine beslenjekdigine berk ynanýarys. Iň ýokary netijeleri gazanan gallaçy-kärendeçilerimiz, kombaýnçylarymyz, sürüjilerimiz ýaş nesil üçin arassa we halal zähmetiň görelde alarlyk edermenlik nusgalary hökmünde uly hormata eýe bolarlar. Çünki türkmeniň ýyllyk gallasyny üpjün etmekde janypkeşlik görkezen ildeşlerimiz ähli babatda hormat-sarpa mynasypdyr. “Supradaky nan- aýdym hem mukam” diýlişi ýaly, çörek bar ýerde bolsa, hökman bagtyýarlyk, şadyýan durmuş, toý-baýramlar höküm sürýär. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe, goý, halkymyzyň rysgal-berekedi artsyn! Çäjiňize bereket, harmanyňyza bereket, edermen gallaçy babadaýhanlarymyz!