Türkmenistanda kabul edilýän Permanlar we Karardyr-kanunlar ylym-bilimi, saglygy goraýşy, bedenterbiýäni we sporty, syýahatçylygy we dynç alyş-rekreasiýany ösdürmäge şert döredýär. “Saglyk” döwlet maksatnamasy 21 ýylyň içinde ilatyň saglygyny goramakda uly ähmiýete eýe boldy. Maksatnamanyň çäklerinde şypahana we dynç alyş ulgamy ösdürmek, halkymyzyň saglygyny gorap saklamak we dikeltmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Döwletimizde bedenterbiýe sagaldyş toplumlarynyň, sport mekdepleriniň we meýdançalarynyň, çagalar sagaldyş merkezleriniň, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň döredilmegi, şeýle-de “Baýramaly”, “Farap”, “Daşoguz”, “Berzeňňi”, “Ýyly suw”, “Arçman”, “Mollagara” şypahanalarynyň döwrebap derejede durky täzelenip, halkyň saglygyny goramakda alnyp barylýan işleriň gerimi giňelip, ol ösen döwletleriň hataryna ýetirilýär. Lukmançylyk hyzmatlaryň görnüşi köpelip, dürli bejergiler üçin niýetlenen bölümler, otaglar açyldy, trenažor otaglary saglygyny dikeltmäge gelýänlere ýokary derejeli hyzmatlary hödürleýär. Ähli şypahanalarda fitobarlar açylyp, ol ýerde taýýarlanylýan şypaly melhemlerden lezzet almak bolýar. Ýaňy-ýakynda (2016,iýun) “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda 200 orunlyk sagaldyş we dynç alyş “Awaza” şypahanasynyň hem-de Türkmenbaşy şäherinde 360 orunlyk köpugurly hassahananyň düýbiniň tutulmagy halkyň saglygy hakynda edilýän aladanyň ýene-de bir aýdyň subutnamasydyr. Milli mirasymyza sarpa goýulyp, çuňňur pähim-paýhasyndan kemal tapan “Paýhas çeşmesi” kitapda “Türkmen topragy gadymy döwürlerden bäri gözel tebigaty, hoşgylaw, hormat goýujy we ylalaşykly ilaty, şirin aýdym- sazy, durmuş gurluşy hem-de ynsanperwer ýörelgeleri, joşgunly toýdur baýramlary bilen özüne bendi ediji güýç-gudrata eýe ülkedir” diýilip myhmansöýer däp-dessurymyza aýratyn sarpa goýýar. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda kaşaň myhmanhanalar bilen bir hatarda bedenterbiýe sagaldyş toplumlarynyň, sport meýdançalarynyň, çagalar sagaldyş merkezleriniň döredilmegi, dynç almagyň we saglygy dikeltmegiň köptaraplaýyn ugrunyň kemala gelmegi üpjün edilyar. Bu ýeri diňe biziň raýatlarymyz däl-de, eýsem dünýä jahankeşdeleriň hem söýgüli dynç alýan ýerine öwrülip başlady. Bütin dünýäde bolşy ýaly, Türkmenistanda hem bejeriş-sagaldyş syýahatçylygy giň gerim bilen ösüş ýoluna düşdi. Watanymyz keselleriň öňüni alyş we bejeriş häsiýetli deňiz suwyna we howasyna, bejeriş mineral çeşmelerine, palçyk ýataklaryna, dag jülgelerine karst gowaklaryna diýseň baýdyr. Hazar deňiziniň türkmen kenary bilermenleriň maglumatlaryna görä iň arassa deňizýaka zolagy hasaplanýar. Hazar deňzinde suwa düşmek möwsümi beýleki goňşy döwletleriň kenar böleginden tapawutlylykda has dowamly bolup, ol oktýabryň ortalaryna çenli dowam edýär. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagamyzda gurlup ulanylmaga berilen myhmanhanalardaky, sagaldyş-dikeldiş we dynç alyş merkezindäki terhowuzlarda Hazaryň ýyladylan deňiz suwundan ýylyň dört paslynda hem lezzet almak bolýar. Ýokary rahatlykly köpsanly kottejler toplumynyň gurlup ulanylmaga berilmegi bilen Awazanyň kenarynda maşgala bolup dynç almaklyk halkymyzyň arasynda meşhurlyga eýe bolýar. Iň guwandyrýan ýeri hem müňlerçe adamyň birbada, öz saglyklaryny berkedip, dynç alyp bilmek mümkinçiligidir. Sebäbi sagaldyş toplumlarynda, myhmanhanalaryň ählisiniň häzirki zaman lukmançylyk enjamlary we fizioterapewtik enjamlar bilen doly üpjün edilmegi müşderileriň ýokary derejede dynç alyşyny gurnamak bilen bir hatarda saglygy dikeltmäge şertler döredilendir. Açyk we ýapyk görnüşli ýüzülýän basseýnleriň, sport meýdançalarynyň, tennis kortunyň, “çagalar şäherjiginiň” bolmagy adamlaryň boş wagtyny gyzykly we lezzetli geçirmäge ýardam edýär. ”Awaza” milli maksatnamanyň durmuşa geçirmegiň çäklerinde gojaman Hazaryň türkmen kenary bu gün görlüp-eşidilmedik derejede üýtgedi. Hazaryň türkmen kenary we oňa galtaşýan suw halkara ekspertleriniň gelen netijelerine görä Hazarýaka sebitimiz ekologiki taýdan iň arassa ýer hasaplanýar. Saglygyň sakasy hasaplanýan ruhy abadançylyk, gündelik bedenterbiýe maşklary bilen meşgul bolmak ýaly ýörelgelerimiz raýatlarymyzyň sagdyn, erkin, abadan ýaşamagyna doly mümkinçilik berýär. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagymyzyň çäklerindeähli pudaklarymyza degişli dynç alyş merkezleriň we myhmanhanalaryň bolmagy ýurdumyzyň raýatlarynyň zähmet rugsadyny bu gözel künjekde geçirmegine mümkinçilik berýär. Deňiziň kenarynda dynç almak bolsa ilatyň arasynda keselçiligiň, maýypçylygyň azalmagyna, raýatlaryň ömrüniň ortaça dowamlylygynyň uzalmagyna getirýär. Ýoda we köpsanly mikroelementlere baý deňiz suwy ýokanç däl keselleriň öňüni almakda, bejeriş çärelerini doly we dogry geçirmekde ähmiýeti bimöçberdir. „Saglyk“ döwlet maksatnamasynyň göz öňünde tutulan işler munuň aýdyň şaýadydyr. Saglyk sahawatly işler bilen bir hatarda ildeşlerimize we daşary döwletden gelen raýatlara edilýän şypahana hyzmatlaryny kämilleşdirmek, lukmançylykda keselden soňky dikeldiş çärelerini öz wagtynda geçirmek, işe ýarawsyzlygyň öňüni almak çäreleri bilen utgaşdyrylýar. Güneşe baý türkmen diýarymyzda şypahana hyzmatlary dürli tebigy çeşmelere esaslanandyr. Olaryň içinde tebigy klimatiki - howa, palçykly bejergi we balneologiki şypahanalar bar. Häzirki zaman dynç alyşyň talaplaryna laýyklanyp gurlan, dünýä standartyna gabat gelýän dynç alyş öýlerinde bir gezek dynç alyp ýa-da saglygyny dikeldenleriň köpüsi ýene-de bu ýere täzeden gelmegiň arzuwyny edýär. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllyk toýy toýlanjak ýylymyzda dabarasy dag aşýan “Awaza” milli syýahatçylyk zolagamyzda amala aşyrylan asyrlara barabar işlere mähriban halkymyzyň guwanjynyň we buýsanjynyň çägi ýokdur. Çünki gojaman Hazaryň kenarynda adamlaryň doly bahaly dynç almagy üçin şypahana şäheri döredi diýsek hakykatdan daş düşmeris. Ýurdumyz boýunça 8-nji şypahana hasalanjak “Awaza” şypahanasynyň işe girizilmegi bilen mineral suwlaryň, palçyklaryň we howa şertiniň lukmançylyk görkezmesi boýunça ulanýan çägi has-da giňär. Ýurdumyzda rahat dynç almaga, bedeniň ýaşaýyş güýjini ýokarlandyrmaga, ruhy lezzet almaga döredilen şertler ХХI asyryň ösen talabyny doly derejede kanagatlandyrýar. Gijeki Awaza öz öwüşgini bilen ertekiler dünýäsini ýatladýar. Emeli derýada gämili gezelenç etmek myhmanlara gurulan binalaryň köpüsi bilen birbada tanyşmaga, ýetilen sepgitlere göz ýetirmäge mümkinçilik berýär. Dynç alyp, saglygyny bekedýän ynsanlar kenardaky guş jürküldisini, tolkunlaryň güwwüldisini eşidenlerinde, deňize gün şöhlesi düşüp ýod, brom bugarma hadysasyny görenlerinde, ondan dem alanlarynda kalbynda diňe oňyn üýtgeşmeleri başdan geçirýändiklerini belleýärler. Awazada joşýan aýdym –saz, hoş owazlar, tolkunlaň sesi nerw dartgynlygyny aýyrsa, guşlaryň sesi bedende rahatlyk döredýär. Hazaryň kenarynda ynsan saglygyny gorap saklamak we keselleriň öňüni almak üçin zerur bolan tebigy şertleriň ählisi bar diýsek öte geçdigimiz bolmaz. Çünki ýod, brom ýaly mikroelementler bilen baýlaşan deňiz howasy we gün şöhlesi jana lezzet beriji, rahatlandyryjy täsirli esasy serişdedir. Bu tebigy baýlyklar ildeşlerimiziň we daşary döwletden gelen raýatlaryň keselleriniň öňüni almakda, bedeniň iş ukyplylygyny artdyrmakda, immuniteti ýokarlandyrmakda ähmiýeti bimöçberdir. Ilatymyzyň uludan-kiçä ählisiniň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeginde kadaly iýmitlenmegiň, zyýanly endiklerden daşda durmagyň, zähmet bilen dynç alyşy sazlaşykly utgaşdyrmagyň, arassa howada ioşjeň hereket etmegiň, bedenterbiýe maşklary – sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagyň saglygyň esasy girewidigi halkymyz taýdan özleşdirilýär we goldanylýar. Baýram Muhammedow

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir