Garaşsyzlyk - öz erkinligine, azatlygyna eýe bolan milletiň beýik ykbaly! Taryhy ýollary merdanalyga we gahrymançylyga beslenen halkymyzyň milli we ruhy garaşsyzlygy barada gürrüň açanymyzda, Prezidentimiziň belläp geçişi ýaly: «Garaşsyzlyk türkmen halkynyň milli buýsanjydyr». Türkmenistanyň beýik Garaşsyzlygynyň taryhy ýollaryna ser salanymyzda gahrymançylyga beslenen gaýduwsyz hem belent ruhly, beýik ykbally türkmen halkynyň asyrlarboýy ýüreklerinde ýaşadan özbaşdaklyk hakyndaky umytlary, berkarar döwletlilik dogrusyndaky erk-islegleri ör-boýuna galýar. Eýsem, ýurt Garaşsyzlygy ata-baba ynam-ygtykatlaryndan, watansöýüjilik hakyndaky kasam-antlaryndan, ähti-peýmanlaryndan ykrar tapýan mizemez mukaddesliklerden ybaratdyr. Garaşsyzlyk - beýik maksatlaryň, milletiň arzuw-islegleriniň asyrlaryň-eýýamlaryň dünýäni özgerdiji güýçli öwrümlerinde Gün kibi şuglalanyp, äleme ýalkym saçmasydyr, köňüllerde beslenen ynsan arzuwlarynyň wysal tapmasydyr, täze bir röwşen nurly ak ýollarda tutumly maksatlaryň amala aşmasydyr. Ýurt Garaşsyzlygy - türkmeniň milli ruhunyň täzeden dabaralanmasydyr. Şol sebäpli-de türkmen halkyny berkarar döwletlilige, sowulmaz döwranlylyga, ykbal çözüji özbaşdaklyga ýetiren Garaşsyzlygyň şanly senesi - 1991-nji ýylyň 27-nji oktýabry Türkmenistan döwletiniň bagtyýar geljegine aýdyň şugla saçyp durmagy tebigy kanunalaýyklykdyr. Bu gün Garaşsyz Türkmenistan döwleti ata-baba arzuw-yhlaslary bolup gülleýär, gül açýar. Bu gün türkmen halkynyň ykbaly, bagtyýar geljege ak ýoly gülleýär. Ykballar güllese, Watan gülleýär. Ýaşaýyş mukamynyň şirin owazyna diň salyp, jümle-jahan gülleýär. Bagtyýar milletiň ykbaly hem-de kalby bolup gülleýän Garaşsyz Türkmenistanyň at-owazasy bu gün dünýä dolýar. Garaşsyz türkmen döwletiniň abraýyny, milli medeniýetiniň we sungatynyň şan-şöhratyny jümle-jahanda halkara jemgyýetçiliginiň öňünde täze belentliklere göterilýär. Ýurt Garaşsyzlygymyzyň döwründe erkana ýaşaýan türkmen halkynyň maddy we ruhy dünýäsi ösüşleriň, özgerişleriň täze belentliklerine göterildi. Çünki halkymyz Watanyň bagtly geljeginiň ýalkymyndan nurlanyp, täze döwür, bagtyýarlyk zamanasynyň şöhratly üstünliklerinden rowaçlanyp, döwletimiziň bagta gujak açýan ak ýollaryndan şanly geljegine tarap aýgytly gadamlar bilen öňe barýar. Bu günki gün bedew bady bilen halkara derejesindäki ösüşlere beslenýän edermen, zähmetsöýer türkmen halky ýagty ertirine - alyslara, ýüzýyllyklara nazar aýlaýar. Bu bolsa beýik maksatlar bilen halkara jemgyýetçiliginiň öňünde uly mertebä göterilen Türkmenistanyň şan-şöhratyny mundan beýläk-de dünýä ýaýmakdan, bagtyýar türkmen halkyny adamzat ösüşiniň täze belentliginde ýaşatmakdan ybaratdygynyň aýdyň mysallary bolup durýar. Beýik özgerişleri, tutumly, belent maksatly işleri diňe parahatçylygyň, asudalygyň dabaralanýan ýurdunda agzybir, jebis ýaşaýan zähmetsöýer millet amala aşyryp bilýär. Garaşsyzlygyň şöhratly ýollarynda amala aşyrylýan beýik işleriň her biri asyrlara barabar gahrymançylykly wakalardyr. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde dünýäniň aňrybaş enjamlary bilen enjamlaşdyrylan täze-täze zawod-fabrikleriň, medeniýet merkezleriniň, ylym-bilim, saglyk, sport toplumlarynyň gurlup ulanylmaga berilmegi, obalaryň halkara derejesinde abadanlaşdyrylyp, täze-täze etraplaryň, şäherleriň açylmagy, täze şäherçeleriň we obalaryň peýda bolmagy we beýleki ençeme desgalar Garaşsyzlygyň täze belentligi döwrüň baş ymaratlarydyr. Ýurt Garaşsyzlygymyzyň täze belentligi döwründe erkana ýaşaýan türkmen halkynyň maddy we ruhy dünýäsi ösüşleriň, özgerişleriň täze belentliklerine göterildi. Ynha, Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda-da Türkmenistan döwletimiz şanly Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk toýuna täze üstünlikler, beýik zähmet ýeňişleri bilen aýgytly barýar. Çünki halkymyz berkarar Watanyň bagtly geljeginiň ýalkymyndan nurlanyp, täze döwür, bagtyýarlyk zamanasynyň şöhratly üstünliklerinden rowaçlanyp, döwletimiziň bagta gujak açýan ak ýollaryndan şanly geljegine tarap beýik ýollary geçýär. Pederlerimiziň özbaşdak, berkarar döwletlilik hakyndaky beýik maksatlaryndan, arzuw-umytlaryndan wysal bolan halkara derejesindäki beýik ösüşlere eýe bolýan Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň şan-şöhraty asyrlardan asyrlara aşsyn!