Türkmen halky uzak taryhy döwürleri başyndan geçirdi. Halkyň ýaşaýyş durmuşy, onuň maddy we ruhy medeniýeti barada bolsa, il içinde ebedi ýaşap gelýän halk döredijilikleri, ýazyjydyr, şahyrlarymyzyň eserleri, şeýle-de alymlaryň XX asyryň başlaryndan bäri biziň topragymyzda geçirip gelýän gazuw-agtaryş işleri çynlakaý hem gyzykly maglumatlary beýan edýär. Şonuň ýaly hem soňky wagtlarda, ýagny XX asyryň başlaryndan bäri türkmeniň ruhy gymmatlyklary dünýewi şekillendiriş sungatynda şöhlelenip başlady. Bu ugurda suratkeşleriň uly ornuny bellemek gerek. Ine şeýle suratkeşlerimiziň biride Hojamuhammet Çüriýewdir. Ol hem özboluşly döredijilik nazarlary bilen türkmen suratkeşler jemgyýetiniň hataryna goşulýar. Ýaşlykdan surat çekmegi gowy gören Hojamuhammet mekdepde okaýarka hem öz agasy Atajanyň köp berekellasyna mynasyp bolupdy. Onsoňom, “boljak oglan başdan belli” diýipdirler. Ýaşajyk, höwesjeň suratkeşiň ene-atasy Tirke aga hem-de Ogulgerek eje türkmeniň “Düýe ýitmese semremez” diýen nakylyna eýerip, orta mekdebi tamamlan ogluny Şota Rustawelli adyndaky türkmen döwlet çeperçilik uçilişesine okuwa iberýär. Ol wagtlar 1989-njy ýylyň tomusydy. Ol bu sungat ojagynda şekillendiriş sungatynyň nakgaşçylyk ugrunyň inçe ýollaryny irginsizlik bilen öwrenmäge çalyşýar. Suratkeş öz işine ussat mugallym Türkmenistanyň halk suratkeşi Annadurdy Almämmedowyň elinde bilim alýar. Mugallymlaryň halypaçylygy ýerine düşüpdir diýsek ýalňyşmarys. Çünki Hojamuhammet Çüriýew 1994-nji ýylda öz okuwyny üstünlikli tamamlap, şol ýylyň tomusynda hem Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň nakgaşçylyk ugruna okuwa ilkinjileriň hatarynda kabul edilýar. Hut şu ýerden hem ýaş suratkeşde döredijilik gözlegleri, aýratyn ýola düşmegiň höwesjeňligi artýar. Bu sungat ojagynda professor Gulnazar Begmyradow, doganlar Aman we Çary Amangeldiýewleriň elinde okap bilim alýar. Halypalaryň ýolbaşçylygynda tebigata çykyp döredilen etýudlar toplumy suratkeşiň döredijiligine uly täsirini ýetirdi. Çünki nakgaşçylyk sungatynda tebigat iň uly mugallym hasaplanýar. Hojamuhammet Çüriýew bu döwürde “Çeleken irden” (1996ý), “Garagöl abasy” (1997ý), “Hazar deňzi” (1996ý), “Kör çaý” (1999ý), “Törebeg hanymyň mowzoleýi” (1998ý), “Tekeşiň ýadygärligi” (1997) atly eserlerini döredipdi. Eserlerde suratkeşiň ilkinji çeperçilik ýodalarynyň ýalkymy şöhlelenýärdi. Olarda oba durmuşynyň gyzyklyja pursatlary, deňiz peýzažynyň tebigy görnüşi şowhunly beýan edilýär. Türkmençilikde “Şägirt halypasyndan ozdurmasa kär ýiter” diýilýär. Türkmen şekillendiriş sungaty ýaşamagyny we ösmegini dowam edýär. Indi, öňki talyp ýigit bu gün türkmen döwlet çeperçilik mekdebiniň ýaş mugallymy bolup işe başlaýar. Ýaşaýyş zynjyry-çeperçilik sungatynyň ewolýusiýasy endigan dowam edýärdi. Hojamuhammet Çüriýew çeperçilik mekdebinde ýaşlara şekillendiriş sungatynyň inçe syrlaryny öwredip başlanda, özüniň ähli gazanan tejribesini hem yhlasyny orta atýardy. Şol döwürlerde diňe bir mugallymçylyk käri bilen däl-de, ýanynda dowamly döredijilik işi bilen hem meşgullanýardy. Suratkeş özüniň durmuşa we ýaşaýşa bolan ruhybelentligi bilen gysga wagtda ile-güne adygan suratkeşleriň birine öwrülipdi. Şeýle ýagdaýlary nazarda tutup, Hojamuhammet Çüriýew 2004-nji ýylda Türkmenistanyň suratkeşler birleşiginiň agzalygyna kabul edilýär. Bu bolsa, suratkeşiň milli döredijilik dünýäsinde üstünlikli ädimleriň biridi. Suratkeşiň eserleriniň giňişlik we reňk çözgütlerinde dürli sungatlaryň häsiýetleri şöhlelenýär. Suratkeşiň eserleri dürli temalarda beýan edilýar. Irki eserleri taryhy ýadygärliklerimiziň, deňiz peýzažynyň waspy edilýän bolsa, döredijiliginiň häzirki döwürlerinde abstrakt sungat akymyna, watan gerçeklerine bagyşlanan eserleri bar. Garaşsyzlyk döwrüniň nakgaşçylyk sungatynda ýyly hem ýagty, arassa reňkleriň şöhlelenmesi tebigylyk bilen bir hatarda döwrümiziň bagtyýarlygy, asmanymyzyň asudalygy bilen baglanyşykly bolýar. Özygtyýarlylyk, ösüp barýan milli garaýyşlaryň şuglasy, ýurdumyzyň syýasy we ykdysady öňe gidişlikleri, bularyň hemmesi türkmen sungatynyň täze ruhda ösmegine hem-de terbiýelenmegine uly itergi berdi. Döredilýän eserleriň çeperçilik akymlary hem döwrüň tehniki taraplaryna görä özboluşly häsiýetlerini ýüze çykarýardy. Ýagny, realizm, konstruktiwizm, abstraksionizm we ýene-de ençeme çeperçilik akymlary türkmen suratkeşlik sungatyna hem öz täsirini ýetirýär. Hojamuhammet Çüriýewi durmuşyň iň ýakyn, gündeki wakalary gyzyklandyrýar. Ol ruhy ýatlamalary, göwün giňişligini, däp-dessurlary, umuman milli ruhyýete gol ýapýan suratkeş. Suratkeşiň garaşsyzlyk zamanasynda döwrüň ruhyýetine görä üýtgeýän esasy tarapy eserleriň reňk gammasydyr. Üns bersek täze döwürde türkmen suratkeşleri öz eserlerinde ýagty, güneşli, ýyly reňkleri saýlap alýarlar. Bu häsiýet Hojamuhammet Çüriýewiň hem döredijiligine mahsus boldy. Onuň häzirki döwürde döreden eserlerinde goýy goňurymtyl, gülgüne-goňur, sowuk gök, mylaýym gyzyl, sowuk sary we mawy reňklerde ýazylan eserleri reňk gammalary boýunça tapawutlanýarlar. Şeýle eserlerden “Ene toprak” (2015ý), “Soňky sargyt” (2014ý), “Mukam” (2015ý), “Irki çaý” (2014ý), “Joşgun” (2013ý), “Ojak başynda” (2014ý), “Zähmet. Awtoportret” (2014ý) ýaly eserleri agzap bolar. “Ýedi ölçe-de bir kes” diýileni. Suratkeş her bir etjek işini aňynda bişirenden soň ony eser meýdanynda janlandyrmagyň küýüne düşýär. Suratkeşiň aýtmagyna görä: “Meniň döredijilik işlerim örän kyn çykýar” diýip belleýär. Şahyr Gurbannazar Ezizow “Döredijilik üçin” diýen goşgusynda şeýle diýýär: Bu käriň özüniň häsiýeti bar, Bar onuň gazaply, näzik gylygy: Döredijilik seni unudyp biler Eger sen unutsaň döredijiligi! Çünki döredijilik diýen zat näzik bolýar. Döredijilik näziklik bilen duýgylaryň teşneligidir. Hojamuhammet Çüriýew kalbynyň hemişe dogduk mekanyna teşneligi onuň eserlerinde ýüze çykýar. “Göçen ýurduň gadyryny gonaňda bilersiň” diýilişi ýaly, suratkeşiň eserlerinde oba durmuşynyň çeper beýany ýatlama duýgylaryna beslenýär. Sungat, munuň özi durmuşy hakykylygy çeper beýan etmekdir. Wagtyň akymy suratkeşiň durmuşyny şähere getirenem bolsa, onuň ruhy döredijiligini dogduk mekanynda galdyrdy. Ýöne, suratkeş hemişe-de geçmiş bilen ýaşanok. Ol özüniň duýgularyny düzýän durmuşynda adamlara agzybirligi, dost-doganlygy, ynsanperwerligi, umuman, milli jemgyýetçilik adatlaryny ündeýär. “Çekseň zähmet ýagar rehnet” diýileni. Hojamuhammet Çüriýew özboluşly döredijilik ýolunda çekýän irginsiz zähmetini netijesinde 2005-nji ýylda Türkmeniň “Altyn-Asyr” bäsleşiginiň ýeňijisi bolýar. Häzirki wagta çenli Hojamuhammet Çüriýewiň döredijiliginde durmuşy, natýurmort we taryhy žanrlara degişli birnäçe eserler ýüze çykaryldy. Ol bu ugurda şekillendiriş sungatynyň realistik ýoluny esas edinýär. Suratkeş hemişe synçy hasaplanýar. Sunçy gözi bilen dörän eserler bolsa, hemişe ýürege ýakyn bolýar. Suratkeşiň “Zähmet. Awtoportret” (2014ý) eseri has-da özüne çekiji. “Suratkeş hemişe ýükçi hasaplanýar. Onuň çekýän ýüki owadanlyk, gözellik” diýip suratkeş bilen geçiren gürrüňimizde belleýär. Suratkeşiň çekýän ýüküniň gözelligini bu döredijilik eserinde synlamak bolýar. Onuň eserlerinde oba adamlarynyň zähmete bolan gatnaşyklary, milli toý-baýramlarymyzyň şatlyk-şowhuny, watan ogullarynyň, şahyrlaryň ýitmejek keşpleri, gelin-gyzlaryň gözelligi şeýle-de ýatlama pursatlary mynasyp orun eýeleýär. P.Hojanow Türkmenistanyň Döwlet çeperçillik akademiýasynyň talyby