Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllygynyň şanly baýramçylygyna ykdysady we medeni durmuşyň ähli ugurlarynda durmuşa ornaşdyrylýan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde gazanylan uly üstünlikler, beýik ösüşler bilen barýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda ýurdumyzyň kämilligiň, gurmagyň we döretmegiň aýdyň ýoluny berkarar edip, durnukly ösýän, bäsleşige ukyply, ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwrüldi. Şu taryhy ýylda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde, şol sanda gözel paýtagtymyz Aşgabatda il-ýurt ähmiýetli täze gurulan desgalaryň ençemesi ulanulmaga berilýär. Watanymyzyň baş baýramyna sowgatly barmak halkymyzyň iň bir eý görýän ajaýyp milli däpleriniň biridir. Şu günler söýgüli paýtagtymyz Aşgabatda halkara derejeli şaýollary gurmak, köçeleri abadanlaşdyryp, olary şaýol derejesine ýetirmek babatda ägirt uly işlere badalga berildi. Häzirki döwürde keşbi bütinleý özgerdilen A.Nyýazow, Gurbansoltan eje, Magtymguly şaýollarynda, Görogly, Baba Annanow, Oguzhan, “10 ýyl abadançylyk”, Hoja Ahmet Ýasawy ýaly köçelerde döredilen gözellikleri, ulaglar we ýolagçylar üçin amatlyklary göreniňde buýsanjyň goşalanýar. Ýollaryň iki gyrasynda düzülen belent ýaşaýyş jaýlary, edara-kärhana binalary biri-birinden kaşaňlygy, şeýle-de paýtagtymyzyň binagärlik keşbine sazlaşykly goşulşýandygy bilen buýsandyrýar. Belli boluşy ýaly, häzirki wagtda gözel Paýtagtymyz parahatçylygy, howpsuzlygy we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmek we berkitmek boýunça dünýä ýurtlarynyň we halkara guramalarynyň gatnaşmagynda maslahatlaryň geçirilýän merkezine öwrüldi. Aşgabat şäherini ösdürmegiň 13-nji we 14-nji tapgyrlarynyň çäklerinde gurulyp ulanylmaga berilen we gurluşygy dowam etdirilýän binalar we desgalar häzirkin zaman binagärlik sungatynyň talaplaryna laýyk gelmek bilen çäklenmän, eýsem olar gurulyş we ýerleşiş taýdan ulgamlaýynlygy bilen tapawutlanýarlar. Gün-günden özgerýän Aşgabadymyzda gurulan desgalaryň biri däl, eýsem birnäçesi Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Ýokarda aýdylanlar ak mermerli baş şäherimiziň mundan beýläkde has batly ösjekdigine we gözelleşjekdigine şaýatlyk edýär. Ýöne gynansakda, şeýle gözellik bilen sazlaşmaýan ýagdaýlara hem duş gelmek bolýar: binalara ýanaşdyrylyp özbaşdak gurulýan bassyrmalar we jaýjagazlar, emeli diwarlar we başgalar. Olar diňe bir binanyň gözelligini bozmak bilen çäklenmän, eýsem ýaşaýjylar üçin hem amatsyzlyklary döredýärler. Tiz kömek, ýangyn söndüriji ulaglaryň bina golaý gelmegine päsgel berýärler. Şäheriň binagärçilik keşbine şikes ýetirýän ýenede bir zat, ol hem hemra antennalarydyr. Her binanyň üstünde ýagyşdan soň çykan kömelegi ýadyňa salýan şeýle antennalaryň onlarçasyna gabat gelmek bolýar. Bu ýagdaýy aradan aýyrmak üçn degişli aragatnaşyk guramalary dünýäde ykrar edilen täze tehnologiýalary- simli aragatnaşyk hyzmatyny ýaşaýjylara teklip edýärler. Sim aragatnaşyk ulgamy özüniň arzanlygy, amatlylygy, hiliniň ýokarlygy we daş-töweregiň gözelligine hiç hili zyýan ýetirmeýänligi bilen tapawutlanýar. Sim aragatnaşyk ulgamy birnäçe hemra antennasynyň alyp berip biljek ýaýlymlaryny berip bilýär. Dünýäniň ösen ýurtlarynyň ähli şäherlerinde sim aragatnaşyk ulgamy giňden ulanylýar – bu ýagdaý raýatlaryň hukuklarynyň bozulmasy diýilip hasap edilmeýär, eýsem, olar üçin döredilýän amatlylyklaryň häzirki zaman tehnologiýasy hasap edilýär. Hiç bir raýat hem öz öýünüň, öz köçesiniň, öz ýaşaýan şäheriniň gözelligine şikes ýetirmek isleýän däldir, geliň hemmämiz öz şäherimiziň, öz ýurdumyzyň hakyky janköýerleri bolup ýaşalyň! Bir söz bilen aýdanymyzda, täze köynekde ýama bolmasyn!