Görnükli şahyr, pähimdar Jelaleddin Rumynyň “Bilimdedir haýyr işleň toplumy” diýip belleýşi ýaly, bilim adamlary diňe gowulyklara tarap özgerdýär. Bilim haýyr işleri, ýagşylyklary hem-de gözellikleri döredýär. Dana pederlerimiziň asyrlaryň dowamynda sünnälän aň-düşünje, ruhy-ahlak, dünýägaraýyş, pelesepe gymmatlyklaryny özünde jemleýän milli bilim ulgamymyz dünýäniň ylym-bilim ulgamy bilen sazlaşykly ösdürilýär. Döwletimizde dünýäniň iň ösen talaplaryna laýyk gelýän bilim ulgamyny halkymyza elýeterli etmek baş maksatlaryň biri hasaplanylýar. Sebäbi biziň ähli ösüşlerimiziň özeni, hamyrmaýasy ylym-bilimdir. Bilim ulgamynda alynyp barylýan özgertmeler döwrüň ösüşi bilen aýakdaş bolup, ýylyň-ýylyna giň gerim alýar. Bilim özgertmeleri ýurdumyzyň ähli sebitlerini gurşap, türkmeniň bilim ýollary, bu ugurda hyzmatdaşlyk-dostluk dünýä ýaýraýar. Bu işleriň guwandyryujy miwelwri ylym-bilim ulgamynda gazanylan üstünlikleriň mysalynda hem aýdyň görünýär. Öň hem belleýşimiz ýaly, Türkmenistanda çagalaryň bilim we terbiýe almaklaryna uly ünüs berilýär. Mysallara ýüzlensek, mekdebe çenli edaralaryň sany, orta mekdepleriň sany ýyldan-ýyla köpelýär. Meselem, 2015/2016-njy okuw ýylynda ýurdumyzda 1832 sany orta mekdepbolup, bu san 2011 ýyl bilen deňeşdireniňde 5% köpdür. Mekdebe çenli edaralaryň sany 1039 bolup, 2011-nji ýyl bilen deňeşdireniňde 22,5% köp boldy. Täze derejä çykan bilim ulgamy özüni halkara derejesinde-de görkezmegi başardy. Meselem, diňe geçen ýylda mekdep okuwçylarymyz halkara ders bäsleşiklerine gatnaşyp 139 medalyň eýesi bolmagy başardylar. Olaryň 23-si altyn, 34-isi bolsa kümüş medallardyr. Talyplarymyz bolsa dürli halkara paýhas bäsleşiklerine gatnaşyp, 68 medeal: olardan 18 altyn, 18 kümüş, eýelediler. Esasy bellemei zatlaryň biri hem, türkmen biliminiň ylm we bilim baradaky halkara merkezleri we iri halkara guramalary bilen bilimiň drejesini ýokarlandyrmak babatdaky dürli taslamalary amala aşyrylýanlygydyr. Ýurdumyzda “TEMPUS-TASIS” halkara bilim taslamasy we beýlekiler hereket edýär. Türkmenistanda UNICEF, UNFPA, UNDP, UNESCO ýaly iri halkara guramalary bilen bilelikde bilim işleri amala aşyrylýar. FLEX ABŞ, IREX, TEA ýaly halkara meýilnamalary boýunça işleriň gerimi giňeldilýär. Şol bir wagtda ýokary okuw jaýlarynyň mugallym-professorlarynyň aragatnaşygyny giňeldýän, olaryň gelip okatmaklarynyň çägini giňeldýän “ERZAMUS-MUNDUS” okuw meýilnamasy hem hereket edýär. Ýurdumyzyň dürli ugurlar boýunça halkara gatnaşyklarynyň barha ýygjamlaşýandygy nazarda tutulyp, dil öwretmek meselesi hem wajyp meseleleriň hataryna goşuldy. Ilis, rus, nemes, fransuz dilleri bilen bir hatarda, şu okuw ýylyndan başlap orta mekdeplerde ýapon we hytaý dillerini okatmak ýola goýuldy. Mekdep okuwçylaryny daşary ýurt dilinde okatjak mugallymlary taýýarlamak işi hem ýokary derejede ýola goýulan-häzirki wagtda ýurdumyzyň ýokary okuw jaýlarynda 13 sany daşary ýurt dili hünär hökmünde öwredilýär. Şeýle hem dil öwrenmäge höwesekler üçin paýtagtymyzda, şol sanda welaýatlarda, etraplarda ýörite dil merkezleri hereket edýär. Sözümizi jemläp aýtsak, berkarar döwletimizde bilim we terbiýe bermek, okatmak we dil öwretmek işleri döwrüň talabyna laýyk guralan, bu ugurda ýaşlarymyza giň mümkinçilikler döredilen. Sebäbi türkmenlerde “Bir dil bilen bir adam, köp dil bilen köp adam” diýen pähim bar. Sözümizi jemläp aýtsak, Türkmen bilimindäki özgertmeler şa ýola düşdi we bu işler ýaşlarymyzyň, halkymyzyň, mähriban Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna mundan beýläk hem dowam etdiriler.