Türkmenistanda on iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň konsepsiýasy kabul edildi, ol ýurduň orta bilim ulgamynyň maksadyny, meslelelerini beýan edýän esasy resminama bolup durýar. Konsepsiýa «Bilim hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna, “Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyna”, “Türkmenistanda bilim ulgamyny ösdürmegiň 20122016-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna, şeýle hem dünýä bilim ýörelgelerine esasynda kabul edildi. Bilim ulgamynyň özgertmeleriniň zerurlygy berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe çuňňur bilimli, giň gözýetimli, dünýä ykdysadyýetiniň, medeniýetiniň, jemgyýetçilik-durmuş ugurlarynyň ýeten sepgitlerinden habarly ökde hünärmenleriň gerekliginden gelip çykdy. Bilim ulgamyndaky alnyp barylýan özgertmeler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna, umumymilli bähbitleriň we her bir raýatyň bähbitleriniň sazlaşýan ulgamyna öwrülip, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan çalt depginler bilen ösmeginiň, jemgyýetiň medeni we ruhy taýdan kämilleşmeginiň esasy şerti bolup öňe çykdy. Türkmenistanyň Prezidenti 2012-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda geçirilen Ýaşulular maslahatynda parahatçylyk, döredijilik we ösüş ýoly bilen batly gadam urýan hem-de bu ýolda ajaýyp üstünlikleri gazanýan Türkmenistan döwletimiziň mundan beýläk-de durmuş-ykdysady ösüşiniň ilkinji nobatdaky wezipeleri baradaky maksatnamalaýyn çykyşynda bilim ulgamynyň işgärleriniň öňünde ylymly-bilimli, Watana, halka wepaly, giň gözýetimli, ruhubelent, maksada okgunly, zähmetsöýer ýaşlary terbiýelemek, häzirki zaman innowasion tehnologiýalardan oňat baş çykarýan, başarjaň hünärmenleri taýýarlamakda has ýokary netijeleri gazanmak, bäsleşige ukyply şahsyýeti kemala getirmek wezipelerini goýdy. Şol bir wagtyň özünde bilim ulgamyna innowasialary ornaşdyrmak boýunça öňde duran wezipeleri nazara alyp, umumybilim berýän mekdeplerde okuwyň mazmunyny baýlaşdyrmak we möhletini 12 ýyla çenli uzaltmak meselesi öňde goýuldy. Okuwçynyň şahsyýet bolup ýetişmegi,onuň ruhy we beden taýdan sagdyn bolmagy bilen baglanyşykly wezipeleri durmuşa geçirmekde umumy orta bilimiň ornuny ýokarlandyrmak möhüm wezipe bolup durýar. Bilim özgertmeleriniň esasy maksady Türkmenistanda umumy orta bilimi on iki ýyla ýetirmek, umumy orta bilim ulgamyny kämilleşdirmek we ösdürmek strategiýasyny kesgitlemek bolup durýar. Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň taryhy taýdan uzak bolmadyk döwründe bilim ulgamynda düýpli özgertmeler amala aşyryldy, ony kämilleşdirmek, mekdebe çenli çagalar edaralarynda, umumy bilim edaralarynda, başlangyç hünär bilimi edaralarynda, orta hünär bilimi edaralarynda, ýokary hünär bilimi edaralarynda berilýän bilimiň hilini dünýä derejesine laýyklykda ýola goýmak, döwrebap okuw kitaplaryny we gollanmalaryny neşir etmek, iň täze tehnologiýalary, okuw-tehniki enjamlary ylym-bilim ulgamlaryna ornaşdyrmak boýunça netijeli işler geçirilýär. «Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2007-nji ýylyň 15-nji fewralynda çykaran 4610-njy Permany, «Bilim-terbiýeçilik edaralarynyň işini kämilleşdirmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2007-nji ýylyň 4-nji martynda çykaran 8365-nji karary ýurdumyzyň bilim ulgamynda möhüm döwrebap özgertmeleri amala aşyrmaga, mugallymlaryň has netijeli işlemeklerine, ýaşlara dünýä derejesinde bilim-terbiýe berilmegine giň ýol açdy. Bu resminamalara laýyklykda,orta we ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň iş sagatlarynyň azaldylmagy, iş haklarynyň köpeldilmegi, okuw möhletleriniň dowamlylygynyň kadalaşdyrylmagy, şol sanda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň, orta we ýokary okuw mekdepleriniň okuw meýilnamalarynyň we maksatnamalarynyň täzeden taýýarlanylmagy bilim syýasatyny täze belentliklere çykarmaga düýpli itergi beren ähmiýetli işlerdir. Soňky birnäçe ýylda ýurdumyzyň bilim ulgamyndaky özgertmeleriň barşynda bilimiň esasy kanunçylyk binýady döredildi. 2009-njy ýylda «Bilim hakyndaky» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylýandygyny aýratyn nygtamak gerek. Häzirki wagtda ýurdumyzyň bilim ojaklarynda döwrebap tehnologiýalardan peýdalanmak göwnejaý ýola goýuldy. Häzirki zaman okuw enjamlary bilen enjamlaşdyrylan binalardyr desgalarda ökde hünärmenleri taýýarlamak üçin zerur şertler döredildi. Döwlet tarapyndan döwrebap okuw kitaplarynyň, gollanmalaryň taýýarlanylmagyna uly üns berilýär. Netijede, ýurdumyzyň orta, orta hünär we ýokary okuw mekdepleri üçin döwrebap okuw kitaplarynyň we gollanmalarynyň uly toplumy taýýarlanyldy. Bilim ulgamynda düýpli özgerişleri alamatlandyrýan dünýä ösüşiniň esasy ýörelgeleri aşakdakylar bolup durýar: ilatyň umumy bilim derejesiniň ösüşi; adamyň medeniýetine we hünär taýýarlygyna talaplaryň ösmegi; üznüksiz bilim ulgamynyň döremegi; umumy orta bilim almagyň möhletiniň uzalmagy; jemgyýetiň çalt depginler bilen ösmegi; täze tehnologiýalar, maglumatlar jemgyýetine geçilmegi, medeni gatnaşyklaryň göwrüminiň giňelmegi; jemgyýetiň demokratiýalaşmagy; bäsleşikli bazar ykdysadyýetiniň ösmegi; adam mümkinçilikleriniň ornunyň ýokarlanmagy. Şoňa laýyklykda ösen ýurtlaryň bilim ulgamyndaky bilim bermegiň usulyýetini kämilleşdirmegiň ugurlaryny, bilimiň mazmunyny üýtgetmegiň usullaryny öwrenip, bilimiň mazmunynyň has kämilleşen görnüşlerini işläp taýýarlamak, bilimi dolandyrmagyň has netijeli usullaryny gözlemek meselesi ýüze çykdy. Mekdep okuwçylarynyň öwrenijilik işjeňligini we özbaşdak pikirlenmek endiklerini üpjün etjek okatmagyň öňki hereket edýän reproduktiw usulyny ýeňip, bilimiň täze ösýän konstruktiw nusgasyna geçmek dünýä biliminiň esasy ugry bolup durýar Ýurdumyzyň häzirkizaman geosyýasy, ykdysady we durmuş ýagdaýy, dünýä bilim giňişligine goşulyşmagy umumy orta bilimiň has-da kämilleşdirilmegini talap edýär. Bu bolsa mekdep biliminiň maksadynyň, gurluşynyň we mazmunynyň hem-de okatmagyň möhletiniň uzaldylmagynyň zerurdygyny kesgitleýär. On iki ýyllyk umumy orta bilimiň baş maksatlary: barha ösýän jemgyýetde ýaşamaga ukyply, jemgyýetiň bähbitlerini we özüniň şahsy bähbitlerini goramak üçin taýýar, bilimli, döredijilikli, zehinli şahsyýetleri kemala getirmek we ösdürmek; dünýä jemgyýetçiliginde Türkmenistanyň bilimde, ylymda, medeniýetde, sungatda, ýokary tehnologiýada we ykdysadyýetde ýokary derejeli döwlet bolmagyny gazanmak bolup durýar. Öňde goýlan maksatlara laýyklykda bilimde garaşylýan netijeler uçurymyň aşakdaky başarnyklaryndan ybaratdyr: bahalandyryjy-ugrukdyryjy başarnyklar -okuwçynyň daş-töweregini gurşap alan dünýä doly akyl ýetirip bilmegi, ýokary adamkärçilik, raýatlyk we watansöýüjilik duýgularynyň esasynda ösýän jemgyýetde öz ornuny tapyp bilmegi. medeni-öwrenijilik başarnygy – umumyadamzat medeniýetiniň we milli aýratynlyklarynyň ýeten derejeleriniň esasynda şahsy, maşgala we ýaşaýyş durmuşyň medeniýetini öwrenmegiň esaslaryna akyl ýetirmek başarnyklaryny kemala getirmek, adamzadyň we jemgyýetiň ösüşinde ylmyň ornuna düşünmek. bilmek-akyl ýetirmek başarnygy okuwçynyň bilmek-akyl ýetirmek we barlamak işlerini özbaşdak ýerine ýetirmegini üpjün edýän toplumlaýyn başarnykdyr; kommuniaktiw başarnyk – dürli durmuş toparlary bilen özara gatnaşygyň usullaryny ele almak, jemgyýetde dürli durmuş wezipelerini ýerine ýetirmek, anyk durmuşy ýagdaýlarda ýüze çykýan meseleleri çözmek üçin kommunikasiýanyň dürli ugurlaryny ulanmagy başarmak üçin öz ene dilini we beýleki dilleri bilmegi, maglumat-tehnologiýa başarnygy – maglumatlary özbaşdak gözlemek, derňew etmek, saýlap almak, üýtgetmek, saklamak, maglumat tehnologiýalarynyň we tehniki serişdeleriň kömegi bilen maglumatlaryň alynmagyny hem-de ulanylmagyny amala aşyrmak başarnyklaryny kemala getirmegi göz öňünde tutýar. Durmuş-zähmet başarnygy – maşgala, zähmet, ykdysady we syýasy, jemgyýetçilik gatnaşyklary boýunça, raýat-jemgyýetçilik işi boýunça bilim we tejribe endiklerini kemala getirmegi göz öňünde tutýar. Döwlet tarapyndan bilim ulgamynda alnyp barylýan döwrebap işler ýaşlaryň bilimler ummanynyň çuňluklaryna ynamly aralaşmaklarynda, beden taýdan sagdyn, ahlak babatda arassa adamlar bolup ýetişmeklerinde aýratyn orun tutýar we bu işler mundan beýläk hem dowam etdiriler.

Köneler, TDUmaksat tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir