Türkmenistan özüniň hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyna, onuň parahatçylykly ýaşaşmak, parahatçylyksöýüjilik, beýleki halklara, olaryň medeniýetine we däp-dessurlaryna hormat bilen garamak, hoşniýetli goňşuçylyk, açyklyk, özara düşünişmek, sabyrlylyk ýaly ýörelgelerine, binýatlyk ölçeglerine turuwbaşdan ygrarly bolup gelýär. Bitaraplygyň türkmen nusgasynyň bu ýörelgeleri diňe bir içerki ösüşiň geljegini kesgitlemän, eýsem ýurdumyzyň daşary syýasatyny we diplomatiýasyny hem öz içine alýar. Bu bolsa biziň ýurdumyzyň gysga taryhy döwrüň içinde dünýä giňişliginde uly abraýa eýe bolmagyny şertlendirdi.Türkmenistanyň öňe sürýän häzirki zamanyň derwaýys wezipelerine mynasyp jogap berýän halkara başlangyçlarynyň we teklipleriniň yzygiderli durmuşa geçirilmegi bolsa Türkmenistanyň halkara arenasyndaky ähmiýetli ornuny has-da berkidýär we mazmun taýdan baýlaşdyrýar. Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedow 2015-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçirilen “Bitaraplyk syýasaty: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň ugrunda halkara hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahatda eden çykyşynda “Häzirki döwürde ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň mümkinçiliklerini sebitde ýene-de bir gezek netijeli ulanmak zerurlygy ýüze çykýar. Şoňa görä-de, Türkmenistan bu ugurda Owganystandaky ýagdaýy parahatçylyk ýoly bilen düzgünleşdirmek, ýaraglaryň möçberlerini azaltmak we ýaragsyzlanmak boýunça sebit derejesinde alnyp barylýan işlere ýardam bermegi maksat edinýär. Suw-energetika meselelerini ähli taraplaryň bähbitlerini göz öňünde tutup çözmek, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek ýaly örän möhüm meselelerde Birleşen Milletler Guramasynyň ygtybarly hem-de netijeli hyzmatdaşy hökmünde çykyş etmäge taýýardygyny beýan edýär” diýip nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan ýaragsyzlanmak boýunça çäreleri amala aşyrmakda Aziýada Birleşen Milletler Guramasynyň Ýaragsyzlanmak boýunça sebit merkezini döretmek meselesine seretmegi hem teklip etdi. Munuň özi, ilkinji nobatda, Merkezi Aziýada we Hazar deňzi sebitinde hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläkde berkemegine ýardam eder. Şunuň bilen baglylykda Türkmenistanyň derwaýys meseleleri çözmegiň ýeke-täk ýoly hökmünde syýasy-diplomatik çäreleri ileri tutmak bilen bu babatda degişli Jarnamany kabul etmek baradaky başlangyjy hem aýratyn bellärliklidir. Sebit howpsuzlygyny berkitmek boýunça netijeli gurallaryň biri hökmünde 2007-nji ýylda Aşgabatda açylan we hereket edip gelýän BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniňişiniň möhüm orny bardyr. Bu merkez sebit döwletleriniň, BMG we onuň düzümleriniň, şeýle hem beýleki gyzyklanma bildirýän taraplaryň parahatçylyk we howpsuzlyk meseleleri boýunça özara hereketlerini utgaşdyrmaga gönükdirilendir. Türkmenistanyň daşary-syýasy we diplomatiki başlangyçlarynyň esasy ugurlarynyň biri hem goňşy Owganystanda parahatçylykly durmuşy dikeltmek bilen baglydyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu barada: “Syýasy meselelerden başga-da, Owganystana anyk ykdysady goldaw bermek, ýurdy sebit derejesindäki gatnaşyklara hem-de geljegi uly bolan taslamalara çekmek zerur bolup durýar” diýip belleýär. Türkmenistan Owganystandaky ýagdaýy diňe syýasy-diplomatik ýollar bilen düzgünleşdirmegiň tarapdary bolup çykyş edýär we muňa işeňňir gatnaşýar. Hususan-da, Türkmenistan Stambul prosesiniň çäklerinde uly işleri amala aşyrýar. Mälim bolşy ýaly, bu çäklerde biziň ýurdumyz «Sebit üpjünçilik ulgamlary» atly ynanyşmagy pugtalandyrmak çärelerine ýolbaşçylyk edýär. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan 2017-nji ýylda Owganystan boýunça nobatdaky 7-nji sebit ykdysady maslahatyny geçirmek boýunça borçnamalary öz üstüne almaga taýýardygyny hem teklip etdi. Ählumumy we bölünmez energetika howpsuzlygy häzirki döwrüň ileri tutulýan wezipesidir. Energiýa serişdeleriňiň öndürijiden sarpedijä ýetirilmegi üçin ynamdar üstaşyr ulgamyň döredilmegi zerur. Hut şonuň üçinhem, Milli Lidermiziň başlangyjy bilen öňe sürlen energiýa serişdelerinii bermegiň halkara derejesinde howpsuzlygy ypjün etmek hakyndaky teklibiniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň “Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hyzmaty” orny atly Rezolýusiýanyň iki gezek – 2008-nji we 2013-nji ýyllarda kabul edilmegi we biragyzdan goldanmagy bu aýdylanlara doly şaýatlyk edýär. Ýurtlaryň, sebitleriň we yklymlaryň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk köprülerini döredýan we gurýan Türkmenistanyň parahatsöýüjilikli daşary syýasatynyň esasy serişdeleriniň arasynda ulag diplomatiýasy hem aýratyn orun tutýar we işjeň durmuşa geçirilýär.Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2014-nji ýylyň 19-njy dekabrynda we 2015-nji ýylyň 22-nji dekabrynda biragyzdan kabul eden Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ähmiýetine bagyşlanan rezolýusiýalary hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Ekologiýa çäklerindäki bilelikdäki hereketleriň netijeli usullaryny tapmak babatynda ekologiýa diplomatiýasy uly ähmiýete eýedir. Bu babat-da, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk etmekde Merkezi Aziýa ýurtlary üçin howanyň üýtgemegi boýunça Sebit merkezini döretmek baradaky başlangyjy görkezmek bolar. 2012-nji ýylda kanunçylyk derejesinde howanyň üýtmegi boýunça milli strategiýanyň kabul edilmegi hem bu ulgamda ýurdumyzyň umumy tagallalara hakyky goşandy bolup durýar. Türkmenistan köptaraplaýyn gatnaşyk etmegiň täze syýasy-diplomatik görnüşi hem-de halkara derejesinde ulgamlaýyn gepleşikler hökmünde “suw diplomatiýasy” pikirini işjeň öňe ilerletmek üçin şertleri döretmegiň zerurdygy barada ençeme gezek beýan etdi, şeýle hem BMG-niň Suw Strategiýasyny işläp taýýarlamak baradaky başlangyjy öňe sürdi. Hazar deňziniň daşky gurşawyny goramak, onuň biologik serişdelerini aýawly hem rejeli peýdalanmak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan wezipeleriniň hatarynda durýar. Astrahan şäherinde geçirilen Hazarýaka döwletleriniň baştutanlarynyň IV Sammitin netijeleri boýunça Hazar deňziniň gidrometerologiýasy babatda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşyga; Hazar deňzinde adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we ýok etmek babatda hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşyga; Hazar deňziniň suw biologik serişdelerini gorap saklamak we rejeli peýdalanmak hakyndaky Ylalaşyga gol çekildi. Bu halkara-hukuk resminamalaryny işläp düzmek baradaky teklipler ilkinji gezek Türkmenistanyň Baştutany tarapyndan 2010-njy ýylyň noýabrynda Bakuda geçen Hazarýaka döwletleriniň baştutanlarynyň üçünji sammitinde öňe sürüldi. Bu aýdylanlar hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda biziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň dünýäniň global meselelerini çözmekde esasy inisiatorlaryň biri bolup durýandygyny hem-de olary durmuşa geçirmekde nusgalyk işleri alyp barýandygyny görkezýär. Begenç Mätliýew, Türkmenistanyň Daşaryu işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.