Sosialistik syýasy gurluşa esaslanýan SSSR 1991-nji ýylyň 25-nji dekabrynda doly dargady. Ýöne SSSR ýykylmazyndan birnäçe wagt öň oňa girýän respublikalar yzly-yzyna garaşsyzlygyny yglan edip, SSSR-iň düzüminden çykýandygyny yglan edýärdiler. Turkmenistan 1991-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Özbaşdaklygyny ählihalk refendumynyň netijesi esasynda yglan etdi. Şeýlelikde, şol günden başlap Turkmenistanyň täze taryhy-Garaşsyz eýýamy başlandy. Ýöne ýaňy Garaşsyz bolan ýurduň adamlarynyň esasy bölegi sosialistik ýaşaýşa, ýagny umumyeýeçilik syýasy gurluşly ýaşaýşa halys öwrenişipdiler. Adamlaryň aňy işçi-daýhany ezmeklik netijesinde kapitalistik ýurtlaryň baýlary emele geldi . Şonuň üçin baýlar halkyň ezijileri diýen düşünje bilen terbiýelinipdi. Ilatyň uly böleginde kapitalizme, kapitala bolan baýlara uly ýigernç bardy. Ýöne SSSR-iň dargamagynyň iň ilkinji sebäbi bu äpet ýurduň adamzadyň asyrlarboýy kämilleşdirip gelen syýasy-ykdysady gurluşyny inkär edenligidi. Dünýäniň ösen döwletleri bazar ykdysatiýetini ykrar edip, her bir raýatyň howpsuzlygyny kepillendirip, kapitalistik syýasy gurluş bilen jemgyýeti dolandyrýarlar. Kapitalistik syýasy gurluşly jemgeýetde döwlet her adamyň garamatyny boýnuna alanok. Raýatlar öz akyl-parasydana laýyklykda ýaşaýarlar. Döwlet bilen raýatyň gatnaşygy: Her bir raýat döwlete salgyt töleýär. Döwlet bolsa raýatyň howpsuzlygyny kepillendirýär. Raýatlaryň deňhukukly bolmagyny şertlendirýär. Döwlet özüni oňarmaýan maýyplara, garrylara, çagalara, gazanjy pes hojalyklara ýardam berýär. Ondan galan ýagdaýda her bir raýat öz paýhasyna görä ýaşamaly. Ykdysatiýet bazar ykdysady gatnaşyklarynyň talabyna görä gurnalýar. Şeýlelikde, bazar ykdysady gatnaşygyny ornaşdyran ýurtlarda raýatlaryň erkinligi kanun esasynda kepillendirilendir. Garaşsyzlygymyzyň başky ýyllarynda öňki Soýuz respublikalaryň biri-birine bagly ykdysatiýetiniň dargamagy bilen, bir bada önümçilik SSSR döwründäkiden peseldi. Düýnki gün özüni ödemeýän zawod-fabrikler ýapylyp başlandy. Daýhanlaryň öndürnen pagtasyna,üzüm, miwe, gök–bakja önümlerine dünýä bazaryndan indi eýe tapmalydy. Türkmenistanyň oba hojalyk önümlerini dünýä bazarynda ýerlemegiň kynçylyklary oba hojalygynda önümçilik gatnaşyklarynyň üýtgemegine hem getirdi. Mysal üçin, Garaşsyzlygymyzyň başky ýyllarynda Türkmenistan öz iýjek dänesiniň bolmanda 70-80% daşary döwletlerden getirmäge mežburdy. Emma ol döwürlerde Türkmenistanyň altyn pul berip, däne almaga mümkinçiligem ýokdy. Şonuň üçin Hökümet gysga wagtyň içinde öz iýjek gallaňy özüň üpjün etmeli diýen oba hojalyk döwlet Maksatnamasyny işläp düzdi. Dogry, galla önümçiliginde tejribesizlik zerarly käbir bärden gaýtmalar, hatda 2000-nji ýyllaryň başyna gallany artdyryp ýazmalar hem ýüze çykdy. Ýöne Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet başyna gelmegi bilen galla, umuman oba hojalygynda bolan nogsanlyklary ýok etmegiň tagallasy edildi. Bu günki gün Türkmenistan galla bilen özüni doly üpjün edýär. Hatda Türkmenistan un, azyk harytlary bilen Owganystan döwletine yzygider ýardam edýär. Oba hojalygyny köp ugurly önümçilige ýöriteleşdirmek üçin ýörite döwlet Oba hojalyk Maksatnamasy bar. Daýhanlaryň gysga wagtyň içinde gök-bakja, miwe önümleri bilen doly üpjün etmegi üçin döwlet derejesinde olara ýardam berilýär.

Köneler, Publisist tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir