1991-nji ýylyň dekabrynda SSSR kanunalaýyk esasda dargady. Ýöne bu uly döwletiň syýasy gurluşy sosializme esaslanyp, ykdysatiýeti döwlet eýeçiligindedi. Soýuza girýän on bäş respublikanyň ykdysatiýeti biri-birine baglydy. Emma SSSR-iň dargamagy bilen respublikalaryň biri-birine bagly ykdysatiýetem dargady. Şeýlelikde Soýuza girýän öňki respublikalaryň öňünde ýurdy nähili dolandyrmaly, ykdysatiýeti nähili ýagdaýda bazar ykdysatiýetine geçirmeli?! diýen sowal wagta garaşmaýardy. Ol zamanda her bir raýat ýaşamak, işlemek meselesini döwletiň çözmelidigine, mahlasy adamlaryň ähli aladasyny hökümetiň etmelidigine ynanýan jemgeýet bardy. Täze garaşsyz bolan döwletleriň raýat jemgyýetini umumy eýeçilikden bazar eýeçiligine geçirmegiň anyk konsepsiýasy ýokdy. Bütindünýä pul fondy hem beýleki halkara pul gaznalary ýurtdaky ähli önümçiligi hususylaşdyrmagy, önümçilik aksiýalaryny ýerli raýatlarymyz bilen deň hatarda daşary ýurt maýadarlaryna satmagy teklip edip, diňe şol ýagdaýda ýurda malie kömegini berip bolýandygyny düşündirýärdiler. Ol zamanlarda gyradeň ýaşan raýatlaryň hiç birinde hem hususylaşdyrylan önümçiligi ýa önümçilik aksiýalaryny satyn almaga pullary ýokdy. Täze garaşsyz bolan Hökümetiň hem raýatlara pul kredit bermäge mümkinçiligi ýokdy. Şeýlelikde, garaşsyzlygymyzyň başky ýyllarynda Hökümetiň hem raýatlaryň hemme mümkinçiligi hasaba alnyp, döwlet önümçiligini tizden-tiz hususylaşdyrmaly diýlen pelsepeden el çekildi. Şol döwürde Türkmen Hökümetiniň hususylaşdyrmak meselesine howlukmaçlyk etmezligi uly tankyda sebäp bolanam bolsa, wagt husulaşdyrmak meselesinde howlukmaçlyk edilmänliginiň dogrudygyny subut etdi. Sebäbi käbir goňşy döwletlerimizde hususylaşdyrylmakda gyssanmaçlyk edilip, belli-belli adamlaryň aşa baýamagyna esas boldy. Bu bolsa umumy halk köpçüliginiň hal-ýagdaýyna ýaramaz täsir etdi. Ilki bilen bellemeli zat. SSSR zamanynda Türkmenistanda düýpli önüm öndürýän zawod-fabrikler gurulmandy. Ýurt tutuşlygyna çig mal respublikasydy. Şonuň üçin ýurtda döwlet önümçiligini hususylaşdyryljak bolsa ilki bilen nebit-gaz pudagyny, transport, demir, gara ýollary ulgamyny hususylaşdyrmalydy. Emma nebit-gaz pudagy, transport, demir-gara ýollar ulgamy umumy halkyň baýlygydy. Ýurduň iň esasy girdeji çeşmesidi. Bu zatlary hususylaşdyrmak halkyň baýlygyny belli-belli adamlaryň eline bermekden başga zat däldi. Türkmenistan garaşsyzlygymyzyň ilkinji günlerinden başlap, ýurdumyzyň syýasy, ykdysady ösüşini kepillendirjek Baş kanuna mätäçdi. Sebäbi SSSR zamanynda kabul edilen Baş kanun möwrütini geçiripdi. Sebäbi sosializm zamanynda kabul edilen Baş kanun syýasatda kömmunistik partiýanyň hökmürowanlygyny ykrar etse, ykdysatiýetde, bazar ykdysady gatnaşyklary inkär edýärdi. Şonuň üçin 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda Garaşsyz Türkmenistanyň täze Konstitusiýasy kabul edildi. Türkmenistanyň ilkinji kabul eden Baş kanunynda kanun esasynda bazar ykdysady gatnaşyklar ykrar edildi, hususy eýeçilik, umuman eýeçiligiň ähli görnüşiniň deňdigi kepillendirildi. Syýasatda raýatlaryň partiýa döredip bilmek hukugy kepillendirildi. Şu günki günüň gözi bilen seredeniňde, ýurdumyzda ilkinji kabul edilen Baş kanunymyzda käbir ýetmezçilikleriň bolandygyny aýtsa bolar. Aýdaly, ýurdumyzyň iň ýokary organy hasaplanan Halk maslahatynyň hukuk durumynyň aşa çişirilendigi bilen ylalaşmasa bolar. Ýöne ol döwürde ähli adamlaryň ykbaly döwlete baglanan zamanda adamlara özüňe bolan ynamy gaýtaryp bermek, bazar gatnaşyklaryna halkyň aňyny sarsdarman geçmek boýunça taýyn bir syýasy, ykdysady model ýokdy. Şol sebäpli Türkmenistanyň ilkinji kabul eden Baş kanuny ýurdumyzyň parahatçylykly ösüşini kepillendirdi. Raýatlaryň aňynda husysy eýeçilige bolan garaýyş oňyn tarapa özgerdi. Eýýäm 2000-nji ýyllaryň başyna çenli ýurdumyzyň söwda ulgamynyň uly bölegi hususy eýeçilege degişlidi. Türkmenistanda ýuwaş-ýuwaşdan hususy eýeçilik ösüp başlady. Raýatlarymyzyň bir bölegi kiçi kärhana açdylar. Garaşsyzlygymyzyň başky ýyllarynda Hökümet kiçi kärhana açmaga uly ýardam- ýeňillikli kredit berdi, Şeýlelikde, Garaşsyzlygymyzyň başky on ýylynda raýatlarymyzyň arasynda telekeçiler gatlagy doly kemala geldi. Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllarynda “Ýurdumyzy öz dänämiz bilen üpjün etmeli” diýlen ýörelgä gulluk edildi. Ol döwürde “Galla” syýasatyny ýöretmegiň aýratyn manysy bardy. Ilki bilen ýurdumyzda pederlerimiziň gadymy ak bugdaý ekmek däbini ösen tehnologiýa esasynda dikeltmelidi. Ýurdy galla bilen üpjün etmek üçin goýberilýän gyzyl puly ýurduň oba hojalygyna gönükdirmäge mümkinçilik bardy. Dogrudanam, ýurduň “Galla” syýasatynda goýberilen käbir ýalňyşlyklara garamazdan, bu günki gün Türkmenistan özüni galla bilen üpjün edýän ýurtlaryň hatarynda durýar. Türkmenistan Öwganystan döwletine beýleki ýeňillikli berýän kömegi bilen birlikde aram-aram un, azyk harytlary boýunça ýardamam edýär. Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet başyna gelmegi bilen ýurdumyzyň syýasy, ykdysady ugry boýunça oňyn düýpli özgerişlik edilmäge başlandy. Oba hojalygynda köp ugurly önüm öndürmek üçin döwlet derejesinde edilýän tagallalar öz oňyn netijesini hem berýär. Türkmenistanda soňky bäş ýylyň dowamynda guşçulyk pudagy üç esseden gowrak ösüpdir. Häzir ýurdumyzda ilatymyz özümizde öndürilýän guş etleri, ýunurtga bilen doly üpjün edilýär. Özümizden artyk ýumurtgany daşary ýurda eksport etmäge doly rugsat berildi. Guş önümçiliginiň ösdürilmegine döwlet derejesinde uly ýardam edildi. Aslynda bu pudak döwletiň hemaýaty netijesinde ýerli telekeçilerimiziň tagallasy bilen ösdürildi. Telekeçileriň guş onümlerini ösdürip ýetişdirmegi üçin ýeňillikli döwlet krediti berildi. Guş önüminiň bahasynyň arzan düşmegi üçin, guşlara iým ýetişdirer ýaly ekin meýdanlary berildi. Döwletiň bu hemaýaty ýurdumyzda gysga wagtyň içinde guş önümçiliginiň pajarlap ösmegine esas boldy. Edil häzir döwlet derejesinde ilatymyzy ýylyň dowamynda arzan gök önüm bilen üpjän etmegiň aladasy edilýär. Häzire çenli ýurdumyz boýunça 78 sany gök önüm ýetişdirýän ýyladyşhana hojalygy döredilipdir. Geljekde olaryň sanynyň hasam köpeldilmegine garaşylýar. Garaz, ýurdumyzda köp ugurly oba hojalygyny kemala getirmek üçin döwlet derejesinde uly tagalla edilýär. Bu oba hojalyk önümleriniň ýyl-ýyldan artdyrylmagyna esas berýär. Ýurdumyzyň senagatynda hem durnukly ösüş bar. Garaşsyzlyk ýyllarymyzda tekstil fabrikleriniň onlarçasy guruldy. Gurluşyk önümlerini çykarýan kärhanalaryň birnäçesi guruldy. Ýurdumyzda sement, demir magdan gurluşyk harytlaryny öndürýän zawodlaryň birnäçesi gurlup, olar önüm öndürýär. Daýhanlary arzan dökün bilen üpjün etmek üçin, ýurdumyzyň Tejen, Mary şäherlerinde dökün zawody guruldy, öňki dökün zawodlaryň önümçilik kuwwaty artdyryldy. Garaz, ýurdumyzda senagatymyzy ösdürmek üçin hem döwlet derejesinde uly tagalla edilýär. Ýurdumyz Ýewropanyň hem Aziýanyň möhüm ýüpek ýol çatrygyna öwrülýär. Ýakyn ýyllarda Täjigistanyň, Özbegistanyň, Owganystanyň ýüki Türkmenistanyň üstünden Eýrana, ol ýerdenem demir, gara ýollaryň üsti bilen Pars aýlagyna çenli eltiler. Ýa bolmasa Örsýet, Gazagystan, Türkmenistan, Eýran demir ýol gatnawynyň doly güýjünde işläp başlamagy bilen agzalan ýurtlaryň ýüki pars aýlag ýurtlaryna ýa Ýewropa ýurtlaryna çalt hem öňki ýol çykdajylardan has arzan bahadan eltiler. Bu bolsa Türkmenistanyň möhüm çatryk ýurtdygyny subut edýär. Türkmenistan gazyny köp ugur boýunça daşary ýurt alyjylaryna satmagy meýilleşdirýär. Ýaňy ýakyna çenli diňe Orsýete gaz satyp bilen bolsak, häzir Türkmenistan Eýrana, Hytaýa gaz satýar, Türkmenitanyň esasy gaz satýan ýurdy Hytaýdyr. Türkmenistan, Owganystan, Päkistan, Hindistan gaz turbasyny çekmek üçin uly tagalla edýär. Agzalan ugur boýunça gaz geçiriji turbanyň 85% -ni Türkmenistan öz güýji bilen gurar. Bu gaz geçirijiniň işläp başlamagy bilen diňe Owganystanda goşmaça 12 müň adama iş ýeri açylar. Elbetde, dünýäniň ykdysady krizisi, nebit-gazyň dünýä bahasynyň peselmegi Türkmenistanyň ykdysatiýetine hem belli bir ýaramaz täsirini ýetirýär. Ýöne Türkmenistan önümçiligini dürlüleşdirmek boýunça uly tagalla edýär. Senagat, gurluşyk pudagyny ösdürmek, oba hojalyk onüm bolçulygyny döretmek üçin döwlet maksatnamasy bar. Ýurdumyzda hususy eýeçilige uly üns berlip, telekeçilerimiz senagat önümçiliginde kiçi hem orta derejedäki dürli görnüşli mebel önümlerini öndürýän zawod-fabtikleri, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän kiçi kärhanalary gurup işledýärler. Mahlasy, Türkmenistan nebit-gazyň girdejisine garaşlylygyny ýyl-ýyldan azaldýar. Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet başyna gelmegi bilen ýurdumyzyň syýasy, ykdysady ugry boýunça oňyn düýpli özgerişlik edilmäge başlandy. Türkmenistanyň Baş Kanuny döwrüň talabyna görä, halkara ölçegine laýyklykda kämilleşdirildi. Halk maslahaty iň ýokary organ hökmünde ýatyryldy. Bu günki gün Türkmenistanda Häkimiýetiň üç şahasy Mežlis, Sud hem Ýerine ýetiriji häkimiýet bar. Ýurduň Ýerine ýetiriji häkimiýetiniň ýolbaşçysy Prezident. Prezident Konstitusiýanyňam kepilidir. Şonuň üçin Prezident ýurdumyzyň iň ýokary wezipeli adamydyr. Mahlasy, ýurdumyzda halkara derejesinde döwlet häkimiýetiniň üç şahasy sazlaşykly işleýär. Häzir Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda Döwlet Konstitusiýon Topar Baş kanunymyzy kämilleşdirmegiň üstünde iş alyp barýar. Syýasatda köp partiýalylyk, ykdysatiýetde bolsa bazar gatnaşyklary Konstitusiýamyzyň täze rejelenen görnüşinde doly ykrar ediler. Hökümetimiz 2020-nji ýyla çenli Türkmenistanda onümçiligiň 70 % göterimini hususy eýeçiligiň öndürmegi üçin tagalla edýär. Ýurdumyzda hususy eýeçiligiň ösmegi raýatlarymyzyň ykdysady, syýasy erkinligini has hem pugtalandyrar. Bu bolsa ýurdumyzyň aýdyň geljeginiň bardygynyň anyk subutnamasydyr. Döwletmyrat Ýazkulyýew.