Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda dünýä döwletleri, iri halkara guramalary bolan BMG we Ýewropa Bileleşigi bilen ykdysady, syýasy, medeni gatnaşyklary giňden ösdürýän Türkmenistanyň daşary syýasaty ähliumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryna işjeň ýardam bermäge gönükdirilendir. Döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan örän parasatly, öňdengörüjilikli, ynsanperwer içeri we daşary syýasaty netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýy barha ýokary derejelere galýar. Bu babatda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň ähli gatlaklarynyň, sossial toparlarynyň sazlaşykly, deňagramly ösüşini üpjün ertmek ýörelgesine daýanmak bilen, zenanlaryň erkek adamlar bilen deň hukuklardan peýdalanmaklaryna gönükdirilen syýasatynyň dünýä jemgyýetçiligini gyzyklandyrýandygy bellärliklidir. Şonuň üçinem geçen, 2015-nji ýylyň aprel aýynda Türkmenistan BMG-niň Gender deňligi, zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça edarasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlandy. BMG-niň ştab kwartirasynda geçirilen saýlawlaryň barşynda BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň agzalary ses bermek arkaly Türkmenistany 2016-2018-nji ýyllar üçin ady agzalan düzümiň agzalygyna saýladylar. Dünýäniň syýasy, ykdysady we hukuk giňişligine üstünlikli goşulmak bilen Türkmenistan hukuk goraýjy ulgamda uly, maksada gönükdirilen işleri geçirip, dürli ugurlar boýunça halkara hyzmatdaşlygyny barha giňeldýär. Gender deňliginiň üpjün edilmegi şolaryň möhümleriniň biri bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna hem-de halkara hukugynyň kadalaryna laýyklykda, erkekler we zenanlar üçin birmeňzeş hukuklary we azatlyklary döretmek we jyns alamaty boýunça islendik çäklendirmä ýol bermezlik ýörelgesi hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde ykrar edildi. Türkmenistanda ýöredilýän gender syýasaty aýallaryň jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryna deňhukukly gatnaşmagyny kepillendirýän milli kanunlar boýunça goldamagyň çärelerini işläp taýýarlamaga, jynslaryň deň hukuklylygynyň konstitusion ýörelgesini durmuşa geçirmäge gönükdirilendir. Ýurdumyzda aýallar baradaky ähli kemsitmeleri ýazgarmak bilen, jyns alamaty boýunça islendik tapawuda ýa-da çäklendirmelere ýol bermezlik, ony aradan aýyrmak syýasatyny yzygiderli we gyşarnyksyz ýöredýär. Häzirki döwürde aýallaryň hakyky deň hukuklylygyny üpjün etmek, olaryň jemgyýetçilik- syýasy durmuşyndaky ornuny ýokarlandyrmak boýunça döwlet maksatnamasy möhüm milli we halkara hukuk esasyna eýe boldy. 2015-nji ýylyň 8-nji aprelinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň degişli Karary bilen tassyklanan “ “Türkmenistanda 2015-2020-nji ýyllar üçin gender deňligini üpjün etmek boýunça işleriň milli meýilnamasy” kabul edildi. Ol BMG-niň ilat gaznasynyň maslahat goldawyny bermeginde işlenip taýýarlandy. Ýurdumyzda we daşary döwletlerde çäreleriň 60-dan gowragynyň geçirilmegini göz öňünde tutýan bu Karar zenanlaryň ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady we medeni-ynsanperwer çärelerine gatnaşmagyny giňeltmek üçin zerur bolan şertleri döretmek maksadynda kabul edildi. Onda bellenilen möhüm meseleleriň hatarynda gender meseleleri boýunça ilatyň habarlylygyny artdyrmak, bu ulgamda Türkmenistanyň milli kanunçylygyny has-da kämilleşdirmek ýaly wezipeler bar. Aýallaryň we erkek adamlaryň deň hukuklylygy adam hukuklarynyň giň möçberli ulgamynyň durmuş taýdan adalatlylygyny üpjün etmegiň şertleriniň biri bolup durýar. Diňe demokratiýanyň ösen, raýat jemgyýetiniň kemala gelen şertlerinde aýallary durmuş taýdan goramagyň obýektinden işjeň hereket edýän şahsyýete öwürmäge ýardam edýän şertler döredilýär. Aýallaryň ýurdumyzda bolup geçýän özgertmelerdäki we jemgyýetiň işlerini dolandyrmakdaky işjeň orny olaryň raýat garaýşynyň ýokary derejesini göz öňünde tutýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen zenanlary ýurdumyzyň syýasy we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ulgamlarynda giňden wekilçilik edýän doly hukukly, sazlaşykly, ösen we durmuş taýdan işjeň agzalarydyr. Ýurdumyzda durmuş taýdan goraglylygyň köp dürli görnüşleri aýallara maşgala aladalaryny we hünär borçlaryny sazlaşykly utgaşdyrmaga, ýurdumyzyň önümçilik hem-de jemgyýetçilik durmuşyna gatnaşmaga doly mümkinçilik berýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 20-nji maddasynda: - “ Türkmenistanda erkekler we aýallar deň raýatlyk hukuklaryna eýedirler. Deňhukuklylygyň jyns alamaty boýunça bozulmagy kanun esasynda jogapkärçilige getirýär” diýlip bellenilýär. Bu jümleler bolsa Türkmenistanda aýallaryň erkekler bilen deň hukuklara eýedigini ýene bir gezek doly kepillendirýär. Gender deňligi babatda Türkmenistanyň milli kanunçylygyna ser salsak, aýallaryň deňhukuklylygyny üpjün etmekde hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ençeme kada-kanunlaryň, kodeksleriň kabul edilendigini görmek bolýar. Ýurdumyzda aýallaryň erkek adamlar bilen deňhukuklylygyny durmuşa geçirmäge gönükdirilen kadalar her bir kabul edilýän kanunlaryň we kodeksleriň mazmunynda öz beýanyny tapýar. Muňa mysal edip, 2009-njy ýylyň 1-nji iýulyndan güýje giren Türkmenistanyň Zähmet kodeksini, 2012-nji ýylyň 1-nji aprelinden güýje giren Türkmenistanyň Maşgala kodeksini, 2013-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje giren Türkmenistanyň ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksini, şeýle hem Türkmenistnyň Jenaýat, Raýat, Raýat iş ýörediş, Jenaýat iş ýörediş, Ýaşaýyş jaý, Saýlaw kodekslerini görkezmek bolar. Aýratynam, 2007-nji ýylyň 14-nji dekbabrynda Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan kabul edilen we hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanyp gol çekilen “Aýallaryň deň hukuklykygynyň döwlet kepillikleri hakynda” Türkmenistanyň Kanuny gender deňliginde möhüm ähmiýetli resminamadyr. Bu kanun türkmen halkynyň milli däplerine we umumy adamzat gymmatlyklaryna laýyklykda, adamyň hukuklary babatda Türkmenistanyň syýasatynyň esasy ýörelgelerini durmuşa geçirmäge, aýallaryň hemmetaraplaýyn ösüşini we progresini üpjün etmäge gönükdirilýär we aýallaryň erkekler bilen deňlik esasynda adamyň syýasy, ykdysady, durmuş, medeni we başga ugurlardaky hukuklaryny we azatlyklaryny amala aşyrmagy üçin döwlet kepilliklerini belleýär. “Aýallaryň deň hukuklykygynyň döwlet kepillikleri hakynda” Türkmenistanyň Kanunynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan aýallaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň goralmagy, eneligi we çagalygy goramak, mümkinçilikleriň deňligini we netijeleriň deňligini üpjün etmek babatynda halkara hyzmatdaşlygyna gatnaşýar we şol meseleler boýunça öz halkara borçlaryny ýerine ýetirilmegini üpjün edýär. Garaşşyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan 1992-nji ýylyň 2-nji martyndan BMG-niň doly hukukly agzasy bolmak bilen, esasy halkara konwensiýalaryna, şol sanda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 1948-nji ýylyň 10-njy dekabryndaky rezolýusiýasy bilen kabul edilen, - “Adam hukuklary hakyndaky Ähliumumy Jarnama”, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 1979-njy ýylyň 18-nji dekabryndaky Kararnamasy bilen kabul edilen “Aýallar barada kemsitmäniň ähli görnüşlerini ýok etmek hakyndaky konwensiýa”, - (1996-njy ýylyň 20-nji dekabrynda Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan tassyklandy), BMG-niň Baş Assambleýasynyň 1952-njy ýylyň 20-nji dekabryndaky Kararnamasy bilen kabul edilen “Aýallaryň syýasy hukuklary hakyndaky konwensiýa”, (1999-njy ýylyň 15-nji sentýabryndaTürkmenistanyň Mejlisi tarapyndan tassyklandy), Halkara zähmet guramasynyň Baş Konferensiýasy tarapyndan 1951-nji ýylyň 29-njy iýunynda kabul edilen, - “Erkekler we aýallara meňzeş zähmeti üçin deň zähmet hakyny tölemek baradaky Konwensiýa”, (1996-njy ýylyň 20-nji dekabrynda Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan tassyklandy) goşulyp, bu möhüm resminamalaryň düzgünlerini amala aşyrmak boýunça anyk ädimleri ädýär, şol sanda milli kanunçylygy barha kämilleşdirýär. Şeýle hem Türkmenistan gender deňliginiň mehanizmini gowulandyrmak maksady bilen 2009-njy ýylyň 18-nji aprelinde BMG-niň Aýallar barada kemsitmäniň ähli görnüşlerini ýok etmek hakyndaky Konwensiýasynyň (CEDAW) Fakultatiw Teswirnamasyny tassyklady. 2012-nji ýylyň 19-20-nji iýunynda gözel paýtagtymyz Aşgabatda “Döwlet tarapyndan gender deňligi babatyndaky meseleleri düzgünleşdirmegiň nusgasy we tejribesi” atly halkara maslahat geçirildi. Maslahatyň işine Türkmenistanyň Mejlisiniň, ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, şeýle hem Türkmenistanda işleýän halkara guramalaryň we diplomatik missiýalaryň wekilleri, şeýle hem dünýäniň köp ýurtlaryndan gender hukugy babatda halkara bilermenler gatnaşdylar. Maslahatyň barşynda global we sebitleýin mümkinçilikler, gazanylan netijeler we öňde durýan wezipeler, adam hukuklaryny berjaý etmekde halkara Konwensiýalarynyň orny, gender ýörelgeleriniň dürli ýurtlaryň milli kanunçylygyna ornaşdyrylmagy we ony ýerine ýetirmegiň monitoring mehanizmleri, erkekleriň we zenanlaryň deňligi baradaky pikirleri ösdürmekde we kämilleşdirmekde BMG-niň orny hakynda çykyşlar diňlenildi. Maslahata gatnaşyjylar bu wekilçilikli halkara duşuşygyň netijeleriniň sebitde gender syýasatyny amala aşyrmagynyň geljekki meýilnamasyny işläp taýýarlamaga, milli kanunçylygy has-da kämilleşdirmäge, şeýle hem daşary ýurtly hyzmatdaşlar, ozaly bilen BMG we beýleki esasy halkara düzümleri bilen halkara hyzmadaşlygyny ösdürmäge ýardam etjekdigini bellediler. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe zenanlary- jemgyýetiň doly hukukly, sazlaşykly ösen we durmuş taýdan işjeň agzalary bolup, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli ulgamlarynda, syýasy we jemgyýetçilik durmuşyna giňden gatnaşýarlar. Durmuş üpjünçiliginiň dürli görnüşleri zenanlara öz maşgala aladalaryny we wezipe borçlaryny sazlaşykly utgaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Hormatly Prezidentimiz häzirki bagtyýar durmuşda garaşsyzlygymyzyň ähli gazananlaryny berkitmekde, jemgyýetiň ähli pudaklarynda gazanylýan üstünliklere öz mynasyp goşantlaryny goşýan Türkmenistanyň aýal-gyzlarynyň tutýan ornuna belent baha berýär. Mähriban Arkadagymyzyň “Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli zenanlaryna” iberen gutlagynda şeýle belleýär: - “Geljekde hem döwletimiz tarapyndan zenanlarymyzyň erkana, bagtyýar durmuşda ýaşamaklary we zähmet çekmekleri, bilim almaklary, hünär öwrenmekleri, hakyky watansöýüji nesilleri terbiýeleläp ýetişdirmekleri üçin ähli şertler we mümkinçilikler dörediler. Eziz enelerimiziň, mähriban uýalarymyzyň, hormatly gelin-gyzlarymyzyň bagtyýarlygy halkymyzyň, berkarar Watanymyzyň buýsanjydyr.” (“Türkmenistan” gazeti, 2013-nji ýylyň 8-nji marty). 2013-nji ýylyň 7-nji martynda gözel paýtagtymyz Aşgabatda Türkmenistanyň zenanlar birleşiginiň II gurultaýy geçirildi. Bu gurultaýa gatnaşyjylaryň hormatly Prezidentimize ýüzlenmesinde şeýle mähirli setirler bar: - “ Mähriban Arkadagymyz! Siziň başda durmagyňyzda döwletimizde halkymyzyň syýasy, durmuş, ykdysady we medeni ugurlarda hemmetaraplaýyn ösüşini üpjün etmek babatynda alnyp barylýan işleriňiz, kabul edilýän kanunlaryň, halkara hukuklaryna we düzgünlerine doly laýyk gelýändigine, biziň ýurdumyzda jemgyýetiň ilkinji, başlangyç esasy bolan maşgalanyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak meselelerini çözmeklige, eneligi we çagalygy goramaklyga, sagdyn nesli kemala getirmäge barha köp üns berilýändiginiň aýdyň mysalydyr. Ýurdumyzyň zenanlarynyň işine we durmuşyna döwlet derejesinde üns bermegiňiz, bize okamak, işlemek, ylym bilen meşgullanmak, asuda-abadan, eşretli durmuşda ýaşamak, mukaddes Watanymyzda kemally nesilleri ösdürip ýetişdirmek üçin ähli zerur şertleriň döredilýändigine şaýatlyk edýär. Hormatly Preizdentimiz, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Siziň türkmen zenanlaryna goýýan çäksiz hormatyňyz, ýurdumyzyň abraý-mertebesini türkmen topragynda bitirilýän beýik işler bilen ganatlanýar.” Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň II gurultaýyna gatnaşyjylaryň hormatly Prezidentimiziň adyna aýdylan mähirli we buýsançly sözlerine ýurdumyzyň ähli raýatlary hem tüýs ýürekden goşulýarlar we goldaýarlar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda her ýylyň 8-nji martynda şanly baýramy – gözelligi we ruhubelentligi, hoşniýetliligi we mähremligi, tebigatyň oýanmagyna hem-de durmuş şatlygyny beýan edýän halkara zenanlar güni dabaraly bellenip geçilýär. Paýtagtymyzda, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda, etraplarynda, şäherlerinde we obalarynda mähriban, söýülýän we söýýän enelerimize, mamalarymyza, gelin-gyzlarymyza we uýalarymyza bagyşlanan dabaralar bolup geçýär. Bu baýramçylyk dabarasynda hormatly Prezidentimiz döwletiň ýokary sylaglary – “Ene mähri” diýen hormatly ada mynasyp bolan köp çagaly enelere degişli döşe dakylýan nyşanlar we şahadatnamany, şeýle hem önümçilikde, ylymda, bilimde, saglygy goraýyşda çeken döredijilikli zähmeti, Watanymyzyň bähbidine netijeli zähmet çekendikleri üçin zenanlara “Zenan kalby” ordeni gowşurylýar. Soňky ýyllarda, ýagny 2014-2015-nji ýyllarda türkmen paýtagtynda ýokary amatlykly 13 gatly ýaşaýyş jaýyny ulanmaga beriş dabarasy bolup geçdi. Asylly däbe görä 8-nji mart Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen we terbiýelän enelere “Ene mähri” diýen hormatly ady dakmak, şeýle hem kärhanalaryň we edaralaryň zähmetkeş zenanlaryndan we mynasyp dynç alyşda bolýanlardan başlap, mekdep okuwçylaryna we çagalar bagynda terbiýelenýänlere, ýagny ýurdumyzyň ähli gelin-gyzlaryna pul sowgatlaryny gowşurmak dabarasynyň geçirilýändigini bellemek gerek. “Ene mähri” diýen hormatly ada mynasyp bolan köp çagaly eneler üçin birnäçe ýeňillikleriň bellenendigi has guwançlydyr. Ýöne, ilkinji nobatda, bu at ýokary tapawutlandyryş nyşanydyr, eneleriň jemgyýetimiziň we döwletimiziň öňünde bitiren we bitirýän hyzmatlarynyň, ajaýyp zenanlarymyzyň Watanymyzyň ösüşine we rowaçlygyna goşýan gymmatly goşantlarynyň aýratyn ykrar edilmeginň nyşanydyr. Türkmen zenanlarynyň hak howandary bolan Mähriban Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri mundan beýläkde rowaç bolsun! Aşyrgeldi Jumaýew Magtymguly adyndaky TDU-nyň raýat hukugy kafedrasynyň dosenti, ýuridik ylymlaryň kandidaty

Köneler, Publisist tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir