Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak, olara hormat goýmak we olary berjaý etmek işinde Türkmenistanyň halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýär. Türkmenistanyň Milli kanunçylygyna adam hukuklarynyň halkara kadalarynyň ornaşdyrylmagy, şeýle hem ýurdumyzyň möhüm halkara konwensiýalaryň birnäçesine goşulyşmagy munuň aýdyň subutnamalarydyr. Bu ugurda, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyga aýratyn üns berilýär. Halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça döwlet syýasatyny, şol sanda milli derejede halkara hukugynyň kadalaryny durmuşa geçirmek maksady bilen, Adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça Pudagara topary döredildi. Bu topar BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen netijeli işleri durmuşa geçirýär. Ýurdumyzyň döwlet edaralary we jemgyýetçilik guramalary Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan öňe sürülýän möhüm ählumumy wezipeler boýunça başlangyçlaryny durmuşa geçirmek maksady bilen BMG-niň düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. Şunuň bilen baglylykda, Pudagara topary BMG-niň Çagalar gaznasy hem-de BMG-niň Ilat gaznasy bilen bilelikde degişlilikde, Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 2016-2020-nji ýyllar üçin ýurt boýunça maksatnamasynyň hereketler meýilnamasy hem-de Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň Ilat gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 2016-2020-nji ýyllar üçin ýurt boýunça maksatnamasynyň Hereketler meýilnamasy taýýarlanyldy.2015-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisinde Hormatly Prezidentimiz gender deňligi boýunça aýratyn durup geçmek bilen, “Gender deňligi ählumumy ösüş strategiýasynyň esasy bölegi bolup durýar. Biz bu ugurda öz öňümizde belent maksatlary goýduk. Bu maksat ähli aýal-gyzlaryň doly gender deňligini gazanmakdan we olaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmekden ybaratdyr. Bu wezipäni ýerine ýetirmek biziň umumy borjumyz we bilelikdäki jogapkärçiligimiz bolup durýar ” diýip, belledi.Türkmenistan 2016-2018-nji ýyllar üçin BMG-niň gender deňligi, şeýle hem zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça edarasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlandy. Häzirki wagtda Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işleri baradaky Ýokary Komissarynyň Ýerine Ýetiriji Komitetiniň hemişelik agzasy bolup durýar. Şonuň netijesinde 1995-nji ýylda Aşgabat şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işleri baradaky Ýokary Komissarynyň Müdirliginiň wekilhanasy açyldy. Türkmenistan esasy halkara-hukuk resminamalaryna, şol sanda Bosgunlaryň hukuk ýagdaýy baradaky Konwensiýa we oňa Protokola goşulmak bilen, ýurdumyz öz üstüne alan borçnamalaryna, döwlet syýasatynyň binýadynda goýlan hakyky ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerýändigini iş ýüzünde tassyklaýar. Türkmenistanda Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara Federasiýasy bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýär. Halkara ynsanperwer hukugy boýunça Ženewa konwensiýalarynyň, bu ulgamda beýleki halkara şertnamalarynyň birnäçesiniň agzasy bolup, Bitarap Türkmenistan olardan çykýan wezipeleriň çözgüdini tapmaga yzygiderli üns berýär. Şu maksatlar bilen, 2016-2017-nji ýyllar üçin Halkara ynsanperwer hukugynyň ornaşdyrylmagy boýunça çäreleriň meýilnamasy taýýarlanyldy. Ruslan Jumaýew, Türkmenistanyň Daşaryu işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.

Köneler, Publisist tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir