Şu ýylyň iýul aýynyň başyna «Çalyk enerji» türk kompaniýasy tarapyndan Türkmenistanyň gündogar sebitinde potratçy «Jeneral elektrik» amerikan kompaniýasynyň döwrebap enjamlary oturdylyp, ýyllyk kuwwatlylygy 254 mWt bolan «Watan» diýilip atlandyrylýan täze gaz turbinaly elektrik stansiýasyny işe girizildi. «Watan» elektrik stansiýasy, Lebap welaýatynda soňky 2 ýylyň içinde gurulan gaz turbinaly elektrostansiýalaryň ikinjisi bolup, birinji elektrostansiýa 2014-nji ýylda Türkmenabadyň eteginde gurulyp, içerki sarp edijileri elektroenergiýa bilen doly kanagatlandyrdy. 2016-njy ýylyň aýagyna çenli «Watan» elektrik stansiýasynda öndüriljek togyň 70%-den gowragyny Owganystan Yslam Respublikasyna täze 500 kW elektrik geçirijisi arkaly eksport etmek meýilleşdirýär. Şeýle-de, Türkmenistan tarapyndan OYR-nyň üsti bilen Täjigistana elektroenergiýany eksport etmegiň üstünde işlenilýär we bu babatda goňşy ýurtlar bilen gepleşikler alyp barýar. Şonuň ýaly-da, häzirki döwürde Ýaponiýanyň iri kompaniýalary öz maýa goýumlarynyň hasabyna Türkmenabat şäheriniň eteginde diňe eksporta niýetlenen kuwwatlylygy ýylda 400 mWt bolan gaz turbinaly elektrik stansiýasyny gurmak barada Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen gepleşikleri geçirýärler. Türkmenistan tarapyndan elektrik energiýasyny eksport etmek boýunça halkara başlangyçlary, şol sanda «Türkmenistan-Owganystan-Päkistan» elektrik geçirijisiniň taslamasy hem Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy we abadançylygy berkitmäge we cdürmäge gönükdirilendir.

Köneler, TDUgulya tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir